Russiýanyň merkezi sebitlerindäki iki howa bazasynda partlamalar boldy

Russiýanyň Saratow howa bazasyndaky harby uçarlary (arhiw suraty)

Russiýanyň merkezi sebitlerinde, Moskwanyň Ukrainada alyp barýan söweş hereketlerinden ýüzlerçe kilometr gündogardaky iki harby bazada partlamalaryň bolandygy habar berilýär.

Bu Russiýanyň Ukrainanyň dürli künjeklerinde raýat maksatly desgalara, şol sanda elektrik infrastrukturasyna edýän giň gerimli howa zarbalarynyň arasynda boldy.

Ukrainadan 600 km gündogardaky Saratow regionynyň harby howa bazasynda azyndan bir uly partlama boldy. Rus habar serişdeleri Moskwanyň günorta-gündogaryndaky Rýazan sebitiniň daşyndaky bir howa bazasynda hem partlamanyň bolandygyny habar berýär.

Saratowyň häkimi ýaşaýjylary rahatlygy saklamaga çagyrdy. Emma partlamalar baradaky maglumaty ne tassyklady, ne-de inkär etdi.

“Şäheriň ýaşaýyş böleginde adatdan daşary ýagdaýyň ýüze çykandygyny belläsim gelýär” diýip, ol ýazgy galdyrdy.

5-nji dekabrda RIA Nowosti gullugy Rýazan şäheriniň etegindäki harby bazada ýangyç serişdeleriniň partlandygyny habar berdi. Bu sebit Moskwanyň 200 km günorta-gündogarynda ýerleşýär. Maglumata görä, hadysada üç adam ölüpdir, altysy hem ýaralanypdyr, şeýle-de bir uçara zeper ýetipdir.

Bu aralykda, Waşington Moskwanyň Ukrainadaky urşuny bes etmek baradaky gepleşiklere gyzyklanma bildirýändigi barada hiç hili yşarat görmeýär diýip, Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Antoni Blinken 4-nji dekabrda ABŞ telewideniýesinde çykyş etdi.

“Eger-de gürrüňi gidýän taraplar, häzirki ýagdaýda bu Russiýa, manyly diplomatiýa gyzyklanma bildirse, onda elmydama-da diplomatiýanyň ähmiýeti bardyr. Biziň şaýat bolýan ýagdaýlarymyz, iň bolmanynda soňky döwür, munuň doly tersi” diýip, Blinken CBS News kanalyna beren interwýusynda aýtdy. Ol Putiniň söweş meýdanynda yza gaýtmalara duçar bolanyndan soň, öz taktikasyny üýtgedendigini hem belledi.

“Ol söweş meýdanynda ýeňip bilmäni üçin, häzir bar gazabyny Ukrainanyň parahat ilatyna gönükdirdi. Ol energiýa infrostrukturasyna hüjüm edip yşyklary, ýylylygy, togy kesmäge synanyşýar. Bolup duran zat şu. Netijede, eger-de Putin manyly diplomatiýa gyzyklanma bildirmese, munuň bilen uzaga gidip bolmaýar” diýip, Blinken belledi.

Soňky hepdelerde Russiýanyň güýçleri Ukrainanyň dürli künjeklerinde infrostuktura desgalaryna zarbalary urdy, Donetsk regionynda Bahmut we Herson şäherlerini nyşana aldy. Herson sekiz aýdan soň ukrain güýçleri tarapyndan noýabrda rus basybalyjylary tarapyndan azat edilipdi.

1-nji dekabrda ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden eger-de Russiýa basybalyjylykly hereketlerini hakykatdan bes etmek islese, onda onuň bilen gepleşip biljekdigini ýaňzatdy.

Emma ol Putinden häzire çenli hiç hili yşaratyň bolmandygyny hem nygtady.

ABŞ-nyň Aňtaw gullugynyň başlygy Awril Haines Russiýanyň Ukrainadaky urşunyň “depgininiň gowşaýandygyny”, munuň hem öňümizdäki aýlarda ukrain güýçleri üçin mümkinçilikleri açyp biljekdigini belledi.

Britaniýanyň Goranmak ministrliginiň 4-nji dekabrdaky soňky brifinginde garaşsyz rus habar serişdesinde Russiýanyň urşuny goldaýanlarynyň sanynyň “göz-görtele kemelýändigi” baradaky habaryna ünsi çekdi.

Meduza neşiri häkimiýetleriň gizlin geçirendigi aýdylýan, özüne elýeterli bolan pikir soralyşyga salgylanyp, gürrüňdeş bolanlaryň 55%-niň Ukraina bilen parahatçylyk gepleşiklerini goldaýandygyny habar berdi. Şol bir wagtda, pikirini beýan edenleriň 25%-i urşa gitmäge meýillidigini aýdypdyrlar.