Prezident Wolodymyr Zelenski Russiýanyň bu zarbarlaryň uruljak wagtyny parahat ilatyň mümkin boldugyça kän ýitgi çekmegi üçin ýörite 10-njy oktýabr güni ir sagatlara gabatlandygyny, Eýranda öndürilen pilotsyz uçarlary hem ulanyp, ýurduň energiýa infrastrukturasyny nyşana alandygyny aýtdy.
Ol Ukrainanyň şäherlerini sarsdyran partlamalarda ölenleriň we ýaralananlaryň bardygyny aýtdy.
"Bu günüň säheri gaty agyr boldy. Biz terrorçylar bilen iş salyşýarys” diýip, Zelenski prezident edarasynyň daş işiginde ýazgy edilen wideo çykyşynda aýtdy.
"Onlarça raketa we Eýranyň Şahidleri” diýip, ol Eýranda öndürilen pilotsyz uçarlaryň bir görnüşini nazarda tutup aýtdy we olaryň iki nyşanasynyň bardygyny aýtdy.
“Ýurduň ähli ýerindäki energiýa desgalaryny nyşana alýarlar... Olar aljyraňňylyk we bulam-bujarlyk döretmek isleýärler, energiýa ulgamymyzy ýok etmek isleýärler" diýip, Zelenski aýtdy.
"Ikinji nyşana adamlar. Şeýle wagt we şular ýaly nyşanalar mümkin boldugyça köp zyýan ýetirmek üçin ýörite saýlandy" diýip, ol sözüni üstüni ýetirdi.
Bu hüjüm Moskwa bikanun anneksiýa edilen Krym bilen Russiýany birleşdirýän köprüde bolan partlamada ukrain “terrorçylaryny” günäkärläninden soň edilen ar alyş synanyşygy bolup göründi.
Kiýewe urlan zarbalaryň diňe birinde azyndan sekiz adam ölüp, 24 adam ýaralandy diýip, Ukrainanyň Içeri işler ministrliginiň geňeşçisi Rostyslaw Smirnow deslapky maglumatlara salgylanyp aýtdy.
Ukrain mediasynyň maglumatyna görä, Ukrainanyň beýleki künjeklerinden - Dnipro, Lwow we Ternopil şäherlerinden hem partlama habarlary gelip gowuşdy.
Günbatardaky Lwow şäherine urlan zarbalarda möhüm infrastruktura, şol sanda energiýa desgalary nyşana alyndy we ilat elektrik togundan we gyzgyn suwdan kesildi diýip, şäher häkimi Andriý Sadowiý aýtdy.
"Elektrik ýetmezçiligi sebäpli şäheriň ýylylyk elektrik stansiýalarynyň işi wagtlaýyn togtadyldy. Şu sebäpden häzir gyzgyn suw berilmeýär" diýip, Sadowiý sosial ulgamlarda aýtdy.
Kiýewiň häkimi Witaliý Kliçko telegramda partlamalaryň Ukrainanyň paýtagtynyň merkezinde bolandygyny aýtdy.
"Şewçenskiýskiý etrabynda - paýtagtyň merkezinde birnäçe partlama boldy" diýip, Kliçko telegram habarlaşma programmasynda aýtdy "jikme-jiklikleriň soňrak" habar beriljekdigini belledi.
Partlamalardan çen tutulsa, Russiýanyň şähere urşuň başynda uran zarbalary bilen deňeşdirilende, bu gezek Kiýewiň merkezi bölekleri nyşana alynýana meňzeýär. Bu ukrain paýtagtyna soňky aýlaryň dowamynda ilkinji gezek edilen raketa hüjümleri boldy.
Ukrain kanun çykaryjysy Lesýa Wasiliko twitterde paýtagtyň merkezindäki Kiýew milli uniwersitetiniň esasy binasynyň golaýynda azyndan bir partlamanyň bolandygyny görkezýän surat ýerleşdirdi.
Kiýewdäki Adatdan daşary ýagdaý gullugynyň metbugat sekretary Swýatlana Wodolaga AP habar gullugyna ölenleriň we ýaralananlaryň bardygyny aýtdy.
