Russiýa täze howa zarbalaryny urdy, anneksiýa edilen Hersonda rus baýdaklary aýrylýar

Herson sebitindäki HIMARS raketalarynyň biri. 29-njy oktýabr, 2022.

Moskwanyň öz edýän hüjümlerini has güýçlendirmeginiň we agyr topa tutmalaryň, howa zarbalarynyň infrastruktura desgalaryna düýpli zyýan ýetirmeginiň arasynda, Ukrain güýçleri 3-nji noýabrda köp ýerde rus hüjümlerine sezewar boldy diýip, ukrain harbylary aýtdy. Şu aralykda, ABŞ-nyň iki resmisiniň amerikan mediasyna aýtmaklaryna görä, Russiýanyň ýokary derejeli harby ýolbaşçylary geçen aý Ukrainadaky söweş meýdanynda ýadro ýaraglaryny nädip we haçan ulanyp boljakdygyny ara alyp maslahatlaşdy. Olar CBS habar gullugyna prezident Wladimir Putiniň bu maslahata gatnaşmandygyny aýtdylar. Soňky gowşan maglumatlara görä, şu gün anneksiýa edilen Herson sebitiniň dolandyryş binasyndan Russiýanyň baýdagy aýryldy. Bu täzeligi tassyklaýan suratlar we wideolar ýerli neşirlerde, şol sanda rus metbugaty tarapyndan hem çap edilýär.

Ukrainanyň günortasyndaky Zaporižýa ýadro elektrik stansiýasy, topa tutmalar galan ýokary woltly liniýalara zyýan ýetireninden soň, diňe dizel ýangyjynda işleýän generatorlary bilen galyp, ýene-de elektrik torundan kesildi diýip, Ukrainanyň “Enerhoatom” ýadro firmasy aýtdy.

Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň baş ştaby 3-nji noýabrda geçirilen brifinginde gündogarda agyr söweşleriň alnyp barylýandygyny, rus goşunlarynyň gündogar Donetsk sebitiniň Bahmut, Awdiýwka we Nowopawliwka sebitlerinde hüjüm edýändigini aýtdy.

Ruslar Donetskdäki we goňşy Luhansk sebitindäki 12 şäherçä hüjüm etdiler. Ukrain güýçleri bu hüjümleri yzyna serpikdirdi diýip, harbylar aýtdy.

Rus güýçleri Luhanskdaky parahat ilaty adam galkany hökmünde ulanýar diýip, harbylar aýtdy.

Bu aýdylýanlar garaşsyz tassyklanyp bilinmedi.

Kriwi Rihiň merkezi sebitine we demirgazyk-gündogardaky Sumyda we Harkowda hem ruslaryň zarba urandygy habar berildi.

"Duşman öz tagallalaryny Goranmak güýçleriniň belli-belli sebitlerdäki hereketlerini çäklendirmäge gönükdirip, wagtlaýyn basyp alan ýerlerini elde saklamaga çalyşýar” diýip, ukrain goşuny aýtdy.

Russiýa soňky hepdelerde Ukrainanyň raýat we energiýa infrastrukturasyny nyşana alyp, elektrik we suw kesilmelerine, parahat ilatyň arasyndaky adam ýitgilerine sebäp boldy.

Bu konflikt müňlerçe adamyň ölmegine, millionlarça adamyň öýsüz-öwzarsyz galmagyna we Ukrainanyň käbir şäherleriniň tasdan doly ýer-ýegsan edilmegine sebäp bolandygyna garamazdan, Russiýa parahat ilaty bilkastdan nyşana alýandygy baradaky aýyplamalary inkär edýär.

Ukrainanyň günortada alyp barýan garşylykly hüjümi rus güýçlerini Dnieper derýasynyň sag kenarynda, Herson şäheriniň töwereginde eýelän ýerlerini saklajak, yzyna bermejek bolup jan çekmäge mejbur etdi.

Moskwa tarapyndan bellenen häkimiýetler bu ýerleriň ýaşaýjylaryny ewakuasiýa, howpsuz ýere çykmaga çagyrýar diýip, ukrain goşuny aýdýar.

Nowa Zburiýwka şäheriniň ýaşaýjylaryna ýaşaýan ýerlerinden basymrak göçmekleri üçin üç gün wagt berildi, 5-nji noýabrdan başlap olaryň ewakuasiýa etmekleriniň hökmany boljakdygy aýdyldy diýip, harbylar belledi.

Rus häkimiýetleri Ukrainanyň Dnieperdäki ägirt uly Kahowka bendine hüjüm etmäge we sebiti suwa basdyrmaga taýýarlanýan bolmagynyň ähtimallygyny birnäçe gezek öňe sürdüler. Kiýew muny ret edýär.

Şu aralykda, 2-nji noýabrda, Russiýanyň ýokary derejeli harby ýolbaşçylary geçen aý Ukrainadaky söweş meýdanynda ýadro ýaraglaryny nädip we haçan ulanyp boljakdygyny ara alyp maslahatlaşdy diýip, ABŞ-nyň iki resmisi CBS habar gullugyna aýtdy.

Olar CBS habar gullugyna prezident Wladimir Putiniň bu maslahata gatnaşmandygyny aýtdylar.

Ak tam soňky birnäçe aýyň dowamynda ýadro ýaraglarynyň ulanylmak ähtimallygy barada barha kän alada etmeli bolýandygyny aýtdy.

Ýöne Waşington Russiýanyň häzirki ýagdaýda beýle ýarag ulanmaga taýýarlyk görýändigini görkezýän alamatlary görmeýändigini nygtady.

Putin sentýabr aýynda özüniň ýadro we Günbatara garşy ritorikasyny güýçlendirip, Russiýanyň özüni we basylyp alnan ukrain ýerlerini goramak üçin ähli serişdäni ulanyp biljekdigini aýtdy.

Hersonyň dolandyryş binasyndan rus baýdagy aýryldy

Soňky gowşan maglumatlara görä, anneksiýa edilen Herson sebitiniň dolandyryş binasyndan Russiýanyň baýdagy aýryldy. Bu täzeligi tassyklaýan suratlar we wideolar ýerli neşirlerde, şol sanda rus metbugaty tarapyndan hem çap edilýär.

“Komsomolskaýa Prawdanyň” habarçysy Aleksandr Kots hem Herson sebitiniň merkezi binasyndaky baýdagyň aýrylandygyny tassyklady. Onuň sözlerine görä, şäherdäki beýleki binalaryň köpüsinde heniz rus baýdaklary saklanyp galýar.