Gündogarda barýan agyr söweşleriň dowam etmegi bilen, rus güýçleri 2-nji noýabr güni irden ýurduň gündogaryndaky we merkezindäki nyşanalara ‘janyndan geçen’ diýilýän dronlar bilen hüjüm etdi diýip, Ukrainanyň howa goragynyň resmileri habar berdi. Şu aralykda Pentagon Birleşen Ştatlaryň sekiz sany orta aralyga ýetýän howa goragy ulgamyny, NASAMS-y we olaryň ok-därilerini Ukraina iberjekdigini aýtdy. Bu ulgamlaryň ikisi Ukraina ýakyn wagtda eltiler, galan altysy soň iberiler
"Ýokardan taşlanan 13 sany ok-däri [toplumynyň] 12-si ýurduň gündogar we merkezi sebitlerinde [Ukrainanyň] uçara garşy goranyş gullugy tarapyndan ýok edildi" diýip, harbylar telegramda aýtdy.
Howa goragçylary gündogar Ukrainada alty sany pilotsyz uçary urup ýykandygyny, dronlaryň ýene bir altysynyň bolsa, ýurduň merkezi böleginde ýok edilendigini aýtdy.
Ukrain güýçleriniň soňky birnäçe hepdäniň dowamynda alyp barýan garşylykly hüjümleriniň rus goşunlaryny demirgazyk-gündogardan kowup çykarmagy, gündogarda we günorta-gündogarda yza çekilmäge mejbur etmegi bilen, Russiýa raketa, pilotsyz uçar we artilleriýa zarbalary bilen Ukrainanyň energiýa infrastrukturasyny, raýat desgalaryny nyşana alýar.
Kiýewiň häkimi Witali Kliçko 2-nji noýabrda paýtagt häkimiýetleriniň, dowamly rus hüjümleri netijesinde ýyladyş ulgamlarynyň hatardan çykarylmak ähtimallygyny nazarda tutup, şäheriň dürli ýerlerinde 1000-den gowrak ýyladyş nokadyny taýýarlaýandygyny aýtdy.
Ýurduň halkyny ruhdan düşürmek, olary garşylyk görkezmekden çetleşdirmek umydy bilen, Kremliň Ukrainanyň möhüm infrastruktura desgalaryna urýan dyngysyz zarbalaryny dowam etdirmegi netijesinde, Russiýa 31-nji oktýabrda hem goňşusynyň birnäçe şäherine, şol sanda Kiýewe raketa atdy.
1-nji noýabrda dikeldilmezinden öň Kiýewde suw we elektrik üpjünçiligi birnäçe sagatlap kesildi, ýöne resmiler paýtagtda elektrigi tygşytly ulanmagyň zerur boljakdygyny duýdurdylar.
Kliçko 2-nji noýabrda telegramda şäher häkimliginiň, raketa hüjümleri sebäpli, dürli ssenariýalara garaýandygyny ýazdy.
"Iň erbet ýeri, elektrik energiýasy bolmasa, suw ýa-da etrap ýyladyşy hem bolmaz" diýip, ol aýtdy. "Şu sebäpden şäherimizde 1000-den gowrak ýyladyş nokadyny taýýarlaýarys" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Raketa we pilotsyz uçar hüjümleri Ukrainanyň energiýa infrastrukturasynyň azyndan 40 göterimine zyýan ýetirdi we Kiýewiň uly böleklerini gysga wagtlygam bolsa, elektriksiz we suwsyz galdyrdy.
Häkimiýetler dokuz sebitde elektrik togunyň kesilendigini aýtdylar.
"Biz gelýän gyşda tok we ýylylyk bilen üpjün etmek üçin elimizden gelenini ederis" diýip, Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski 1-nji noýabr gijesinde eden ýüzlenmesinde aýtdy. "Ýöne biz Russiýanyň kadaly durmuş şertlerini bozmak üçin elinden gelen zady etjekdigine düşünmeli” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Merkezi Çerkasi sebitinde bir pilotsyz uçar 2-nji noýabrda infrastruktura desgasyna zarba urdy diýip sebit häkimi Ihor Taburets telegram habarynda aýtdy.
Taburets Çerkasini nyşana alan pilotsyz uçarlaryň iki sanysynyň urlup ýykylandygyny aýtdy. Ol ýaraly bolanlar barada maglumat almandygyny hem sözüne goşdy.
Ukrainanyň howa güýçleriniň metbugat sekretary Ýuriý Ihnat 1-nji noýabrda Kiýewiň Eýranda öndürilen ballistik raketalardan goranmak üçin netijeli serişdesiniň ýokdugyny, Russiýanyň ol raketalary ukrain serhediniň demirgazygynda ýerleşdirmegi meýilleşdirýändigini aýtdy.
Ihnat metbugat ýygnagynda eden çykyşynda Eýranyň ballistik raketalaryny urup ýykmagyň teoretiki taýdan mümkindigini, ýöne muny etmegiň "şu günki günde elýeterli bolan ýaraglar bilen" gaty kyn boljakdygyny duýdurdy.
"Waşington Post" geçen aý, ABŞ-nyň howpsuzlyk gulluklaryndaky çeşmelere salgylanyp, Eýranyň Russiýany ýerüsti ballistik raketalar bilen üpjün etmäge razy bolandygyny habar berdi.
Ukrain goşuny rus goşunlarynyň Donetsk sebitinde haýallyk bilen ilerläp, Russiýanyň ýaragly güýçleriniň nyşany bolan gündogar Bahmut şäherini topa tutmagy dowam etdirýändigini aýtdy.
Ukrain goşunlarynyň Donetskde, Awdiýewkanyň we Uhledaryň töweregindäki iki sebitde rus hüjümlerini togtatmagy bilen, Bahmutyň golaýynda gazaply söweş boldy.
Şu aralykda Pentagon Birleşen Ştatlaryň sekiz sany orta aralyga ýetýän howa goragy ulgamyny, NASAMS-y we olaryň ok-därilerini Ukraina iberjekdigini aýtdy.
Bu ulgamlaryň ikisi Ukraina ýakyn wagtda eltiler, galan altysy soň iberiler.
Şeýle-de, Birleşen Ştatlar pilotsyz uçarlara garşy, VAMPIRE ulgamyny we beýleki radar ulgamlaryny öz içine alýan toplum döretmegi meýilleşdirýär.