Gyrgyz hökümeti Azat Ýewropa/Azatlyk radiosyna hat ýazyp, habar programmalarynyň biriniň Täjigistan bilen serhetde bolan çaknyşyklar barada habar berýän wideosyny aýyrmagyny talap etdi.
Maglumat ministrligi 24-nji oktýabrda ýazan hatynda hökümetiň AÝ/AR-nyň Gyrgyz gullugynyň, ýerli ýagdaýda “Azattyk” radiosy diýlip bilinýän neşiriň makalalaryny gözden geçirip, "Gyrgyz-Täjik serhedinde bolan wakalar beýan edilende tarapgöýlüge, täjik tarapynyň pozisiýasyna artykmaçlyk bermäge ýol berlendigini anyklady” diýilýär.
Gyrgyzystan Merkezi Aziýadaky goňşulary bilen deňeşdirilende açyk-aýdyň we plýuralistik media gurşawy bilen tanalýan hem bolsa, adam hukuklary toparlary soňky ýyllarda, prezident Sadyr Žaparow 2020-nji ýylyň oktýabr aýynda ilkinji gezek häkimiýet başyna geleli bäri, ýurtdaky söz azatlygy ýagdaýynyň ýaramazlaşandygyny duýdurdylar.
Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň prezidenti we ýerine ýetiriji direktory Jeými Flaý bu hata jogap berip, teleradio ýaýlymyň "deňagramly habar bermek baradaky ygrarlylygyna çynlakaý çemeleşýändigini" we, gürrüňi edilýän wideonyň mazmuny gözden geçirilenden soň, radionyň "standartlarynyň bozulmandygy" baradaky netijä gelnendigini aýtdy.
"Kreml tarapyndan ýa-da gyrgyz hökümetinden bolsun, biz öz saýtlarymyzdan deňagramly habarlary aýyrmak üçin edilýän basyşlara boýun bolmarys” diýip, Flaý aýtdy.
"Žurnalistlere haýbat atmak we garaşsyz metbugaty dymdyrmak synanyşygy awtoritar taktikalary bolup, ol diňe gyrgyz demokratiýasyna zyýan ýetirer” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Hökümetiň edýän aladalarynyň özenini ýurtda Özbegistan bilen arada gol çekilmegine garaşylýan serhet şertnamasy sebäpli ýüze çykan nägilelikler düzýär.
Serhet ylalaşygy şertnamasyna görä, Gyrgyzystan 4,485 gektar meýdany eýeleýän Kempir-Abad suw howdanyny Özbegistana berip, onuň deregine başga bir ýerden 19,000 gektardan gowrak meýdany bolan ýeri alar.
23-nji oktýabrda bu şertnamanyň taslamasyna garşy bolan 20 adamdan ybarat topar, syýasatçylar we aktiwistler tussag edildi we, hamala, şertnama meselesinde köpçülikleýin bidüzgünçilik guramagy meýilleşdirendigi sebäpli, kazyýet tarapyndan iki aýlap deslapky tussaglyga iberildi.
24-nji oktýabrda ýüzlerçe adam Bişkekde ýygnanyp, tussag edilen aktiwistleriň we syýasatçylaryň boşadylmagyny talap etdi we hökümeti serhet kesgitlemek şertnamasyna täzeden garamaga çagyrdy. Şuňa meňzeş protestler ýurduň ikinji uly şäheri Oşda hem geçirildi.
Merkezi Aziýada serhet meselesi köplenç sowet döwründen uç alýar, bu Moskwanyň sebiti köplenç oturan ýerleri beýleki etnik toparlaryň arasynda ýerleşýän milletleriň, etnik toparlaryň içinde bölünişik döretmek synanyşygy bilen baglanyşykly hasaplanýar.
Soňky onýyllykda ýa-da ondan hem kän wagt içinde Täjigistanyň Woruh anklawyna ýakyn sebitdäki etniki gyrgyz we täjik jemgyýetleriniň arasynda döreýän gazaply gapma-garşylyklar adaty bir zada öwrüldi. Soňky birnäçe ýylda bu oňuşmazlyklara ýaragly serhet goşunlarynyň hem gatyşmagy bolsa göze dürtülip duran tendensiýa aýlandy.