Ukrainanyň daşary işler ministri Dmitro Kuleba öz hökümetiniň fewral aýynyň aýagynda BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterrişiň araçylyk etmeginde parahatçylyk sammitini geçirmegi maksat edinýändigini aýtdy.
"Russiýa bu hili sammite diňe uruş jenaýaty tribunaly bilen ýüzbe-ýüz bolan halatynda çagyrylyp bilner" diýip, Kuleba aýtdy.
Ol bir gün öň Kiýewiň Ukrainanyň raýat desgalaryna dowamly zarba urýan Russiýanyň BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň hemişelik agzalygyndan çykarylmagyna çagyrjakdygyny aýtdy.
BMG bu sammitiň geçirilmegi üçin iň amatly ýer bolup biler, sebäbi bu ýerde gürrüň haýsam bolsa bir ýurda gol ýapmak barada barmaýar" diýip, Kuleba AP habar gullugyna beren interwiýusynda aýtdy.
Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Kiýewiň Moskwanyň "ýaragsyzlanmak" we "denazizasiýa" baradaky tekliplerini bilýändigini aýtdy.
TASS-yň maglumatyna görä, Lawrow “olary ýa Ukraina ýerine ýetirmeli bolar, ýa-da bu mesele Russiýanyň harbylary tarapyndan çözüler” diýdi.
Kuleba diplomatiýanyň konfliktiň soňlanmagynda elmydama möhüm rol oýnaýandygyny sözüne goşdy we, netijeli araçydygyny, "prinsipial we dogruçyl adamdygyny" subut edendigi sebäpli, Ukrainanyň Guterrişiň gatnaşmagyny goldaýandygyny aýtdy.
Şeýle-de, Kuleba Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň we beýleki rus resmileriniň Moskwanyň gepleşiklere taýyndygy barada aýdan sözleriniň kän bir ähmiýetiniň ýokdugyny ýaňzytdy.
Dmitro Kuleba
"Olar özleriniň gepleşiklere taýýardyklaryny yzygiderli aýdyp gelýärler, emma bu dogry däl, sebäbi olaryň söweş meýdanynda edýän zatlarynyň ählisi bu aýdylýanlaryň tersini görkezýär" diýip, ol AP habar gullugyna aýtdy.
Putin 25-nji dekabrda Russiýanyň döwlet telewideniýesinde berlen çykyşynda özüniň Ukrainadaky urşy bes etmek üçin geçirilmeli gepleşiklere açykdygyny aýtdy, ýöne ol ukrainleriň bu hili ädim ätmekden ýüz öwürýändigini öňe sürdi.
Zelenski dekabr aýynyň başynda Ukrainanyň 2023-nji ýylda parahatçylyk formulasyny durmuşa geçirmäge gönükdirilen sammite başlamagy meýilleşdirýändigini aýtdy. Zelenski bu formulany ozal, noýabr aýynda G20 sammitiniň garamagyna hödürläpdi.
10 punktly formula Ukrainanyň territorial bitewiligini dikeltmegi, rus goşunlarynyň çykarylmagyny, tussaglaryň ählisiniň boşadylmagyny, agressiýa jogapkärleri üçin tribunaly we Ukraina üçin howpsuzlyk kepilliklerini öz içine alýar.
Kuleba 25-nji dekabrda telewideniýede eden çykyşynda Kiýewiň, Ukraina garşy alyp barýan urşunda raýat infrastrukturasyna edýän dowamly hüjümleri sebäpli, Russiýanyň Howpsuzlyk geňeşiniň hemişelik agzalygyndan çykarylmagy baradaky pozisiýasyny 26-njy dekabrda, resmi taýdan beýan etjekdigini aýtdy.
"Bizde örän ýönekeý bir sorag bar: Russiýanyň BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň hemişelik agzasy bolmaga we aslynda Birleşen Milletler Guramasynda bolmaga hukugy barmy?" Kuleba bu soraga: "Bizde ynandyryjy we esasly jogap bar - ýok, beýle däl" diýip jogap berdi.
Kuleba Russiýanyň Howpsuzlyk geňeşindäki weto hukukly hemişelik ornuny saklamagyny dowam etdirmegi baradaky meseläniň BMG-nyň diplomatiýa toparlarynda eýýämden ara alnyp maslahatlaşylýandygyny hem öňe sürdi.
Russiýa, Birleşen Ştatlar, Angliýa, Fransiýa we Hytaý bilen bilelikde, Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk geňeşiniň hemişelik bäş agzasynyň biri bolup, islendik karara weto goýmak hukugyndan peýdalanýar.
15 orunly halkara guramasy global krizislere garşy göreşmek, çözgüt tapmak üçin, harby herekete rugsat bermek, BMG-nyň Düzgünnamasyna girizilýän üýtgetmeleri tassyklamak we aýry-aýry döwletlere garşy sanksiýa girizmek ýaly, bir topar jeza çäresini hem görüp biler.
Russiýa indi birnäçe hepde bäri, temperaturanyň peselmegi bilen, Ukrainadaky suw we elektrik desgalaryny nyşana alyp, halkara kanunçylygyny bozmakda aýyplanýar.
Kiýew raketa we pilotsyz uçarlar arkaly amala aşyrylan hüjümleri gyş aýlarynda parahat ilaty ýylylykdan mahrum etmek we ukrain halkyny ruhdan düşürmek üçin niýetlenen "energiýa terrorçylygy" diýip atlandyrdy.
Bu hüjümler 26-njy dekabrda hem dowam etdirildi.
Rus güýçleri Ukrainanyň gündogaryndaky Bahmut we Awdiýwka şäherlerine täze hüjümleri amala aşyrdy diýip, Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň baş ştaby 27-nji dekabrda, irden geçirilen metbugat ýygnagynda aýtdy; prezident Wolodymyr Zelenski Moskwanyň elektrik we raýat infrastrukturasyna uran ýykgynçylykly zarbalaryndan soň millionlarça parahat ýaşaýjynyň garaňkylykda we sowukda galýandygyny aýtdy.
Rus goşunlary soňky 24 sagadyň dowamynda ukrain pozisiýalaryna we ilatly ýerlere iki sany raketa zarbasyny urdy, Russiýanyň Donetskdäki hüjüminiň merkezi bolan Bahmutyň we Awdiýewkanyň töwereginde ýerleşýän 25 oba 44 sany raketa hüjümi edildi diýip, baş ştabyň beren maglumatynda aýdylýar.
Donetskden başga, Luhansk we Harkow sebitleri hem rus bombalarynyň yzygiderli nyşana alan ýerleri boldy.
Ruslar günortadaky Herson sebitinde Dnipro derýasynyň sag kenaryndaky ilatly ýerleri bombaladylar diýip, harbylar aýtdy.