Merkezi aziýaly bir raýat terrorçylygy wagyz etmekde günäli tapylyp, sekiz ýyl azatlykdan mahrum edildi

Illýustrasiýa suraty

Russiýanyň Woronež şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlaryndan bir raýat terorçylyk hereketlerini wagyz edip, ýaşaýjylary terror guramasyna işe almakda günäli tapyldy we sekiz ýyl azatlykdan mahrum edildi. Bu barada Russiýanyň "Kommersant" neşiri Russiýanyň Federal howpsuzlyk gullugynyň (FSB) Woroneždäki bölümine salgylanyp, 2-nji noýabrda habar berdi.

Garaşsyz "Turkmen.news" neşiri öz çeşmelerine salgylanyp, gürrüňi edilýän adamyň Türkmenistanyň raýatydygyny aýdýar.

"Ikinji Günbatar etrap harby kazyýeti Merkezi Aziýa ýurtlarynyň biriniň 27 ýaşly raýaty Ahmed Haýdarowy terrorçylyk hereketlerini wagyz edendigi üçin sekiz ýyl azatlykdan mahrum etdi" diýip, Kommersant Haýdarowyň Russiýa Federasiýasynyň Jenaýat kodeksiniň 205.1-nji maddasynyň 1.1-nji bölümi boýunça günäli tapylandygyny hem belleýär.

Degişli maglumat Türkiýe 'Yslam döwletiniň' türkmenistanly 6 agzasyny ekstradisiýa edýär

"Haýdarow şu ýylyň aprel aýynda tussag edildi. FSB-niň habaryna görä, Haýdarow Woronežde wagtlaýyn ýaşaýan döwri Russiýa Federasiýasynda gadagan edilen halkara terror guramasy 'Haýat Tahrir aş-Şamyň' işlerini işjeň wagyz etdi" diýip, neşir ýazýar.

Maglumatda Haýdarowyň mobil telefonyndaky materiallary ulanyp, Woronežiň Yslam dinini kabul eden ýaşaýjylaryny, şol sanda şäher uniwersitetlerinde okaýan daşary ýurtly talyplary 'Haýat Tahrir aş-Şam' guramasyna goşulmaga, soňra Siriýanyň çägindäki söweşlere gatnaşmaga höweslendirmek işlerini alyp barandygy hem bellenýär.

Haýdarow sekiz ýyl tussaglyk möhletiniň iki ýylyny türmede, alty ýylyny jeza koloniýasynda geçirer.

Azatlyk Haýdarowyň Merkezi Aziýanyň haýsy ýurdunyň raýatydygyny anyklap bilmedi. Ýöne garaşsyz "Turkmen.news" neşiri öz çeşmelerine salgylanyp, onuň Türkmenistanyň Aşgabat şäherindendigini we iki ýyl mundan öň Woronež Döwlet tokaý inženerçilik uniwersitetini gutarandygyny habar berýär.

"Ol Russiýadan watanyna dolanman, bu ýerde taksi sürüjisi we kurýer bolup işleýärdi. Haýdarow dördünji kursda okaýan wagty din bilen gyzyklanyp başlady. Ol namaz okap, ähli dostlaryna Yslam dini barada gürrüň berip başlady" diýip, "Turkmen.news" neşiri belleýär.

Maglumata görä, Haýdarow sosial ulgamlarda Ukrainadaky söweş we Iýerusalimdäki metjitleriň bombalanmagy ýaly syýasy temalar boýunça ýygy-ýygydan teswir ýazýardy.

Türkmenistanyň ýolbaşçylary öz raýatlarynyň ekstremist guramalara goşulýandygy, olaryň wagyz işlerine gatnaşýandygy barada halkara metbugat serişdelerinde çykýan habarlar hakda hiç hili beýanat bilen çykyş etmeýärler.

Degişli maglumat Russiýada Türkmenistanyň bir raýatyna terror hüjümine taýýarlyk görmekde günä bildirilip höküm çykaryldy

Ýöne bu Türkmenistanyň raýatlarynyň ekstremist toparlaryň düzümine goşulandygy, olaryň alyp barýan söweşlerine gatnaşandygy ýa-da terrorçylykda aýyplanýandygy barada köpçülige ýaýran ilkinji maglumat däl.

2019-njy ýylyň noýabrynda türk metbugat serişdeleri Türkiýe hökümetiniň resmi sanawyna salgylanyp, “Yslam döwleti” (YD) toparynyň türkmenistanly alty agzasynyň Türkmenistana ekstradisiýa edilendigini habar berdiler.

2019-njy ýylyň maýynda bolsa, Russiýanyň “Weçernyý Orýel” neşiri Moskwanyň regional harby sudunyň Türkmenistanyň raýatyny terror hüjümine taýýarlyk görmekde, bikanun partlaýjy ýasamakda we terrorçylygy wagyz etmekde günäli tapylyp, 5 ýyl türme tussaglygyna höküm edilendigini habar berdi.

Hökümetleri we halkara guramalary strategiki howpsuzlyk maglumatlar bilen üpjün edýän, Birleşen Ştatlaryň “The Soufan Group” toparynyň 2017-nji ýylyň oktýabrynda ýaýradan hasabatynda “Yslam döwleti” toparynyň hatarynda söweşmek üçin Türkmenistandan 400 sany adamyň Siriýa we Yraga gidendigi bellenýär.

2017-nji ýylyň iýulynda Azatlygyň Türkmenistanyň Goranmak ministrligindäki çeşmesi Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda, Eýranyň, Owganystanyň we Türkmenistanyň serhetleriniň birleşýän çatrygynda “Yslam döwleti” toparynyň söweşijileri diýlip güman edilýän dört adamyň saklanandygyny habar berdi.

Türkmenistanyň hökümeti bu maglumatlary ne tassyklaýar, ne-de inkär edýär. Döwlet metbugatynda türkmen raýatlarynyň daşary ýurtlardaky durmuşy, olaryň duçar bolýan ýagdaýlary barada maglumat berilmeýär.

Şol bir wagtda, Türkmenistanyň güýç gulluklary raýatlaryň daşary ýurtlara çykmagyna dilden dürli çäklendirmeleri girizip gelýär.

Degişli maglumat Täze hasabatda YD-nyň hatarynda 400 türkmenistanlynyň söweşýändigi aýdylýar

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.