Russiýa Ukrainanyň gündogarynda hüjümlerini ýaýbaňladýar, ABŞ Kiýew üçin täze harby hemaýaty taýýarlaýar

Ukrain güýçleri Russiýanyň Luhansk we Donetsk regionlaryna eden onlarça hüjümini yza tesdirdiler.

Russiýanyň güýçleri Ukrainanyň gündogar sebitlerinde front liniýasynyň ähli ugry boýunça hüjüm edýärler diýip, Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň Baş harby ştaby 9-njy dekabrda mälim etdi.

Bu aralykda, ABŞ resmileri Waşingtonyň Ukraina üçin ýene $275 millionlyk harby hemaýaty taýýarlaýandygyny aýdýarlar. Onuň düzüminde dronlara garşy durmak üçin täze mümkinçilikleri berýän, şeýle-de howa hüjüminden goranyş ulgamlaryny kuwwatlandyrmaga niýetlenen serişdeler hem bar.

Baş harby ştabyň ýaýradan gündelik soňky maglumatyna görä, ukrain güýçleri Russiýanyň Luhansk regionyndaky Bilohorýiwka sebitine, şeýle-de Donetsk regionynyň Klişçýiwka we Marynka ugurlary boýunça eden onlarça hüjümini yza tesdiripdirler.

“Soňky bir günüň dowamynda duşman bäş raketa hüjümini we üç howa zarbasyny, şeýle-de raketa ulgamlary bilen 54 zalpy atdy” diýip, harbylar belledi.

Maglumatda russiýalylaryň Ukrainanyň onsuz hem uly zyýan çeken energiýa infrastrukturasyna, howanyň has hem sowamagy bilen, howp abandyrmagyny dowam etdirýändigi bellenilýär.

Donetskiň regional häkimi Pawlo Kyrylenkonyň telewideniýe arkaly beren maglumatynda sebitiň Bahmut we Awdiýiwka şäherlerinde agyr çaknyşyklaryň alnyp barylýandygy nygtalýar.

Bahmutyň günorta-günbataryndaky Toretsk şäherine atylan artilleriýa zarbalarynyň netijesinde parahat ilatyň arasyndan bir adam öldi, şeýle-de 12 bina weýran edildi diýip, Kyrylenko belledi.

“Frontuň ähli liniýasy boýunça zarba urulýar” diýip, Kyrylenko aýtdy, şeýle-de russiýalylaryň golaýdaky Lyman ugry boýunça hem ilerlemäge synanyşýandyklaryny sözüne goşdy. Ukraina bu şäheri rus basybalyjylaryndan geçen aý azat edipdi.

Mundan başga-da, ýakynda azat edilen Herson şäheri rus zarbalarynyň nobatdaky tolkunyna duçar boldy. Bu barada habar berýän Herson regionunyň geňeşiniň başlygynyň orunbasary Ýuriý Sobolewskiý, soňky zarbalaryň energiýa we raýat maksatly desgalary nyşana alandygyny belledi.

“Öten gije Hersonda rahatsyz boldy. Duşmanyň hüjümleriniň sesleri ähli ýerde eşidilýärdi” diýip, Sobolewskiý 9-njy dekabrda Telegram kanalynda ýazgy galdyrdy.

Bu aralykda, Waşington Birleşen Ştatlaryň Ukraina üçin goşmaça $275 millionlyk harby hemaýaty taýýarlaýandygyny mälim etdi. Onuň düzümine köp sanly ok-däriler, şeýle-de dronlary ýüze çykarmak we zyýansyzlandyrmak üçin tehniki serişdeler hem girýär.

Russiýanyň soňky aýlaryň dowamynda dronlar we raketalar bilen Ukrainanyň infrastruktura desgalaryny nyşana almagy netijesinde, millionlarça adam barha sowaýan howa şertlerinde toksuz, suwsuz galdy, galyberse-de ýyladyş ulgamlary işlemegini bes etdi.

NATO-nyň baş sekretary Ýens Stoltenberg Russiýanyň harby hereketleriniň geriminiň gowşaýandygyna, şeýle-de onuň toparlanyp, howanyň maýlan mahaly täze hüjüme geçmäge taýýarlyk görýäne meňzeýändigini aýtdy.

Emma rus prezidenti Wladimir Putin 8-nji dekabrda çykyş edip, Ukrainanyň energiýa infrastrukturasyny nyşana almagyny dowam etdirjekdigine söz berdi.

“Goňşy ýurduň energiýa infrastrukturasyna urýan zarbalarymyz barada gaty köp goh turuzylýar” diýip, Putin Kremlde gurnalan çärede aýtdy. “Bu biziň harby maksatlarymyzy berjaý etmegimize päsgelçilik bolmaz” diýip, ol sözüne goşdy.