Russiýa G7 duşuşygynyň öňüsyrasynda Ukraina täze raketa zarbalaryny urdy

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden G7 toparynyň duşuşygynyň öň ýanynda Ukraina dowamly goldaw berjekdigini aýtdy.

Russiýa 11-nji oktýabrda, Ukrainanyň bir topar şäherine we Kiýewe uran raketa zarbalaryndan bir gün soň, täze raketa hüjümlerini amala aşyrdy.

Ukrain mediasy 11-nji oktýabrda irden ýurduň çägine 20 raketanyň gelip düşendigini habar berdi. Kremle ýakyn rus harby blogçylary hem Ukraina täze raketa hüjüminiň edilendigini tassyk etdi.

Ukrainanyň günortasyndaky Zaporižýa sebitiniň häkimiýetleri bu ýere 12 sany raketanyň atylandygyny aýtdylar, Kiýewiň golaýynda we günbatardaky Hmelnitski şäheriniň ýanynda hem partlamalaryň bolandygy habar berildi.

Kiýewde howa reýdlerini duýdurýan sirenalar işläp, adamlar gyssagly ýagdaýda gaçybatalgalara girmäge mejbur boldy.

Dnipropetrowsk, Winnitsýa, Mikolaýew we Riwne sebitleri hem raketa tutuldy. Kiýewiň günorta-günbataryndaky Winnitsýa sebitinde ýylylyk elektrik stansiýasyna pilotsyz uçarlar bilen zarba uruldy.

Partlamalar Lwowda hem eşidildi diýip, şäher häkimi Andriý Sadowy 11-nji oktýabrda habar berdi. Ol elektrik togy bilen baglanyşykly problemalaryň dörändigini aýtdy.

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden Russiýanyň Ukraina uran giň gerimli howa zarbalaryndan soň, ýene bir gezek Waşingtonyň Kiýewi goldamagy dowam etdirjekdigini aýtdy we Moskwany "uruş jenaýatlary we wagşyçylyklary" üçin jogapkärçilige çekmek wadasyny berdi.

Baýden Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski bilen eden telefon söhbetdeşliginde "Russiýanyň Ukraina, şol sanda Kiýewe uran raketa zarbalaryny ýazgarýandygyny aýtdy we bu manysyz hüjümlerde ölenleriň we ýaralananlaryň ýakynlaryna gynanç bildirdi" diýip, Ak tamyň 10-njy oktýabrda çap eden beýanatynda aýdylýar.

"Prezident Baýden Ukrainany özüni goramak üçin zerur bolan goldawlary, şol sanda howa goragy ulgamlary bilen üpjünçiligi dowam etdirmegi wada berdi."

Baýden biraz öň eden beýanatynda bu zarbalaryň Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň başlan urşunyň "aňrybaş derejede wagşylygyny" görkezendigini aýtdy.

“Birleşen Ştatlar Russiýanyň şu gün Ukrainanyň çar künjeginde, şol sanda Kiýewe uran raketa zarbalaryny berk ýazgarýar” diýip, ol aýtdy.

“Bu hüjümlerde parahat adamlar öldürildi we ýaralandy, harby maksatly bolmadyk desgalar weýran edildi. Olar jenap Putiniň ukrain halkyna garşy alyp barýan bikanun urşunyň aňrybaş derejede wagşylygyny ýene bir gezek görkezýär" diýip, Baýden aýtdy.

Ukrainanyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginiň maglumatyna görä, ýurduň iri şäherleriniň, şol sanda Kiýewiň infrastrukturasyna, ýaşaýyş etraplaryna urlan zarbalarda azyndan 19 adam öldi, 105 adam ýaralandy.

Kiýew Russiýanyň Ukraina 83 sany raketa atandygyny, şolardan 43-den gowragynyň urlup gaçyrylandygyny aýtdy.

Baýden bilen bolan telefon gürrüňinde Ukraina howa goranyşynyň "biziň goranyş hyzmatdaşlygymyzda birinji orunda durýandygyny" nygtady diýip, Zelenski telegramda aýtdy.

