Rus zarbalaryndan uly zyýan çeken Ukraina elektrik ulanmagy çäklendirmäge başlaýar

Russiýanyň gyş paslynyň öňüsyrasynda ýurduň elektrik infrastrukturasyna uran tapgyrlaýyn we dowamly howa zarbalarynyň ýetiren zyýanlaryny aradan aýyrmaga çalyşmak bilen, Ukraina Russiýanyň sebäpsiz başlan urşunyň dowamynda ilkinji gezek ýurtda elektrik energiýasynyň sarp edilmegini çäklendirýär.

Russiýa 10-njy oktýabrdan bäri Ukrainanyň raýat we infrastruktura desgalaryna edýän hüjümlerini güýçlendirdi. Ukraina we Kiýewiň günbatar ýaranlary Moskwanyň bu hüjümlerde esasan Eýranda öndürilen kamikadze pilotsyz uçarlaryndan peýdalanandygyny aýdýarlar, Moskwa we Tähran bu aýyplamalary ret edýär.

Russiýanyň soňky hüjüminde Dnipropetrowsk sebitiniň Kriworizka etrabynda bir energiýa desgasyna zarba uruldy we zyýan ýetirildi diýip, sebit administrasiýasynyň başlygy Walentin Rezniçenko 20-nji oktýabrda habar berdi.

Sebit häkiminiň aýtmagyna görä, biraz öň günbatar Ukrainadaky Burştin şäheriniň kömür bilen işleýän esasy elektrik stansiýasyna hem raketa zarbasy uruldy.

"Biziň sebitimiz şu gün raketa zarbalaryny başdan geçirdi. Burştin termiki elektrik stansiýasyna urlan zarba ýangyna sebäp boldy" diýip, Iwano-Frankiwsk sebitiniň häkimi Switlana Onişçuk onlaýn wideo beýanatynda aýtdy.

Burştin elektrik stansiýasy günbatardaky üç sebiti we 5 million sarp edijini elektrik togy bilen üpjün edýärdi.

Hökümet işgärleri ir sagat 7-den agşam sagat 11-e çenli aralykda elektrik üpjünçiliginiň çäklendiriljekdigini aýtdylar, “Ukrenergonyň” ulgam operatory ukrainleri çäklendirmeler başlamazyndan ozal zerur bolan "ähli zada zarýad bermäge" çagyrdy we eger-de adamlar elektrik toguny ulanmaklaryny azaltmasalar, elektrigiň wagtlaýyn doly öçürilmeginiň mümkindigini duýdurdy.

"Sowuk howanyň başlanmagy bilen, biz sizden ýygy-ýygydan kömek sormalu boljakdygymyzy aradan duýdurýarys" diýip, “Ukrenergo” 20-nji oktýabr çagindäki çäklendirmäni nazarda tutup aýtdy.

Şeýle-de, “Ukrenergo” ukrainalylary ýeterlik suw alyp goýmaga, "maşgala we dostlar üçin ýyly jorap, ýorgan-düşek aladalaryny öňünden etmäge” çagyrdy.

Kompaniýa adamlara jübi telefonlaryna, elektrik enjamlaryna we batareýalara zarýad berip goýmagy ýatlatdy.

"Möhüm infrastruktura desgalaryna ýene-de zyýan ýetirildi. Şu gün duşman tarapyndan üç sany energiýa desgasy hatardan çykaryldy" diýip, prezident Wolodymyr Zelenski 19-njy oktýabrda eden gijeki wideo ýüzlenmesinde aýtdy.

"Biz, hyzmatdaşlarymyzyň kömegi bilen, duşman raketalaryny we pilotsyz uçarlaryny 100% çemesinde urup ýykar ýaly bolýançak, rus terrorçylygynyň öz energiýa desgalarymyza gönükdiriljekdigini çak edýäris” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Zelenski 20-nji oktýabrda Ukraina has köp goldaw, şol sanda energiýa enjamlaryny bermek, bozulan elektrik üpjünçiligini dikeltmäge kömek etmek we olary gaýtadan gurmak üçin uzak möhletleýin maliýe üpjünçiligini ýola goýmak meselesini ara alyp maslahatlaşmak üçin ýygnanyşýan ýewropa liderlerine ýüzlener.

Energetika ministriniň geňeşçisi Oleksandr Harçenko 19-njy oktýabrda elektrik togunyň kesiljekdigini, şol sanda meýilleşdirilen tok kesilmeleriniň hem boljakdygyny aýtdy.

"Gynansagam, täze maglumatlara görä, umumy infrastrukturanyň takmynan 40%-ne çynlakaý zeper ýetdi. Bejeriş we birikdiriş işleri dowam etdirilýär, emma şu gün we ertir elektrik togunyň kesilmegine garaşylýar" diýip, Harçenko ukrain telewideniýesine aýtdy.

Zelenski 19-njy oktýabr güni irden, Russiýanyň Ukrainanyň energiýa infrastrukturasyna eden howa hüjümlerinden soň, ýokary wezipeli adamlar bilen elektrik desgalarynda howpsuzlyk meselesini ara alyp maslahatlaşdy.

Döwletiň Adatdan daşary ýagdaýlar gullugynyň wekilleri, energiýa kompaniýalarynyň we ýerine ýetiriji häkimiýetleriň ýolbaşçylary bilen duşuşan hökümet işgärleriniň arasynda Ukrainanyň premýer-ministri Denis Şmihal, energetika ministri Herman Haluşenko we içeri işler ministri Denis Monastirski dagy hem boldy.

Rus goşunlary 10-njy oktýabrdan bäri Ukrainadaky energiýa desgalaryny barha ýygjam topa tutmaga başlady.

19-njy oktýabrda tutuş Ukrainada howa duýduryşlary boldy we günbatardaky iki sebitiň häkimleri öz sebitlerindäki energiýa desgalaryna zarba urlandygyny aýtdylar.