Russiýanyň güýçleri Ukrainanyň gündogaryndaky Donetsk regionynyň Bahmut we Awdiýiwka ugurlary boýunça özleriniň rehimsiz zarbalaryny artdyrdylar diýip, ukrain harbylarynyň Baş harby ştaby 15-nji dekabrda mälim etdi. Bu aralykda, Moskwa gündogar front liniýasynyň ähli ugry boýunça hüjümlerini dowam etdirýär, şeýle-de günortadaky Herson şäherine heläkçilikli zarbalary ýagdyrýar. Mundan öň, rus goşunynyň dronlar bilen Kiýewe amal eden hüjümi aglaba şowsuz boldy.
Baş harby ştab russiýalylaryň Harkow regionynyň gündogaryndaky Kupýansk sebitinde, şeýle-de günorta-gündogardaky Zaporižýa şäherinde özleriniň taktiki pozisiýalaryny durnuklaşdyrjak bolýandyklaryny aýdýar.
“Duşman Donetsk regionynyň raýat maksatly desgalaryna garşy 31 howa hüjümini, sekiz raketa zarbasyny, şeýle-de raketa ulgamlary bilen 61 urgyny amala aşyrdy” diýip, Baş harby ştab mälim etdi. Ukrain harbylary rus güýçleriniň ýurduň ähli künjegindäki raýat maksatly desgalary nyşana almak ähtimallyklarynyň ýokarydygyny hem bellediler.
14-nji dekabrda Russiýanyň dronlar bilen Kiýewe eden hüjüminde iki administratiw bina zeper ýetdi, emma olaryň aglabasy ukrain howa goranyş ulgamlary tarapyndan urlup düşürildi. Bu aralykda, Russiýa ýakynda ukrainalylar tarapyndan azat edilen Herson şäherine zarba urup, iki adamy, ýagny bir aýal bilen sekiz ýaşly oglany öldürdi.
Moskwanyň frontuň tutuş liniýasy boýunça hüjümlerini dowam etdirýän, şeýle-de raýat maksatly desgalary nyşana alýan döwri, Ukrainanyň daşary işler ministri Dmytro Kuleba ýanwaryň aýagyna ýa-da fewralyň başlaryna rus güýçleriniň “uly hüjüme geçmek mümkinçiliklerini täzeden ýola goýup biljekdigini” duýdurdy.
“Olar entegem biziň goranyş liniýamyzy böwsüp, Ukrainanyň has içine girip biljekdigine umyt edýärler” diýip, Kuleba Kiýewiň bomba penahanasynda daşary ýurtly žurnalistlere gürrüň berdi.
Kuleba Russiýanyň entegem Ukrainanyň topraklarynyň uly bölegini basyp almak isleýändigine güwä geçýän yşaratlaryň bardygyny aýtdy, şeýle-de Moskwanyň giň gerimli zarbalarynyň “tutuş ýurdy front liniýasyna” öwürendigini belledi.
Hüjümleriň soňky tolkuny, ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenskiniň Kiýewiň has döwrebap we has kuwwatly howa hüjüminden goranyş ulgamlaryny edinmek ugrunda tagalla edýändigi we bu ugurda möhüm öňegidişlikleri gazanandygy baradaky bellikleriniň yzýanyna gabat geldi.
Mundan öň, ençeme habar serişdeleri, ABŞ-nyň ýokary derejeli bir resmisine salgylanyp, Waşingtonyň Ukraina üçin “Patriot” howa hüjüminden goranyş ulgamlaryny ugratmak meselesine 15-nji dekabrda garap biljekdigi barada habar berdiler.
Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskow, Russiýanyň Ukraina hüjüm etmeginden 10 aý geçenden soň, 14-nji dekabrda çykyş edip “Roždestwo mynasybetli ok atyşlyklary bes etmegiň” göz öňünde tutulmaýandygyny aýtdy. Ol Russiýanyň “Patriot” ulgamlaryny kanuny nyşan hökmünde hasaplajakdygyny hem sözüne goşdy.
Russiýanyň fewralda Ukrainada esassyz çozmagyndan bäri onlarça müň adam öldi, millionlarça ýaşaýjy öýlerini terk etmeli boldy, şeýle-de şäherdir obalar ýer-ýegsan edildi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.