Russiýanyň raketa zarbalary, dron hüjümleri we energiýa desgalarynyň topa tutulmagy 19-njy oktýabrda has köp ukrain obasyny, şäherleri we şäherçeler elektriksiz goýdy diýip, häkimiýetler aýtdy, basylyp alnan Hersonyň Russiýa tarapyndan bellenen sebit ýolbaşçysy, ukrain güýçleriniň öňe süýşmeginiň arasynda, ýaşaýjylaryň howpsuz ýerlere eawakuasiýa edilmegine çagyrdy.
Bir hepdeden gowrak dowam edýän howa hüjümleri Ukrainanyň elektrik stansiýalarynyň üçden bir bölegini weýran etdi, 1000-den gowrak şäherçede elektrik toguny kesdi.
Russiýanyň bombalamagy Zaporižýa sebitindäki “Enerhodaryň” käbir ýerlerinde elektrik we suw üpjünçiligini kesdi diýip, sekiz aýa golaý dowam edýän konfliktiň merkezi bolan Zaporižýa ýadro desgasynyň golaýynda ýerleşýän günorta şäheriň häkimi Dmitro Orlow aýtdy.
Ukrainanyň günorta-merkezindäki şäher Kriwiý Rihiň elektrik stansiýasyna hem, Russiýanyň topa tutmalary netijesinde agyr zyýan ýetdi, şäher märkezi we oba-şäherçeler toksuz galdy diýip, sebit häkimi 19-njy oktýabr güni irden habar berdi.
Rus goşunlary 19-njy oktýabrda irden kamikadze pilotsyz uçarlary bilen Ukrainanyň günortasyndaky Mikolaýiw sebitini hem nyşana aldy.
Ukrain goşunynyň günorta serkerdeligi 19-njy oktýabrda çap eden beýanatynda öz güýçleriniň öten agşam 12 pilotsyz uçary urup ýykandygyny aýtdy.
Russiýanyň Ukraina Eýranda öndürilen pilotsyz uçarlar bilen hüjüm etmegi Moskwnyň syýasy we harby taýdan bankrot bolandygyny görkezýär diýip, prezident Wolodymyr Zelenski 18-nji oktýabrda aýtdy. Mundan öň ol Russiýanyň geçen hepde uran howa zarbalarynyň Ukrainanyň elektrik stansiýalarynyň üçden bir bölegini weýran edendigini aýdypdy.
Zelenski Russiýanyň onlarça ýyllap harby-senagat toplumyna milliardlarça dollar sarp edip, ahyr netijede ýönekeý pilotsyz uçarlary we raketalary almak üçin hem Tährana baş egip, ýüz saraltmaly bolandygyny belledi.
Ol özüniň gijeki çykyşynda munuň Russiýa strategiki taýdan hiç bir jähtden kömek etmejekdigini aýtdy.
"Bu dünýä Russiýanyň ýitgili ýoldadygyny we başga birlerini öz ýaranlarynyň arasyna çekmäge synanyşýandygyny ýene bir gezek subut edýär" diýip, ol aýtdy. "Elbetde, biz muňa degişli derejedäki halkara reaksiýasynyň bilridilmegini üpjün ederis" diýip, ukrain lideri sözüniň üstüni ýetirdi.
Eýran Russiýany pilotsyz uçar bilen üpjün edýändigini inkär edýär we Kreml Eýranyň kamikadze pilotsyz uçarlarynyň ulanylandygy ýa-da däldigi barada özünde maglumat ýokdugyny aýtdy.
Emma britan aňtaw gullugy 18-nji oktýabrda Russiýanyň ulanýan pilotsyz uçarlarynyň Eýranda öndürilendigini kesgitledi we ABŞ-nyň Döwlet departamenti 17-nji oktýabrda Kiýewe edilen rus hüjüminde Eýranyň pilotsyz uçarlarynyň ulanylandygyny aýtdy.
Ak tamyň metbugat sekretary Karine Žan-Pýer Tährany, Eýrande öndürilen pilotsyz uçarlaryň Russiýa tarapyndan Ukrainada ulanylmaýandygyny aýdyp, ýalan sözlemekde aýyplady.
Moskwa soňky hepdede amala aşyran howa hüjümleri tolkunyny Kiýewdäki we Ukrainanyň beýleki şäherlerindäki ýaşaýyş ýerlerine zarba urmakdan başlady.
Zelenski 18-nji oktýabr güni irden ýazan twitinde bu hüjümleriň tutuş Ukrainada uly elektrik kesilmesine sebäp bolandygyny, şeýlelikde, Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen "gepleşik geçirmäge hiç bir orun galmandygyny” aýtdy.
Kiýewiň prokuraturasy 18-nji oktýabrda Kiýewe urlan zarbalarda iki adamyň öldürilendigini, paýtagta bir gün öň edilen dron hüjümlerinde bolsa bäş adamyň heläk bolandygyny aýtdy.
NATO-nyň başlygy Jens Stoltenberg harby bileleşigiň ýakyn günlerde Ukraina howa goranyş ulgamlaryny iberjekdigini aýtdy.
Stoltenberg Berlinde geçirilen howpsuzlyk konferensiýasynda eden çykyşynda bu ulgamlaryň Ukraina howa hüjümlerinden, şol sanda Eýranda öndürilen pilotsyz uçarlardan goranmaga kömek etjekdigini aýtdy.
Rus güýçleriniň Ukrainadaky täze serkerdesi Sergeý Surowikin
Herson sebitiniň Russiýa tarapyndan bellenen başlygy 18-nji oktýabrda duşmançylygyň güýçlenmegine garaşylýandygyny duýduryp, bu sebitiň bir böleginde ýaşaýan parahat ilatyň ewakuasiýa ediljekdigini habar berdi.
Wladimir Saldo 18-nji oktýabrda Dnieper derýasynyň sag kenaryndaky dört şäheriň parahat ýaşaýjylarynyň “guramaçylykly, kem-kemden göçüriljekdigini” yglan etdi.
Rus güýçleriniň Ukrainadaky täze serkerdesi Sergeý Surowikin döwlet eýeçiligindäki "Rossia-24" teleýaýlymyna beren interwýusynda "Duşman Hersondaky infrastruktura we ýaşaýyş jaýlaryna bilkastlaýyn hüjüm edýär" diýip, Hersondaky ýagdaýyň "kyndygyny" tassyk etdi.
Şu aralykda, Gallup tarapyndan sentýabrda geçirilen pikir soramalaryň görkezmegine görä, ukrainalylaryň 10-dan ýedisi öz ýurtlarynyň, Krymy hem yzyna almak bilen, Russiýa bilen söweşi ýeňiş gazanylýança dowam etdirmelidigini aýdýar.