Russiýa, Kiýewiň okupirlenen regionlary azat etmek boýunça alyp barýan garşylyklaýyn hüjümleriniň arasynda, golaýda mobilizasiýa edilen müňlerçe esgerini günortadaky Herson sebitine ugradyp, onuň goragyny berkitmegi maksat edinýär diýip, Ukrainanyň harbylary mälim etdiler. Bu aralykda, 21-nji oktýabrda Russiýa raýat obýektlerine garşy täze zarbalary amala aşyrdy.
“2 müňe golaý russiýaly wagtlaýyn basylyp alnan Herson regionyna geldi. Olar çeken zyýanlarynyň öwezini dolmagy, şeýle-de uruş liniýasy boýunça birikmelerini berkitmegi maksat edinýärler” diýip, Ukrainanyň harby güýçleriniň Baş ştaby 21-nji oktýabrda mälim etdi.
Beýanatda aýdylmagyna görä, basybalyjy resmiler “bank institutlary” diýilýänleri we Russiýanyň saglyk işgärlerini we mugallymlaryny ewakuasiýa etmäge taýýarlyk görmek barada buýruk çykarypdyr.
Ukraina rus güýçlerini Hersondan Dnepr derýasynyň gündogar kenaryna yza tesdirmek ugrunda tagalla edýär.
Maglumata görä, Hersonyň hem ýerleşýän derýanyň çep kenaryndaky rus esgerleri üpjünçilikden kesilmäge golaýladylar, şeýle-de olara goşmaça güýçleriň gelmeginiň hem öňüni almak planlaşdyrylýar.
Prezident Wolodymyr Zelenski 20-nji oktýabrda çykyş edip, ukrain güýçleriniň Herson regionyndaky rus harbylarynyň berkitmelerine garşy 15 hüjümi amala aşyrandyklaryny mälim etdi. Munuň strategiki taýdan möhüm hasaplanýan Herson şäherini we regiony azat etmek boýunça möhüm ilerleme bolandygyna meňzeýär.
Bu aralykda, Russiýanyň Goranmak ministrligi Kremliň güýçleriniň ukrain harbylarynyň tanklar bilen Hersonyň Suhanowe, Nowa Kamýanka we Çerwoniý Ýar obalaryna tarap öňe ilerlemek synanyşyklaryny yza tesdirendigini aýtdy. Bu öňe sürmäni garaşsyz çeşmelere tassyklatmak başartmady.
Hersonda uruşdan öň 284 müňe golaý adam ýaşaýardy. Russiýa fewralda Ukraina garşy hüjüme başlanda, bu şäheri ilkinjileriň hatarynda ele saldy. Bu häzir rus harbylarynyň basyp alan iň iri şäheri bolmagynda galýar. Şäherde möhüm senagat obýektleri, şeýle-de Dnepr derýasynyň kenaryndaky wajyp port ýerleşýär.
Moskwanyň dikme resmileri sebitiň ýaşaýjylaryny ewakuasiýa çagyrdylar, şeýle-de harbylara berkitmeleri galdyrmaga ygtyýar berilmegini soradylar. Resmiler 20-nji oktýabrdaky ýagdaýlara laýyklykda ewakusiýa edilmegi göz öňünde tutulýan 60 müňe golaý adamyň 15 müňüsiniň eýýäm şäherden we onuň golaý-goltumyndaky sebitlerden başga ýerlere geçirilendigini aýtdylar.
Herson Moskwanyň Ukrainada bölekleýin okkupirlän dört sebitiniň biridir. Mundan öň, rus prezidenti Wladimir Putin Kremliň berk gözegçiliginde geçirilen referendumlara salgylanyp, bu sebitleri bikanun ýagdaýda eýeledi. Ukraina we Günbatar bu referendumlary galp atlandyryp, ýazgardylar.
19-njy oktýabrda Putin Herson, Luhansk, Donetsk we Zaporižýa regionlarynda çäkli harby ýagdaý yglan etdi. Ol munuň bilen basylyp alnan sebitlerde Russiýanyň häkimiýetini adamlaryň boýnuna dakmagy maksat edinýär. Bu aralykda, Moskwa söweş meýdanyndan yza çekilýär, mobilizasiýa bilen bagly kynçylyklary başdan geçirýär, halkara sanksiýalaryna duçar bolýar, şeýle-de hem ýurduň içinde, hem-de daşynda barha köp tankytlara sezewar bolýar.
Zelenski 20-nji oktýabrda Ýewropa Bileleşiginiň liderleriniň Brýusseldäki sammitinde çykyş edip, Russiýanyň Dnepr derýasynyň kenaryndaky, ýurduň günortasyndaky Nowa Kakhowkadaky suw bendine we gidro-elektrik stansiýasyna partladyjylary ýerleşdirmekde güman edilýändigini duýdurdy. Eger-de ol partladylsa, onda 80-ne golaý ilatly nokady, şol sanda Hersony suw almak howpy bar.
Zelenski ukrain işçileriniň desgadan çykarylandygyny, netijede onuň häzir Russiýanyň gözegçiligindedigini aýtdy. Ol Russiýanyň “bu terroristik hüjümi amala aşyrmak üçin ähli zady taýýar edendigini” hem belledi.
Ol halkara gözegçileriniň missiýasyny gurnamaga we minalaryň aýrylandygyny kepillendirmek üçin ukrain işgärleriniň yzyna getirilmegine çagyrdy.
Zelenskiniň bu çykyşyndan iki gün öň, Russiýanyň Hersondaky dikme resmisi Wladimir Saldo Dnepr derýasynyň sag kenaryndaky dört şäherden parahat ilatyň “guramaçylykly, tapgyrlaýyn göçürilmeginiň” alnyp barylýandygyny aýtdy.
Saldo ukrain güýçleriniň suw bendini weýran etmegi planlaşdyrýandyklaryny aýtdy we “suw almak howpy” barada-da duýdurdy.
Hersonyň başlygynyň Moskwa tarapyndan bellenen orunbasary Kiril Stremousow adamlary Dnepr derýasynyň çep kenaryna göçmäge çagyrdy we Telegram kanalynda awtobuslaryň kerweniniň wideosyny ýerleşdirdi.
Kiýew Moskwanyň bu ädimini ýazgaryp, muny Ukrainanyň parahat ilatynyň Russiýa “deportasiýa edilmegi” diýip atlandyrdy.
Soňky 10 günüň dowamynda Russiýa Ukrainanyň raýat we energiýa desgalaryna garşy, artilleriýa toplaryny, howa zarbalaryny we Eýranda öndürilen dronlary ulanyp, heläkçilikli hüjümleri amala aşyrýar. Munuň netijesinde Ukrainanyň energiýa ulgamynyň 40% töweregi weýran edildi. Bu sebäpli Kiýew, Russiýanyň sekiz aý mundan ozal hüjüme geçmeginden bäri ilkinji gezek, elektrik üpjünçiligini çäklendirip başlady.
21-nji oktýabrda irden Ukrainanyň Harkiw we Zaporižýa şäherlerinde partlamalaryň sesi eşidildi.
Ýerli resmileriň maglumatyna görä, Harkiwda senagat binalaryna zarba uruldy we hüjümleriň netijesinde bäş adam ýaralandy.
Zelenski Ýewropa Bileleşiniň liderlerine ýüzlenip, Russiýanyň täze hüjümleri bilen ukrain bosgunlarynyň täze tolkunyny döretmek isleýändigini aýtdy we muňa “dessine jogap berilmelidigini” nygtady.