Russiýanyň Samara sebitiniň ýaşaýjylary 3-nji ýanwarda Ukrainanyň iň ganly goranyş zarbalarynyň birinde, Donetsk sebitinde öldürilen ildeş esgerleriniň ýasyny tutmaga ýygnandylar, Moskwa öz jübi telefonlaryny ulanandyklaryny aýdyp, ukrain hüjüminde wepat bolan esgerleriň özlerini günäkärledi. Sebäbi Ukrainanyň rus esgerleriniň ýerleşýän ýerlerini olaryň ulanan jübi telefonlary arkaly kesgitläp biljekdigi aýdylýar.
Russiýanyň Goranmak ministrligi Ukrainanyň 31-nji dekabrda Moskwanyň gözegçiligindäki Makiýiwka şäherine eden artilleriýa hüjüminde 89 esgeriň öldürilendigini habar berdi.
Ministrlik bir gün öň Donetsk sebitine urlan ukrain zarbasynda ölenleriň sanyny 63 diýip görkezipdi. Ukrain goşuny bu hüjümde 400 töweregi rus esgeriniň öldürilendigini ýa-da ýaralanandygyny habar berdi. Käbir çeşmeler sosial mediada pidalaryň sanynyň has kän bolandygyny aýtdy.
Azatlyk Radiosy iki tarapyň berýän maglumatlaryny garaşsyz ýagdaýda tassyklap bilmeýär.
Uruş döwründe beren maglumatlary esasan ygtybarly bolan rus harby blogçylary bu hüjümde esgerleriň ýerleşýän desgasyna ýakyn ýerde saklanýan ok-därileriň ýarylandygyny we bu ýagdaýyň köp adamyň ölümine sebäp bolandygyny aýtdylar.
Russiýanyň Goranmak ministrligi 3-nji ýanwarda Ukrainanyň rus esgerleriniň ýerleşýän ýerini olaryň jaň etmek üçin ulanan jübi telefonlary arkaly anyklandygyny öňe sürdi, ýöne analitikler munuň birnäçe düşündirişiň diňe biri bolup biljekdigini aýtdylar.
Makiýiwkada ölenleriň köpüsi Russiýanyň günorta-günbataryndaky Samara sebitinden mobilizlenen esgerlerdi.
3-nji ýanwarda birnäçe ýüz adam sebitiň Samara diýlip atlandyrylýan paýtagtynda prawoslaw hatyra hyzmatlaryna ýygnandy we şäheriň esasy uruş ýadygärliginiň öňünde gül çemenlerini goýdy.
Şuňa meňzeş hatyra çäreleri sebitiň beýleki şäherlerinde-de geçirildi.
“Gadyrly dostlar, maňa gürlemek gaty kyn düşýär. Men üç günläp uklamadym, Samara üç günläp ýatmady" diýip, Samarada resmi taýdan rugsat berlen ýygnanyşyga gatnaşýanlaryň ýolbaşçysy, esger ejeleri we aýallary geňeşiniň başlygy Ýekaterina Kolotowkina aýtdy.
Samarada köp adam mobilizlenen garyndaşlarynyň ykbalyndan habarsyz, olara näme bolanyny bilmeýär diýip, maşgala agzalarynyň biri AÝ/AR-a adynyň aýdylmazlygy şerti bilen aýtdy.
Samaranyň gubernatory Dmitriý Azarow 3-nji ýanwarda, aman galanlara berilmeli lukmançylyk kömegini we beýleki kömekleri utgaşdyrmak üçin, Goranmak ministrliginiň resmileri bilen duşuşdy.
Makiýewkadaky partlama bu ýere jemlenen rus esgerleriniň köpüsini esasy zerurlyklaryndan hem mahrum etdi we bu ýagdaý samara resmileriniň we esger hossarlarynyň ilatdan jorap, içki eşik, aýakgap we ellik ýaly zatlaryň toplanmagyna çagyrmagyna sebäp boldy.
Azarowyň edarasy öldürilenleriň köpüsiniň ýakynda mobilizlenen adamlar bolandygy baradaky habarlary ret etdi.
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň sentýabr aýynda umumy mobilizasiýa yglan etmek barada gelen karary düýpden halanmady we harby ýaşdaky erkekleriň köpçülikleýin başga ýerlere göçmegine sebäp boldy. Eger-de Makiýewkada öldürilenler mobilizlenen adamlar bolsa, bu Kremliň raýatlary täzeden harby gulluga çagyrmak synanyşyklaryna bildirilýän garşylygy has-da güýçlendirip biler.
Bu hüjüm fewral aýynda başlanan urşuň dowamynda Ukrainanyň amala aşyran iň ganly hüjümleriň biri boldy. Putin bu ýagdaýa entek hiç düşündiriş bermedi.
Pikirini aýdýanlaryň käbir Russiýanyň harby ýolbaşçylaryny HIMARS-laryň, ABŞ-nyň berýän ýokary çeýelikli artilleriýa ulgamlarynyň ýetýän aralygynda şeýle köp esgeri bir ýere toplandyklary üçin tankyt edýär.
Açyk çeşme aňtaw firmasynyň, "Konflikt aňtaw toparynyň" esaslandyrjysy Ruslan Lewiýew Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Ukrainanyň ýaragly güýçleriniň rus goşunlarynyň Makiýewkdäki ýerini nädip anyklandygy belli däl diýdi.
Ol bu maglumatyň Ukrainanyň Kiýewdäki hökümeti goldaýan ýerli ýaşaýjylar tarapyndan hem berlip bilinjekdigini, ýa-da onuň ýörite gulluklaryň hem işi bolup biljekdigini aýtdy.
Ýöne Lewiýew rus esgerleriniň sosial mediada surat paýlaşmak ýa-da öýlerine jaň etmek üçin ulanýan telefonlary arkaly hem öz ýerleşýän ýerlerini aýan edip biljekdigini aradan aýyrmady.
Mundan başga, ukrain goşuny 3-nji ýanwar güni giçlik Russiýanyň Kreminna-Swatowa ugrundaky iki sany ok-däri ammaryny we ýangyç-çalgy ýag ammaryny ýumrandygyny aýtdy.
Ukrain goşunynyň Gündogar güýçleriniň metbugat sekretary Serhiý Çerewati muny "duşman ammarlarynyň we serkerde postlary logistikasynyň yzygiderli ýok edilmeginiň" bir bölegi hökmünde häsiýetlendirdi.
Rus goşunlary öz güýçlerini Kreminna-Swatowa tarap ugrukdyrýarlar we inženerçilik desgalaryny enjamlaşdyrmaga synanyşýarlar, emma bu ýerdäki inisiatiwa we ýagdaýa gözegçilik şindem Ukraina tarapynda" diýip, Çerawati aýtdy.
Russiýa şu aralykda paýtagt Kiýewde we beýleki şäherlerde raýat nyşanalaryna urýan howa zarbalaryny güýçlendirene meňzeýär.
Rus goşuny 3-nji ýanwar güni giçlik Zaporižýanyň etegine raketa hüjümini etdi diýip, sebit gubernatory Oleksandr Staruh aýtdy.
Zaporižýa şäherine 15 töweregi rus raketasy gelip düşdi, olar raýat desgasynda dörän ýangyna we bir adamyň ýaralanmagyna sebäp boldy diýip, Staruh Telegramda ýerleşdiren ýazgysynda aýtdy.