Ýaranlar Polşadaky raketa hadysasyna ukrain howa goragynyň sebäp bolandygyny öňe sürýärler, Kiýew şübhelenýär

Polşanyň prezidenti Andrzej Duda munuň Polşa bilkastdan edilen hüjüm bolandygyny aýtmak üçin "hiç bir esasyň ýokdugyny" aýtdy.

NATO-nyň agzasy Polşada iki adamyň ölmegine sebäp bolan partlama bilkastdan edilen iş bolup görünmeýär we oňa ukrain howa goragynyň raketasy sebäp bolan ýaly diýip, ýaranlygyň başlygy we Polşa 16-njy noýabrda aýtdy.

Polşanyň prezidenti Andrzej Duda munuň Polşa bilkastdan edilen hüjüm bolandygyny aýtmak üçin "hiç bir esasyň ýokdugyny" aýtdy we NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg Polşanyň gelen deslapky netijelerini tekrarlady.

"Bizde we biziň ýaranlarymyzda bar bolan maglumatlara görä, Sowet Soýuzynda öndürilen S-300 raketasynyň, köne raketanyň Russiýa tarapyndan atylandygyny görkezýän hiç hili subutnama ýok" diýip, Duda aýtdy.

"Bu raketanyň Ukrainanyň uçarlara garşy gorag güýçleri tarapyndan atylan bolmagy gaty ähtimal" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Stoltenberg bu raketanyň 15-nji noýabrda Ukraina tarap ýagdyrylan rus raketalaryny urup gaçyrmak üçin Ukrainanyň howa goragy tarapyndan atylan raketalaryň biri bolmagynyň ähtimaldygyny aýtdy.

Kiýewiň aýtmagyna görä, Russiýa şol gün ukrain şäherlerine fewralda başlan urşundan bäri iň güri raketa hüjümlerini etdi.

Russiýa öz raketalarynyň Polşanyň çägine gelip urandygy barada aýdylýanlary ret etdi we bu habarlaryň ýagdaýy has-da ýitileşdirmek üçin “bilkastdan” ýaýradylan "prowokasiýa" bolandygyny öňe sürdi.

Ukraina öz çägine atylan rus raketalarynyň köpüsiniň ýurduň howa goragy güýçleriniň atan raketalary bilen urlup gaçyrylandygyny aýtdy.

Ukrainanyň Wolin sebiti, Polşa bilen serhediň edil beýle ýüzünde ýerleşmek bilen, Russiýanyň hüjümlerinde nyşana alnan köp ýeriň diňe biri boldy diýip, Kiýew aýtdy.

"Biziň deslapky derňewimiz bu hadysa Ukrainanyň öz territoriýasyny Russiýanyň ganatly raketa hüjümlerinden goramak üçin atan howa goragy raketasynyň sebäp bolandygyny görkezýär" diýip, NATO iliçileriniň geçiren gyssagly duşuşygyndan soň guralan metbugat ýygnagynda aýtdy.

“Bu hadysa babatynda başlanan derňew dowam edýär we biziň onuň çykarjak netijesine garaşmagymyz gerek. Emma bizde munuň bilgeşleýin edilen hüjümiň netijesi bolandygyny görkezýän zat ýol” diýip, Stoltenberg aýtdy.

Ak tam hem Polşanyň beren bahasyna ýa gelen netijesine "ters gelýän hiç bir zat" görmändigini aýtdy. Mundan öň ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden raketanyň rus güýçleri tarapyndan atylandygyny çaklamaga esas berýän alamatyň ýokdugyny öňe sürüpdi.

Bu raketanyň Ukrainanyň howa goragy güýçleri tarapyndan rus raketalaryna garşy atylan bolmagynyň ahmallygy we ruslar tarapyndan urlan zarba däl diýlip çaklanylmagy urşuň hasam güýçlenip, serhetden aşyp, Polşa çenli ýaýbaňlanyp biljekdigi babatynda dörän aladalary azaltdy.

Emma Ukraina Polşada partlan raketanyň öz howa goragy güýçleriniň atan raketalarynyň biri bolmak ähtimallygy barada aýdylýanlary kabul etmäge taýyn bolup görünmedi.

"Mende onuň biziň raketamyz däldigine hiç bir şübhe ýok" diýip, "Interfaks Ukraina" habar gullugy Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiniň sözlerini sitirledi.

“Biziň ýaragly güýçlerimiziň maglumatlaryna esaslanyp, men onuň rus raketasy bolandygyna ynanýaryn” diýip, ol Ukrain telewideniýesine aýtdy.

Ukrainanyň Milli howpsuzlyk we goranmak geňeşiniň sekretary Oleksi Danilow biraz öň Kiýewiň günbatar hyzmatdaşlary bilen bolan hadysany bilelikde öwrenmek we ýaranlarynyň gelen netijelerine esas berýän maglumatlary görmek isleýändigini aýtdy.

Şeýle-de, ol Ukraina partlamanyň bolan ýerine baryp görmek üçin derrew rugsat berilmegini talap etdi. Zelenski Ukraina bu rugsadyň eýýäm berilmelidigini aýtdy.

Polşanyň Daşary işler ministrligi bu raketanyň Polşanyň gündogarynda, Ukraina bilen serhetden 6 km uzaklykda ýerleşýän Przewodowa düşendigini we iki adamy öldürendigini aýtdy.

Baýden G20 sammitine gatnaşýan ýerinden bu hadysa bilen baglanyşykly derňewleriň heniz dowam edýändigini nygtady, ýöne ol dünýä liderleriniň Polşanyň bu hadysanyň töweregindäki ýagdaýy anyklamak ugrunda edýän tagallalaryny goldamakda “doly bir pikirde” durýandygyny hem sözüne goşdy.

Kreml Polşanyň we beýleki ýurtlaryň bu hadysa bilen bagly ilkinji reaksiýalaryny "ýene bir gaharjaň, gazaply, rusofobiki reaksiýa" hökmünde ýazgardy we ABŞ lideriniň eýelän posiýasyny öwüp, Baýdeniň bu meseledäki "sabyrlylygyny" makullady.

"Bu ýagdaýda Amerikan tarapynyň oýlanyşykly we has professional seslenmesine üns berilmeli" diýip, Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow žurnalistlere ýüzlenip aýtdy.

Russiýanyň Goranmak ministrligi şol gün Ukraina edilen hüjümleriň Polşa serhedinden 35 km uzaklykda bolandygyny aýtdy diýip, “Novosti” habar gullugy habar berdi.