Russiýa Ukrainanyň gündogarynda hüjüm edýär, günortasynda pozisiýalaryny berkidýär – ukrain harbylary

Russiýanyň Ukraina edýän hüjüminiň netijeleri

Ukrain güýçleri ýurduň gündogaryndaky Donetsk regionynda aldym-berdimli söweşleri alyp barýarlar. Bu aralykda, Russiýa Ukrainanyň günorta sebitlerinde öz gorag pozisiýalaryny berkidýärler we geçen aý ukrain güýçleri tarapyndan yzyna alnan Hersona zarbalary urýarlar. Bu barada 1-nji dekabrda Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň Baş harby ştaby mälim etdi.

Ukrainanyň ähli künjeginde Russiýanyň rehimsiz zarbalary netijesinde sandan çykan elektrik üpjünçiligini gaýtadan ýola goýmak ugrunda gyssagly işler alnyp barylýar. Russiýanyň uran zarbalary netijesinde millionlarça ukrainaly, barha sowaýan howa şertlerinde, tümlükde ýaşamaly bolýarlar.

Baş harby ştabyň maglumatyna görä, Russiýanyň öňe ilerlejek bolýan Donetsk sebitinde esasy söweş hereketleri alnyp barylýar. Rus güýçleri artilleriýa toplary bilen ukrain pozisiýalaryna we golaýdaky ilatly nokatlara, şol sanda Bahmut, Soledar we Opytne şäherlerine hüjüm edýärler.

Baş harby ştab rus goşununyň Lyman şäheriniň ugry boýunça gorag pozisiýalaryny berkidýändigini hem mälim etdi. Ýitgi çeken rus birlikleriniň şahsy düzüm, ok-däriler bilen gaýtadan üpjün edilýändigi hem bellenilýär.

Frontuň günorta urgy boýunça, Dnepr derýasynyň çep kenarynda ornaşan rus güýçleri tanklar, raketalar we artilleriýa bilen Herson şäherine zarbalary ýagdyrýarlar diýip, ukrain harbylary aýdýarlar. Bu hüjümleriň netijesinde şäheriň elektrik üpjünçiligi hasam ýaramazlaşdy.

Russiýanyň Dnepr derýasynyň boýy boýunça edýän rehimsiz zarbalaryna garamazdan, Hersonyň ilatynyň 65%-niň elektrik üpjünçiligi täzeden dikeldildi diýip, ukrain prezidentiniň administrasiýasynyň başlygynyň orunbasary Kyrylo Tymoşenko aýtdy.

Merkezi Dnipropetrowsk regionynda rus güýçleri Nikopol sebitine artilleriýa we raketalar bilen hüjüm etdiler. Munuň netijesinde, ençeme jaý, gaz geçirijiler we elektrik transmissiýalary weýran edildi diýip, Dnipropetrowsk sebitiniň häkimi Walentyn Rezniçenko aýtdy. Ol Telegram kanalynda ýerleşdiren maglumatynda soňky hüjümlerde hiç kime şikes ýetmändigini hem mälim etdi.

Ukrain harbylary ýurduň demirgazyk-gündogar we merkezi sebitlerinde hem çaknyşyklaryň alnyp barylýandygyny aýdýarlar.

Uruş meýdanyndan gelip gowuşýan maglumatlary garaşsyz ýagdaýda tassyklap bolmaýar.

30-njy noýabrda ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenski özüniň gündelik edýän gijeki ýüzlenmesinde, aýdyňlaşdyrmazdan, Ukrainanyň rus güýçleriniň hereketine garşylyk görkezmek üçin nobatdaky ädimleri ädýändigini aýtdy.

“Biz basybalyjylaryň niýetlerini seljerýäris we olara garşylyk çärelerini taýýarlaýarys. Bular häzirki garşylykdan hem has güýçli bolar” diýip, Zelenski belledi.

Ukrainada hünärmenleriň tagallalaryna hem garamazdan, ýurt boýunça, şol sanda paýtagt Kiýewde 6 milliona golaý adamyň elektrik üpjünçiligi ýok diýip, Zelenski sözüne goşdy.

Bu aralykda, ABŞ we beýleki Günbatar ýaranlary has köp maliýe hemaýatyny we Kiýewiň elektrik üpjünçiligini ýola goýmak tagallalary üçin degişli enjamlar bilen üpjün etmegi wada berdiler. Bu barada 30-njy noýabrda NATO-nyň daşary işler ministrleriniň Buharestde geçen duşuşygynyň dowamynda äşgär edildi.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken Russiýanyň Ukrainanyň energiýa desgalaryny nyşana almak baradaky ýakynda başladan strategiýasynyň Ukrainanyň goldawçylaryny bölüp bilmejekdigini aýtdy.

Blinken rus prezidenti Wladimir Putiniň “özüniň gazabyny we ýalynyny” Ukrainanyň parahat ilatyna gönükdirip, ýurduň ýyladyş, suw we elektrik üpjünçiligini ýola goýýan desgalaryna zarba urýandygyny aýtdy.

“Biz Putiniň nämeden ugur alyp hereket edýändigini bilýäris: [ol] ukrainalylary sowuga we açlyga duçar edip, olary öýlerinden çykmaga mejbur etjek bolýar. [Ol] energiýa, azyk we öý serişdeleriniň bahalaryny, diňe bir Ýewropada däl, eýse tutuş dünýäde ýokary galdyryp, biziň koalisiýamyzy bölmek isleýär” diýip, Blinken belledi.

“Bu strategiýa işlemedi, işlemezem. Biz onuň ýalňyşýandygyny subut etmegi dowam etdireris” diýip, Blinken sözüne goşdy.