Dünýä Türkmenleriniň geçen sany türkmen milli el işleriniň ÝUNESKO sanawyna girizilmegi we keşdeçilik sungatynyň milli medeniýetdäki orny barada söhbet açdy.
Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy, synçy we medeniýeti öwreniji Hudaýberdi Hally Dünýä Türkmenlerine beren interwýusynda inçe sungatyň milli medeniýet bilen gatnaşygyny seljerdi, türkmenlere mahsus keşdeçiligiň milli medeniýeti şöhlelendirişi barada gürrüň berdi.
Şeýle-de, türkmen ýazyjysy milli amaly-haşam sungatynyň hatarynda halyçylyk sungatynyň aýratynlyklary we özboluşlylygy barada diňleýjilerimize gürrüň berdi.
Dünýä Türkmenleriniň nobatdaky sany keşdeçilik sungatynyň milli medeniýetdäki orny baradaky söhbet bilen dowam edýär.
Gepleşigi aşakdaky düwmä basyp, diňläp bilersiňiz!
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Türkmen el işleriniň ÝUNESKO sanawyna goşulmagy we keşdeçiligiň milli medeniýetdäki orny (2-nji bölüm)