Rus zarbalary 17-nji oktýabr güni irden ýene paýtagt Kiýewi, günorta Dnipropetrowsk we Odesa sebitlerini nyşana aldy, azyndan alty adam öldürildi diýip, ukrain resmileri aýtdylar. Şu aralykda Russiýanyň we ukrain güýçleriniň Ukrainanyň gündogaryndaky Donbas sebitiniň iki şäheriniň töwereginde söweşýändigi habar berildi. Ukrainanyň howa güýçleri rus goşuny tarapyndan uçurylan 43 pilotsyz uçaryň 37-sini ýok edendigini aýtdy.
Bu zarbalar rus raketa tolkunynyň çäginde, birnäçe aýyň içinde edilen iň agyr bomba hüjümleriniň birinde Ukrainada azyndan 19 adamyň öldürilmeginiň bir hepde soňundan uruldy.
Prezident Wolodymyr Zelenski öz ýurduna garşy kamikadze pilotsyz uçarlary diýlip atlandyrylýan pilotsyz howa ulaglary bilen edilen täze hüjümleriň ukrainalylary “döwüp” bilmejekdigini aýtdy.
"Bütin gije we irden duşman parahat ilata garşy terrorçylyk edýär. Kamikadze pilotsyz uçarlary we raketalar bilen Ukrainanyň ähli ýerine hüjüm edilýär. Duşman biziň şäherlerimize hüjüm edip biler, emma bizi döwüp, uşadyp bilmez" diýip, prezident aýtdy.
Şäher häkimi Witali Kliçko telegramda dron hüjümleriniň iki tolkunynda bolan birnäçe partlamanyň Kiýewi sarsdyrandygyny aýtdy.
Kliçko dron zarbalarynda urlan ýaşaýyş jaýyndan 18 adamyň halas edilendigini, emma harabalygyň aşagynda galan käbir adamlaryň şindem kömege mätäçdigini aýtdy.
Ukrainanyň prezident diwanynyň başlygy Andriý Ýermak hem telegramda Kiýewe kamikadze dronlary diýlip atlandyrylýan pilotsyz howa ulaglary bilen hüjüm edilendigini aýtdy.
"Ruslar bu zarbalar özlerine kömek eder öýdýär" diýip, Ýermak aýtdy.
Ukrainanyň prezident edarasynyň başlygynyň orunbasary Kirilo Timoşenko Kiýewde pilotsyz uçurlaryň eden hüjümlerinde üç adamyň ölendigini aýtdy.
Sumy sebitiniň gubernatory Dmitro Žiwitskiý Russiýanyň hüjümlerinde üç adamyň ölendigini we başga-da birnäçe adamyň ýaralanandygyny aýtdy.
Russiýa soňky hepdelerde şäher merkezlerini we infrastrukturany, şol sanda elektrik stansiýalaryny nyşana almak üçin pilotsyz uçarlary has ýygy-ýygydan ulanmaga başlady.
Günortada, öten agşam urlan raketa zarbasyndan soň, Dnipropetrowsk sebitindäki bir energiýa desgasynda uly ýangyn boldy diýip, ýerli resmi 17-nji oktýabr güni irden aýtdy.
"Biziň howa goragy güýçlerimiz tarapyndan duşmanyň üç raketasy ýok edildi" diýip, sebit häkimi Walentin Rezniçenko telegramda ýazdy.
"Bir raketa energiýa infrastrukturasyna degdi. Ol ýerde uly ýangyn turdy, zerur gulluklaryň ählisi işleýär" diýip, ol aýtdy.
Odesanyň, günortadaky port şäheriň geňeşi rus uruş uçarlarynyň 17-nji oktýabrda sebitdäki infrastruktura desgalaryny raketa tutandygyny aýtdy.
"Duşman günorta sebitleri terror etmegi, dowla salmagy dowam etdirip, Odesa sebitine raketa hüjümini amala aşyrdy. Sebitiň infrastruktura desgalarynyň birine Gara deňziň ýokarsyndaky Su-35 uçaryndan Kh-59 roketasy atyldy" diýip, geňeş häzir pidalar barada maglumat ýokdugyny aýtdy.
10-njy oktýabrda Russiýa birnäçe aýyň içinde eden iň uly hüjüm tolkunynda Kiýewe hem-de beýleki ukrain şäherlerine tapgyrlaýyn raketa zarbalaryny urdy.
Azyndan 19 adamyň ölümine, 105 adamyň ýaralanmagyna sebäp bolan hüjümler halkara jemgyýetçiligi tarapyndan berk tankyt edildi.
Moskwa 11-nji oktýabrda hem, biraz kiçi göwrümli hem bolsa, Ukrainanyň günbataryndaky energiýa desgalaryna, frontdan has uzakdaky ýerlere hem zarba urdy.
Rus we ukrain güýçleri Ukrainanyň gündogaryndaky Donbas sebitiniň iki şäheriniň töwereginde agyr söweş alyp barýarlar, Kiýew birinji gün irden rus pilotsyz uçarlarynyň hüjümine sezewar boldy diýip, resmiler aýtdy.
Dynç günleri Donetsk we Luhansk sebitlerinde we günortadaky Herson welaýatynda aldym-berdimli söweşleriň bolandygy habar berildi. Russiýa geçen aý Kiýew we günbatar hökümetleri tarapyndan biknun we mejbury diýlip ýazgarylan referendum diýilýänleri geçireninden soň, bu dört sebitiň üçüsini resmi taýdan öz adyma geçirdim etdi.
Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski bazar güni eden gijeki çykyşynda "Donbasdaky iň möhüm nokatlar (Soledar we Bagmut şäherleri)" diýdi. "Ol ýerde gaty agyr söweş barýar” diýip, ol aýtdy.
Bahmut tomusdan bäri rus goşunlary tarapyndan nyşana alynýar. Soledar Bahmutyň demirgazygynda ýerleşýär.
Şeýle-de, Zelenski 24-nji fewralda Moskwanyň esassyz çozuşy başlaly bäri 65,000 töweregi rus esgeriniň öldürilendigini, bu görkezijiniň Russiýanyň 21-nji sentýabrda 5937 adamyň ölendigi barada beren hasabatyndan has ýokarydygyny aýtdy.
Russiýanyň Goranmak ministrligi 16-njy oktýabrda öz güýçleriniň ukrain goşunlarynyň Donetsk, Herson we Mikolaýiw sebitlerinde ilerlemek synanyşyklarynyň öňüni alandyklaryny aýtdy. Şeýle-de Russiýa Ukrainadaky harby we energiýa nyşanalaryna howa zarbalaryny urmagy dowam etdirýändigini aýtdy.
Angliýanyň Goranmak ministrliginiň 17-nji oktýabrda çap eden gündelik habarynda aýdylmagyna görä, 8-nji oktýabrda bolan partlama sebäpli, Russiýa bilen Krymy birleşdirýän uly köprä ýeten zyýan netijesinde, Russiýa günortada has beterleşýän maddy-tehniki kynçylyklara duçar boldy.
Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleri bolsa, gol çekilmegine garaşylýan karara görä, 17-nji oktýabrda Lýuksemburgda ýygnanyp, 15 000 ukrain esgerine tälim bermek, ýarag üçin 500 million ýewro (487 million dollar) goýbermek arkaly, Bileleşigiň Ukraina berýän harby goldawyny güýçlendirer.