Resmiler: Kiýewe, Ukrainanyň beýleki sebitlerine hüjüm edilýär

Kiýew

Kiýew we Ukrainanyň birnäçe sebiti 31-nji oktýabrda ýene-de rus hüjümlerine sezewar boldy, ukrain paýtagtynyň köp bölegi toksuz we suwsuz galdy diýip, ukrain resmileri aýtdylar, wakanyň bolan ýerindäki şaýatlar paýtagtda bolan birnäçe partlamadan soň asmana göterilen tüsse dumanynyň görnendigini gürrüň berdiler. Russiýanyň 'galla şertnamasyna" gatnaşygyny togtadýandygyny yglan etmegine garamazdan, şu gün Gara deňiz däne şertnamasynyň çäginde, 354,500 tonna oba hojalyk önümi ukrain portlaryndan ýola çykdy.

Günortadaky Marhanets şäherinde Russiýanyň atan “Grad” raketalary ýaşaýyş jaýlaryna we orta mekdebe gelip urdy, 31 ýaşly bir aýal heläk boldy diýip, sebit administrasiýasynyň başlygy Walentin Rezniçenko telegramda ýazdy.

Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Oleh Nikolenko raketalaryň Kiýewdäki we beýleki şäherlerdäki energiýa infrastrukturasyna zarba urandygyny, toguň we suwuň kesilmegine sebäp bolandygyny aýtdy.

Kiýewiň häkimi Witaliý Kliçko irden urlan zarbalardan soň paýtagtyň köp ýeriniň elektriksiz galandygyny aýtdy.

Kliçko telegramda "Häzirki wagtda, Kiýewiň golaýyndaky energiýa desgasyna ýeten zeper sebäpli, paýtagtyň sarp edijileriniň 80 göterimi suw üpjünçiliginden kesildi” diýdi.

Kliçko uruşdan öň 2,9 million ilaty bolan Kiýewde häzir 350,000 öýüň elektrik energiýasyny dikeltmek tagallalarynyň edilýändigini aýtdy.

Harkowyň häkimi Ihor Terekow Ukrainanyň ikinji uly şäherine urlan iki raketa zarbasynyň "möhüm infrastruktura desgasyny" nyşana alandygyny aýtdy.

Şeýle-de, Poltawa we Kirowohrad sebitlerine edilen howa hüjümleri barada habar berildi. 31-nji oktýabr güni irden tutuş ýurt boýunça howa duýduryşlary yglan edildi.

"Utulan ruslar raýat desgalaryna garşy söweşmegi dowam etdirýär" diýip, prezident Wolodymyr Zelenskiniň diwanynyň başlygy Andriý Ýermak 31-nji oktýabrda telegram habarlaşma programmasynda ýazdy.

Russiýa soňky birnäçe hepdäniň dowamynda Ukrainadaky raýat infrastruktura nyşanalaryna howa zarbalaryny urýar, pilotsyz uçarlar, artilleriýa bombalary bilen hüjüm edýär. Bu hüjümler netijesinde adam pidalary boldy, Ukrainanyň energiýa infrastrukturasynyň 40 göteriminden gowragy weýran edildi, paýtagt Kiýewde we beýleki ýerlerde elektrik togy kesildi.

Soňky hüjüm tolkuny Russiýa Ukrainany 29-njy oktýabrda özüniň Sewastopolyň golaýyndaky Gara deňiz flotuna 16 pilotsyz uçar bilen hüjüm etmekde aýyplanyndan soň boldy.

Şeýle-de, Russiýa, ukrain dronlary arkaly edilen hüjümlerden soň, BMG-niň araçylyk etmeginde baglaşan “däne şertnamasyna” gatnaşygyny togtadýandygyny yglan etdi. Bu şertnama dünýäniň çörek üpjünçileriniň biri bolan Ukrainanyň Gara deňiz portlaryndaky galla önümlerini eksport etmegine ýol açýardy. Ukraina Russiýanyň dron hüjümleri barada bildiren aýyplamalaryny ret etdi.

Moskwa BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň birinji gün ýygnanyp, bu hüjümi ara alyp maslahatlaşmagyny talap etdi. "Roýters" habar gullugy bu habary bada-bat tassyklap bilmedi.

Ýurduň harby serkerdeligi gündogar Ukrainada, Donetsk sebitindäki Bahmutyň golaýynda gazaply söweşleriň bolandygyny, ukrain güýçleriniň bu töwerekde ýene iki ýerde, Awdiýewkanyň we Uhledaryň golaýynda rus hüjümlerini yzyna serpikdirendigini aýtdy.

ABŞ we Ýewropa Bileleşigi Russiýanyň galla şertnamasy diýilýäne gatnaşygyny togtatmak baradaky kararyny tankyt etdiler. Bu ylalaşyk Ukrainanyň Gara deňiz portlary arkaly galla we beýleki azyk önümlerini eksport etmek mümkinçiligini döredýärdi.

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden Moskwanyň Goranmak ministrligi we Russiýanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan bir gün öň yglan edilen kararynyň “düýpden heňe gelmeýändigini” aýtdy.

Baýdeniň sözlerine görä, "däne şertnamasyndan" ýüz öwrülmegi dünýäde açlyk çekýän adamlaryň sanynyň köpelmegine getirer. Şeýle-de, Baýden bu şertnama BMG tarapyndan araçylyk edilendigini ýatlatdy.

“Russiýanyň beýle hereket etmegine hiç hili sebäp ýok. Olar mydama nähilidir bir heňe gelmeýän zat etmek üçin bahana gözleýärler we Günbatary özlerini şeýle işe mejbur etmekde günäkärleýärler" diýip, Baýden aýtdy.

Şu aralykda, Odesanyň harby administrasiýasynyň metbugat sekretarynyň aýtmagyna görä, 31-nji oktýabrda, Gara deňiz däne şertnamasynyň çäginde, 354,500 tonna oba hojalyk önümi ukrain portlaryndan ýola çykdy.