10-njy oktýabrda Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyl boldy. Türkmenistanyň döwlet gözegçiligindäki “Bitarap Türkmenistan” gazeti bu möhüm ýyl dönümi mynasybetli Ukrainanyň Aşgabatdaky ilçisi Wiktor Maýko bilen geçirilen söhbetdeşligi çap etdi.
Şeýle-de, Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi (TDH) 11-nji oktýabrda Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskä iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutlag hatyny iberendigini habar berdi.
Geň ýeri, ne ukrain ilçisi bilen guralan interwýuny çap eden “Bitarap Türkmenistan” gazetinde, ne-de türkmen prezidentiniň ukrain kärdeşine gutlag iberendigini habar beren Türkmenistanyň döwlet habarlar agentliginde Ukrainada barýan uruş agzaldy.
Azatlyk Radiosy 12-13-nji oktýabrda Türkmenistandan Russiýa göçmek isleýän raýatlaryň sanynyň köp bolmagynda galýandygyny habar berdi.
14-nji oktýabrda Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Gazagystana bardy. Türkmen prezidenti saparyň dowamynda Astanada geçirilýän GDA-nyň Döwlet baştutanlary Geňeşiniň nobatdaky sammitine we Merkezi Aziýa – Russiýa sammitine gatnaşdy.
Bu aralykda, şu günler Türkmenistanda raýatlary harby gulluga çagyrmak möwsümi dowam edýär, Aşgabatda arzan çöregiň bahasy gymmatlady, häkimiýetleriň VPN göreşi dowam edýär, ýurduň käbir sebitlerinde raýatlaryň bankomatlardan pul nagtlaşdyrmak bilen bagly ýüzbe-ýüz bolýan problemalary gaýtadan ýüze çykyp başlady.
Dünýä Türkmenleriniň bu sany geçen hepdäniň käbir möhüm wakalaryna gaýtadan ser aýlaýar.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Geçen hepde: Türkmen-ukrain ýyl dönümi, Russiýa göçüşlik, Astana sammiti we hepdäniň beýleki wakalary