Daşkent häkimligi, adatdan daşary sowuk howa sebäpli, paýtagtyň banket zallarynda ilata mugt palaw hödürlemäge başlady diýip, paýtagt administrasiýasynyň metbugat gullugy habar berdi.
Mugt palaw 12-16-njy ýanwar aralygynda berler we düýn özbek paýtagtynyň bäş banket zalynda ilata mugt palaw berildi.
Häkimligiň Telegram kanaly palaw bişirilýän banket zallarynyň sanawyny çap edip, palawyň beriljek sagatlaryny habar berdi.
Habarda aýylmagyna görä, palaw ilatyň eli ýuka bölegine, jemgyýetçilik hyzmatlarynyň işgärlerine we ýollarda nobatçylyk çekýän garawullara berilýär.
Emma häkimligiň metbugat gullugy her banket zalynda näçe kilogram palawyň bişiriljekdigini we naharyň nähili tertipde paýlanjakdygyny anyklaşdyrmady.
Mundan başga, paýtagt administrasiýasy bäş günläp paýlanjak mugt palaw üçin bölünip berlen serişde barada maglumat çap etmedi.
Ýurduň howa gullugynyň maglumatyna görä, 10-njy ýanwardan başlap Özbegistanda howanyň temperaturasy gijelerine -17 derejä çenli aşak gaçdy.