Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski ýakyn wagtda Werhowna Rada (Ukrainanyň parlamentine) Ukrainanyň daşarky we içerki ýagdaýlary barada ýyllyk ýüzlenmesini etjekdigini aýtdy we, gijeki wideo çykyşynyň dowamynda ukrainlere şu hepdäniň ýurt üçin syýasy taýdan has möhüm boljakdygyny duýdurdy.
Zelenski 27-nji dekabrda eden çykyşynda bu hepdäniň "Ukraina üçin syýasy nukdaýnazardan möhüm" boljakdygyny aýtdy we, täze ýylyň başlanmagy bilen, ukrainalylaryň "milli maksatlar babatyndaky umumy düşünjä eýermegi dowam etdirmelidigini" nygtady.
Bular Ukrainanyň territoriýasyny Russiýadan azat etmegi, Ukrainany täzeden gurmagy we ukrainalylaryň watanyna gaýdyp gelmegini hem öz içine alýar diýip, Zelenski belledi.
Ol 27-nji dekabrda ukrain goşunynyň indiki ýyl üçin hereket tutumlaryny we Kreminnadaky we Bahmutdaky ýagdaýy ara alyp maslahatlaşmak üçin ýygnak geçirendigini aýtdy.
Şeýle-de, Zelenski Ukrainanyň bank ulgamy bilen Halkara pul gaznasynyň (HPG) arasyndaky hyzmatdaşlyk barada geçiren duşuşygy, Italiýanyň premýer-ministri we “BlackRock” maýa goýum gaznasynyň başlygy bilen geçiren gepleşikleri barada hasabat berdi.
"Ösen ýurtlaryň biznesleriniň biziň ýeňşimize ynanýandygyna we biziň täzeden gurulmagymyza maýa goýmaga taýýardygyna ýene bir tassyklama aldym" diýip, Zelenski aýtdy.
Italiýanyň premýer-ministri Jorjiýa Meloni öz hökümetiniň Ukraina "doly goldaw berýändigini" tassyklady diýip, onuň edarasy aýtdy. https://www.governo.it/en
"Prezident Meloni Italiýanyň hökümetiniň syýasy, harby, ykdysady we ynsanperwer ugurlarda we energiýa infrastrukturasyny dikeltmekde, Ukrainanyň geljekde täzeden gurulmagy meselesinde Kiýewi doly goldaýandygyny aýtdy" diýip, beýanatda bellenilýär.
Zelenski 27-nji dekabrda ýazan twitinde oktýabr aýynda işe başlan Melonä Ukraina bildirýän "raýdaşlygy we hemmetaraplaýyn goldawy", şol sanda hökümetiň 10 million ýewro möçberinde beren kömegi üçin minnetdarlyk bildirdi.
Şeýle-de ol Italiýanyň Kiýewi howa goragy ulgamlary bilen üpjün etmegi göz öňünde tutýandygyny aýtdy.
Zelenski Ukrainanyň günbatar ýaranlaryndan rus çozuşyna garşy durmak tagallalaryna kömek berilmegi üçin köp sanly ýarag we howa goranyş ulgamyny soraýar.
Italiýanyň mundan öňki administrasiýasy Kiýewe, harby üpjünçilik bilen bilelikde, bäş sany kömek bukjasyny iberdi we Meloniniň hökümeti indi berilmeli altynjy bukjanyň üstünde işleýär.
Meloniniň edarasy Moloniniň Kiýewe sapar etmek niýetini hem tassyklady we Zelenskini Rime çagyrdy.
Zelenski özüniň gijeki çykyşynda Ukrainanyň Şweýsariýanyň Dawos şäherinde geçirilýän ýyllyk Bütindünýä ykdysady forumyna gatnaşmaga we ol ýerde öz pozisiýasyny hem-de gelejek üçin tutumlaryny gürrüň bermäge taýýardygyny aýtdy.
Söweş meýdanyndan gelýän habarlarda rus goşunlarynyň gündogar Ukrainanyň Bahmut we Awdiýiwka şäherlerine ýene-de hüjüm edendigi aýdylýar. Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň baş ştaby 27-nji dekabrda ol hüjümleriň güýçli artilleriýa ody bilen goldanylandygyny habar berdi.
Rus goşunlary soňky 24 sagadyň dowamynda ukrain pozisiýalaryna we ilatly ýerlere iki sany raketa zarbasyny urdy, 44 sany raketa hüjümini amala aşyrdy diýip, Baş ştab Russiýanyň Donetskdäki hüjüminiň merkezi bolan Bahmutyň we Awdiýewkanyň töwereginde ýerleşýän 25 obanyň oka tutulandygyny aýtdy.
Donetskden başga, gündogardaky Luhansk we Harkow sebitleri hem ruslaryň yzygiderli bombalaýan nyşanalary bolup durýar.
Harbylar günortadaky Herson sebitinde hem, Dnipro derýasynyň sag kenaryndaky ilatly ýerleriň topa tutulýandygyny aýdýarlar.
Ukrain güýçleri rus güýçleriniň hüjümlerine Zaporižiýa sebitinde, Nowobylozerkanyň golaýynda ýerleşýän rus pozisiýalaryna hüjüm etmek bilen jogap berdiler diýip, harbylar aýtdy.
Russiýanyň harbylary Hersondan Harkiw şäherine çenli aralyga uzaýan front pozisiýalarynda bolan artilleriýa söweşleri wagtynda ukrain esgerlerine düýpli ýitgi çekdirendiklerini aýtdylar.
Gündogar Ukrainanyň Donetsk şäheriniň töweregindäki söweşlerde 60-a golaý ukrain esgeri öldürildi diýip, TASS habar gullugy Russiýanyň Goranmak ministrligine salgylanyp aýtdy. Luhansk sebitinde edilen artilleriýa hüjüminde 30-a golaý ukrain esgeri öldürildi diýip, ministrlik aýtdy.
Söweş meýdanynda gazanylandygy aýdylýan üstünlikler baradaky habarlary garaşsyz ýagdaýda tassyklamak mümkin bolmady.
Angliýanyň Goranmak ministrligi biraz öň çap eden gündelik habarynda soňky iki günde Donetsk bilen Luhanskyň Russiýanyň iň güýçli hüjümlerine sezewar bolandygyny, ýöne olarda göze görnüp duran üstünligiň gazanylmandygyny aýtdy.
"Soňky 48 sagadyň dowamynda söweşler Donetsk sebitiniň Bahmut sektoryna we Luhanskdaky Swatowyň töweregine gönükdirilen bolmagynda galdy, Russiýa bu ýerlerde ýygy-ýygydan edýän kiçi göwrümli hüjümlerini dowam etdirýär" diýip, britan aňtaw gullugy özüniň Twitterde ýerleşdiren habarynda aýtdy.