Russiýanyň Ukrainada başlan sebäpsiz urşundaky soňky möwjemelerden soň, Ýedilik toparynyň (G7) ýolbaşçylary 11-nji oktýabr güni giçlik Zelenski bilen wideosöhbetdeşlik geçirmegi meýilleşdirdiler.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň Russiýanyň Ukraina uran raketa zarbalaryndan birnäçe sagat soň, 10-njy oktýabrda geçirilen gyssagly ýygnagynda Ukrainanyň ilçisi Russiýany "terror döwleti" diýip ýazgardy.

"Russiýa mümkin boldugyça berk çäreler bilen öňi alynmaly terrorçylyk döwletidigini ýene bir gezek subut etdi" diýip, ilçi Serhiý Kislitsýa aýtdy.

BMG 10-njy oktýabra bellenen mejlisde, halkara kanunçylygynyň bozulmagy hökmünde, Russiýanyň golaýda Ukrainanyň dört sebitini anneksiýa etmegini ýazgarýan karar taslamasyny ara alyp maslahatlaşmakçy bolupdy.

Ýöne sessiýada Günbataryň Russiýanyň Kiýewi Ukrainanyň günortasynda söweşýän rus güýçleriniň esasy üpjünçilik ýolundaky köprä zyýan ýetirmekde aýyplap, “terrorçy döwlet” atlandyrmagyny we ukrain şäherlerine 80-den gowrak raketa atmagyny ýazgarmak meselesi agdyklyk etdi.

BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterriş bu zarbalary Russiýanyň "urşy kabul edip bolmajak derejede gyzyşdyrmagy” hökmünde häsiýetlendirdi.

ÝB uruş jenaýatynyň edilendigini aýtdy, Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Ursula fon der Leýen bolsa Moskwanyň terroryň we wagşylygyň arkasynda durýandygyny aýtdy.

BMG-niň 193 agzaly Baş Assambleýasy 10-njy oktýabrda Russiýanyň bölekleýin basylyp alnan ukrain territoriýalarynda geçiren “bikanun referendum diýilýänlerini” we Ukrainanyň Donetsk, Luhansk, Herson we Zaporižýa sebitlerini “bikanun anneksiýa etmek synanyşyklaryny” ýazgarýan kararyň taslamasyny gizlin däl-de, açyk ses berişlige goýmak kararyna geldi.

Diplomatlar bu karar baradaky ses bes berişligiň 12-nji oktýabrda geçirilmeginiň mümkindigini aýtdylar.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Russiýanyň Howpsuzlyk geňeşiniň agzalary bilen geçiren wideo maslahatynda 10-njy oktýabrdaky zarbalaryň Kiýewiň "terrorçylyk" hereketleri, şol sanda 8-nji oktýabrda 19 kilometr uzynlygyndaky Krym köprüsine ýetirilen zyýan üçin ar alyş bolandygyny aýtdy. Ukrainanyň 2014-nji ýylda Russiýa tarapyndan bikanun anneksiýa edilen Krym ýarym adasy bilen Russiýany birleşdirýän köpri Moskwanyň bu sebitdäki gözegçiliginiň esasy nyşany hasaplanýar.

Şeýle-de Putin Russiýanyň şunuň ýaly zarbalary has güreldip biljekdigini, “eger-de terrorçylar hüjümlerini dowam etdirseler, has gazaply gaýtawulyň beriljekdigini” duýdurdy.

Russiýa, hiç hili subutnama görkezmezden, güman edilýän ýük ulagy partlamasynyň Ukrainanyň ýörite gulluklary tarapyndan amala aşyrylan terrorçylyk bolandygyny öňe sürdi. Ukraina bu partlama bilen baglylykda hiç bir jogapkärçiligi öz üstüne almady.

Soňky hepdelerde Ukrainanyň günortasynda we gündogarynda Russiýanyň basyp alan ýerleriniň köp bölegini yzyna alan Kiýew, Russiýanyň kabul edip bolmajak talaplary we Putiniň hereketleriniň gepleşiklere ýol goýmaýanlygy sebäpli, Putin bilen hiç hili gepleşik geçirmejekdigini aýtdy.