Zelenski Russiýanyň doly üzňeleşdirilmegine çagyrýar, Baýden Putiniň 'düýpli ýalňyşandygyny' aýdýar

"Russiýa doly üzňeleşdirilmeli we jezalandyrylmaly. Syýasy taýdan we sanksiýalar arkaly jezalandyryldy" diýip, Zelenski G7 liderlerine ýüzlenip aýtdy.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski ukrain şäherlerine iki günläp edilen ganly howa hüjümlerinden soň, Uly ýediligiň (G7) sammitinde çykyş edip, dünýäniň senagat taýdan ösen döwletleriniň ýolbaşçylaryny, nebit-gazdan alýan girdejilerinden kesmek üçin, Russiýanyň energiýa pudagyna has kän sanksiýa girizmäge çagyrdy. ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden 11-nji oktýabrda CNN telekanalyna beren interwýusynda özüniň “rasional aktýor bolan Putiniň” Ukrainany basyp almak tutumlarynda “düýpli ýalňyşandygyna” ynanýandygyny aýtdy.

11-nji oktýabrda geçirilen sammitde wideo arkaly eden çykyşynda Zelenski, Moskwanyň urşy has gyzdyrandygyny nygtap, Russiýanyň nebit-gaz eksportyna has berk “baha çäginiň goýulmagynyň” zerurdygyny aýtdy.

Russiýanyň Ukraina 10-njy we 11-nji oktýabrda eden hüjümlerinde azyndan 19 adam öldürildi, 105 adam ýaralandy, elektrik stansiýalaryna zarba uruldy.

"Russiýa doly üzňeleşdirilmeli we jezalandyrylmaly. Syýasy taýdan we sanksiýalar arkaly jezalandyrylmaly" diýip, ol aýtdy.

"Bu hili çäreler parahatçylygy ýakynlaşdyryp biler, olar terrorçy döwleti parahatçylyk, urşuň peýdasyzdygy barada pikirlenmäge iterer" diýip, Zelenski Birleşen Ştatlaryň, Kanadanyň, Germaniýanyň, Angliýanyň, Ýaponiýanyň, Fransiýanyň we Italiýanyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip aýtdy.

G7, Uly ýedilik toparynyň liderleri öz beýanatlarynda Russiýanyň soňky raketa hüjümlerini ýazgardylar we [Russiýanyň prezidenti Wladimir] Putini we bu hüjüme jogapkär bolan adamlary jogapkärçilige çekjekdiklerini aýtdylar, ýöne munuň nädip ediljekdigini aýtmadylar.

"Biz bu hüjümleri mümkin boldugyça berk ýazgarýarys we bigünä parahat ilata garşy çem geldik ýagdaýda edilen hüjümleriň uruş jenaýaty bolýandygyny ýatladýarys" diýip, beýanatda aýdylýar.

Ak tam bu hüjümden soň Ukraina howa goragy ulgamlarynyň iberilmegini çaltlaşdyrmak wadasyny berdi, Germaniýa bolsa şäheri goramak mümkinçiligi bolan IRIS-T SLM howa goragy ulgamlarynyň ilkinji dörtlüginiň Ukraina "ýakyn günlerde" getiriljekdigini aýtdy.

Zelenski öz çykyşynda liderlerden, howa hüjümlerini zyýansyzlandyrmak üçin, has köp howa goranyş ulgamlary bilen üpjün edilmegini sorady we Ukraina şeýle ulgamlara eýe bolan halatynda "Russiýanyň terrorçylygynyň esasy elementi, raketa zarbalary işlemegini bes eder" diýdi.

Ol Ukraina öz howa goranyşyny üpjün etmekde kömek eden, gorag ulgamlaryny iberen ýurtlara, hususan-da ABŞ we Germaniýa sagbolsun aýtdy, ýöne Ukrainanyň aňtaw gullugynyň maglumatyna salgylanyp, Russiýanyň Eýrandan ýene 2400 pilotsyz uçar sorandygyny belledi.

Mundan başga, Zelenski G7 ýurtlarynyň, howpsuzlyk ýagdaýyna gözegçilik etmek üçin, Ukrainanyň Belarus bilen serhedinde halkara synçy missiýasyny döretmek barada öňe süren başlangyjyny goldamaklaryny sorady.

Ol bu missiýanyň düzüminiň diplomatlar tarapyndan işlenip düzülip bilinjekdigini aýtdy we, “Men bu başlangyjyň G7 derejesinde goldanylmagyny haýyş edýärin" diýdi.

Şeýle-de, Zelenski Ýedilik toparynyň Putin bilen gepleşik geçirip bolmajakdygyny ykrar etmelidigini, sebäbi onuň diňe terrorçylyga ynanýandygyny we "geljeginiň ýokdugyny" aýtdy.

Gepleşikler ýa başga bir rus lideri - "BMG-niň düzgünnamasyna, adamzadyň esasy ýörelgelerine we Ukrainanyň territorial bitewiligine boýun boljak" biri, ýa-da “esasy terrorçynyň terror arkaly gepleşikçileriň geljek esasy kararlaryna täsir ýetirip bilmejek ýagdaýyndaky başga bir topary bilen geçirilip bilner” diýip, ol aýtdy.

Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow 11-nji oktýabrda Moskwanyň Günbatar bilen Ukraina urşy baradaky gepleşiklere açykdygyny, ýöne häzire-bu güne çenli gepleşik geçirmek üçin hiç bir çynlakaý teklibiň gelip gowuşmandygyny aýtdy.

Russiýa hepde ahyrynda Krym köprüsinde, Moskwa tarapyndan anneksiýa edilen ýarymada bilen Russiýany birikdirýän ýeke-täk geçelgede bolan partlama sebäpli ar alýandygyny aýdyp, Ukrainanyň bir topar şäherine, şol sanda Kiýewe uran agyr raketa zarbalaryndan bir gün soň, ýurduň birnäçe sebitine gaýtadan hüjüm etdi.

Ukrainanyň günortasyndaky Zaporižýa sebitiniň häkimiýetleri 12 sany raketa hüjüminiň edilendigini, bolandygyny, partlamalaryň Kiýewiň we günbatar Hmelnitskiý şäheriniň golaýynda bolandygyny habar berdiler.

Russiýanyň Goranmak ministrligi 11-nji oktýabrda öz güýçleriniň Ukrainanyň energiýa desgalaryna urýan zarbalaryny gaýtadan başlandygyny aýtdy.

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden 11-nji oktýabrda CNN telekanalyna beren interwýusynda özüniň “rasional aktýor bolan Putiniň” Ukrainany basyp almak tutumlarynda “düýpli ýalňyşandygyna” ynanýandygyny aýtdy.

"Eger siz onuň [Ukrainany basyp almak] barada karar kabul edeninden soň eden çykyşyny diňleseňiz, ol tutuş bir ideýa – özüniň rus dilinde gürleýänleriň ählisini bir ýere jemleýän Russiýanyň lideri bolmak zerurlygy barada gürrüň edýär” diýip, Baýden aýtdy.

Şu aralykda Hagada, Ukrainanyň haýyşy boýunça, Putiniň we Russiýanyň beýleki syýasy ýolbaşçylarynynyň işlerine seretjek ýörite tribunalyň döredilýändigi, onuň döredilmegini eýýäm 11 ýurduň goldandygy we kazyýet serjermeleriniň takmynan bir ýyldan işe başlajakdygy habar berilýär.