Moskwa duldegşir goňşusyna garşy 10 aýdan gowrak wagt bäri alyp barýan urşunyň dowamynda iň agyr howa hüjümlerininiň birini amala aşyranyndan bir gün soň, Kiýewe hem-de beýleki şäherlere tarap ýene bir tapgyr dron uçurdy. Bu dronlar 30-njy dekabr güni irden howa hüjümi signallarynyň aldygyna işlemegine sebäp boldy.
Howa goranyşy rus güýçleriniň Kiýewe hem-de beýleki şäherlere tarap uçuran "Şahid" uçarlarynyň “ählisini”, Eýranda öndürilen 16 drony urup ýykdy diýip, ukrain resmileri harbylara salgylanyp aýtdy.
"29-30-njy dekabr gijesi duşman Eýranda öndürilen kamikadze pilotsyz uçarlary bilen hüjüm etdi" diýip, Ukrainanyň howa güýçleriniň 30-njy dekabrda eden beýanatynda aýdylýar.
Kiýew ýedi sany pilotsyz uçar bilen nyşana alyndy diýip, şäher häkimi Witali Kliçko aýtdy. Onuň sözlerine görä, pilotsyz uçarlaryň ikisi "paýtagta ýakynlaşanda" atylyp ýykyldy, beýleki bäş dron bolsa şäheriň üstüne gelende urlup gaçyryldy.
Ol pida bolanyň ýokdugyny, ýöne ýokardan gaçan galyndylaryň şäheriň günorta-günbataryndaky iki binanyň penjirelerine zeper ýetirendigini aýtdy.
Kiýewiň Holosiiw etrabyndaky dolandyryş binasy bölekleýin ýykyldy diýip, harby häkimiýetler aýtdy.
Bu reýd rus güýçleriniň bir gün ozal ukrain şäherlerine uran agyr zarbalarynda azyndan üç adam wepat bolanyndan bir gün soň geçirildi.
Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski rus raketalarynyň köp sebiti doňduryp gelýän sowuk howada elektriksiz goýandygyny aýtdy.
"Kiýew sebitinde we paýtagtda, Lwow sebitinde, Odesada we sebitde, Hersonda we sebitde, Winnitsiýa sebitinde we Transkarpatiýada ýagdaý has kynlaşdy" diýip, Zelenski 29-njy dekabrda eden agşamky wideo ýüzlenmesinde aýtdy.
Russiýanyň soňky aýlarda uran zarbalarynda raýat infrastrukturasynyň nyşana alynmagy bilen, Ukrainanyň millionlarça adamy gyş şertlerinde elektriksiz, ýyladyşsyz we suwsuz galdy.
Zelenski, gündogar Donetsk sebitinde barýan söweşleriň dartgynlylygy sebäpli, front liniýasyndaky ýagdaýlarda düýpli üýtgeşmeleriň bolmandygyny aýtdy.
"Duşman Donetsk sebitini basyp almak baradaky dälişge pikirinden el çekmeýär. Indi olar öz öňlerinde Täze ýyl üçin borçnama goýýarlar" diýip, prezident aýtdy.
NATO-nyň Baş sekretary Jens Stoltenberg Germaniýanyň habar gullugy dpa bilen söhbetdeşlikde bileleşigiň agzalaryny Ukraina has köp ýarag kömegini bermäge çagyrdy we "Ukrainanyň ýeňiş gazanmagyny üpjün etmek biziň ählimiziň howpsuzlyk bähbitlerimize gabat gelýär" diýdi.
"Munuň paradoks ýaly bolup görünmegi mümkin, emma Ukraina harby goldaw berilmegi parahatçylyk gazanmagyň iň çalt ýoludyr. Uruşlaryň köpüsiniň gepleşik stolunyň başynda tamamlanýandygyny bilýäris, belki, bu uruş hem şeýle tamamlanyp biler, emma Ukrainanyň bu gepleşiklerde gazanyp biljek zatlary harby ýagdaý bilen aýrylmaz baglanyşykly bolup durýar” diýip, ol aýtdy.
Stoltenberg Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň urşuň baş maksadyny - "Ukrainany gözegçilige almak" baradaky pikirini üýtgedendigini aňladýan hiç bir alamat görkezmeýändigini, "uzak urşa we täze rus hüjümlerine taýýarlyk görülmegini" zerur edendigini aýtdy.
“Biz Russiýa kembaha garamaly däl” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň baş ştaby 30-njy dekabrda rus güýçleriniň soňky 24 sagadyň dowamynda 85 raketa atandygyny, howadan 35 zarba urandygyny, tapgyrlaýyn raketa ulgamlary arkaly 63 zarba urandygyny aýtdy.
Bu aýdylýanlar garaşsyz ýagdaýda tassyklanyp bilinmedi.