Ukrain güýçleriniň gündogar Donbas sebitinde iki şäheriň golaýyndaky hüjümleri yzyna serpikdirmegi bilen, rus güýçleri Kiýewdäki we Zaporižýa şäherindäki nyşanalara täze zarbalary urdy diýip, harbylar we resmiler 27-nji oktýabrda aýtdy.
Kiýewiň sebit häkimi Oleksiý Kuleba telegramda halas ediş işgärleriniň paýtagtda zarba urlan ýere barandyklaryny aýtdy, ýöne bu ýer barada maglumat bermedi.
"Ruslar gije Kiýew sebitini terror edýärler. Sebitiň ilatly ýerleriniň birine birnäçe geliş boldy. Halas edijiler we ähli gyssagly kömek gulluklary wakanyň bolan ýerinde. Ýangyny öçürmek we ýetirilen zyýany aradan aýyrmak işleri alnyp barylýar” diýip, Kuleba telegramda ýazdy.
Zaporižýada rus güýçleri öten agşam şähere zarba urmak üçin “Smerç” raketalaryny ulandylar diýip, sebitiň harby dolandyryş gullugynyň başlygy Oleksandr Staruh telegramda ýazdy.
"Gije duşman sebit merkeziniň etegine hüjüm etdi. Deslapky maglumatlara görä, bular tapgyrlaýyn raketa atýan “Smerç” raketa ulgamynyň atan üç raketasy. Pida bolanlar ýok" diýip, ol ýazdy.
Staruh infrastruktura weýrançylygynyň bolandygyny, ýangyn turandygyny, ýöne onuň gyssagly kömek gulluklary tarapyndan öçürilendigini aýtdy.
Ukrainanyň günorta-gündogaryndaky Zaporižýa sebitiniň bir bölegi ruslaryň basybalyjylygy astynda galýar, emma sebitiň adybir paýtagt ukrainalylaryň elinde.
Zaporižýa Russiýanyň bölekleýin basyp alan dört sebitiniň biri bolup, Moskwa geçen aý onuň Russiýa birikdirilendigini yglan etdi. Emma Ukraina we onuň günbatar ýaranlary bu sebitde Russiýa tarapyndan geçirilen referendum diýilýänleri bikanun diýip atlandyrdy we olaryň hakyky kanuny güýjüniň ýokdugyny aýtdy.
Ukrain goşunlary gündogar Donbas sebitinde, Awdiýiwka we Bahmut şäherleriniň golaýynda, gazaply söweşleriň gidýän ýerinde rus hüjümlerine garşy berk gaýtawul berýärler diýip, prezident Wolodymyr Zelenski 26-njy oktýabrda habar berdi.
Kiýew
Zelenski rus serkerdelerini şäherleri basyp almak synanyşyklaryndaky "dälilikde" günäkärledi.
"Bu rus komandasynyň däliliginiň has görnetin görünýän ýeri. Olar gün yzyna gün, iň ýokary derejeli artilleriýa zarbalaryna ünsi jemläp, adamlary aýlap şu ýere, öz ölümlerine iberýärler” diýip, ol özüniň gijeki ýüzlenmesinde aýtdy.
Rus goşunlary Slowýansk we Kramatorsk şäherlerine barýan esasy ýolda ýerleşýän Bahmuty basyp almak üçin ençeme gezek, gaýta-gaýta synanyşyk etdiler.
Prezidentiň geňeşçisi Oleksiy Arestowiç rus goşunlarynyň bir günde, günortan naharyndan öň Bahmuta sekiz gezek aýry-aýry hüjüm edendiklerini, emma her gezek yza serpikdirilendiklerini aýtdy.
Britan aňtaw gullugy Moskwanyň Bahmutyň ele geçirilmegine Donetsk sebitiniň ukrain gözegçiligindäki iň möhüm bölekleri bolan iki şähere tarap süýmek üçin zerur şert hökmünde seredip biljekdigini aýtdy.
Donetsk şäheriniň gündogaryndaky Şahtarskda, Russiýa tarapyndan bellenen häkimiýetleriň aýtmaklaryna görä, ukrain toplary şäheriň demirýol menzilindäki ýangyç saklanylýan gaplary ýalna gaplady. Emma bu aýdylýanlary garaşsyz ýagdaýda tassyklap bolmady.
Zelenski Ukrainanyň günortasyndaky Herson sebitinde, iki tarap üçin hem hereket sahnasyna öwrülen künjekde barýan söweşleriň ýagdaýy barada maglumat bermedi.
"Umuman alanyňda, biz özümiziň front liniýalaryndaky pozisiýalarymyzy berkidýäris, basybalyjylaryň mümkinçiliklerini azaldýarys, olaryň maddy-tehniki üpjünçiligini ýok edýäris we Ukraina üçin gowy habar taýýarlaýarys" diýip, ol aýtdy.
Şu aralykda, Russiýa ýene bir gezek Ukrainanyň hapa bomba partlatmakçy bolýandygy baradaky esassyz aýyplamalaryny gaýtalady.
Ýöne bu gezekki aýyplama, öňkülerinden tapawutlylykda, Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin tarapyndan, onuň rus telewideniýesinde görkezilen çykyşynda bildirildi.
Putin Ukrainanyň "hapa bomba diýilýäni prowokasiýa hökmünde ulanmakçy" bolýandygyny öňe sürdi. Bu Putiniň öz resmileri tarapyndan hepde başyndan bäri tekrarlanylýan esaslandyrylmadyk hapa bomba aýyplamasyny ilkinji gezek agzamagy boldy.
Putin bu sözleri Russiýanyň strategiki ýadro güýçleriniň türgenleşiklerine gözegçilik edende aýtdy.
"Wladimir Putiniň ýolbaşçylygynda gury ýer, deňiz we howa strategiki öňüni alyş güýçleriniň türgenleşikleri geçirilip, tälim wagtynda ballistik we ganatly raketalaryň amaly uçurylyşy boldy" diýip, Kremliň beýanatynda aýdylýar.
Russiýanyň goranmak ministri Sergeý Şoýgu Putine bu türgenleşigiň Russiýa garşy edilen ýadro hüjüminden ar almak üçin “köpçülikleýin ýadro zarbasyny” urmak imitasiýasynda geçirilendigini habar berdi.
Birleşen Ştatlar Russiýanyň ýyllyk türgenleşigiň geçiriljekdigi barada öňünden habar berendigini, NATO-nyň hem her ýyl özüniň ýyllyk ýadro türgenleşiklerini geçirýändigini aýtdy.
ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken ABŞ-nyň Russiýanyň ýadro ýaragyny ulanmak barada aýdýan zatlaryny "gaty ýakyndygyny" yzlaýandygyny, ýöne Moskwanyň "ýadro pozisiýasyny üýtgetmegine hiç hili sebäp görmeýändigini" aýtdy.
ABŞ-nyň “Bloomberg” habarlar gullugy tarapyndan howandarlyk edilen çärede çykyş eden Blinken ruslaryň bu türgenleşik barada haçan, kimiň üsti bilen habar berendiklerini anyklaşdyrmady.