Wodolaga halas edijiler häzir dürli ýerlerde işleýändigini aýtdy.
Ukraina urlan zarbalar Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň Russiýany Moskwa tarapyndan anneksiýa edilen Krym bilen birleşdirýän 18 kilometrlik köprä edilen hüjümde Ukrainanyň aňtaw gullugyny günäkärläp, hiç hili subutnama getirmezden, olary “terrorçylyk hereketinde” aýyplamagynyň yz ýanyna gabat geldi.
Rus güýçleri öten agşam Ukrainanyň günortasyndaky Mikolaýew şäherine hem 10 sany S-300 raketasyny atdy diýip, Mikolaýewiň sebit harby dolandyryş gullugynyň başlygy Witaliý Kim aýtdy. Ýöne ol öz telegram habarynda, deslapky maglumatlara görä, bu ýerde pida bolanyň ýokdugyny belledi.
Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski biraz öň Russiýanyň Ukrainanyň günortasyndaky Zaporižýa şäherindäki raýat nyşanalaryna zarba urup, 14 adamyň ölmegine we köp sanly adamyň ýaralanmagyna sebäp bolan hüjümlerini döwlet derejesindäki terrorçylyk atlandyrdy.
Ol bu hüjümleriň Russiýa bilen gepleşik geçirmegiň mümkin däldigini subut edendigini aýtdy.
"Olar bizi ýok etmäge we ýer ýüzünden süpürip aýyrmaga çalyşýarlar... Zaporižýa şäherinde (öýlerinde) uklap ýatan adamlarymyzy ýok etjek bolýarlar. Dniproda we Kiýewde işe gitjek adamlary öldürýärler” diýip Zelenski telegram habarlaşma programmasynda aýtdy.
"Ukrainanyň çar künjeginde ýaňlanýan howa hüjümi sirenalary azalmaýar. Yzy üzülmän raketa zarbalary urulýar. Gynansagam, ölenler we ýaralananlar bar" diýip, Ukrainanyň baş serkerdesi Waleriý Zalužni twitterde ýazdy. Ol Russiýanyň pilotsyz uçarlary ulanyp, Ukraina jemi 75 raketa atandygyny, olaryň ýarysynyň Ukrainanyň howa goragy tarapyndan urlup, ýok edilendigini aýtdy.
Ukrain güýçleri özleriniň garşylykly hüjümlerini dowam etdirip, rus güýçlerini günortada we demirgazyk-gündogarda bir topar ýerde yza çekilmäge mejbur etmeklerini dowam etdirýärler.
Ukrainanyň günorta harby serkerdeliginiň metbugat sekretary Natalýa Humenýuk 9-njy oktýabrda “garşylyklaýyn hüjümiň başyndan şu günki güne çenli aralykda Herson ugrunda 1170 inedördül kilometrden gowrak ýeriň azat edilendigini" aýtdy.
Angliýanyň Goranmak ministrligi özüniň 10-njy oktýabrda çap eden gündelik aňtaw maglumatynda "ukrain güýçleriniň demirgazyk-gündogarda we günortada Herson oblastynda rus güýçlerine basyş etmegini dowam etdirýändigini” aýtdy.
Putin 10-njy oktýabrda Howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde eden çykyşynda Ukrainany Russiýanyň çägine terrorçylykly hüjümleri taýýarlamakda we amala aşyrmakda aýyplady. Şeýle-de ol Ukrainanyň ýörite gulluklarynyň Gara deňziň düýbünden geçýän “Türk akymy” gaz geçirijisini partlatmaga synanyşandygyny, ýöne munuň şowsuz bolandygyny aýtdy.
Şeýle-de Putin şu gün irden Ukraina urlan tapgyrlaýyn zarbalaryň “jogap çäresi” bolandygyny we, Russiýanyň çäginde geçirilmekçi bolunýan terror çäreleri bes edilmese, “beriljek jogabyň has gazaply” boljakdygyny duýdurdy.
Moskwa Krymy, Sewastopoly we Ukrainanyň ýene 4 sebitini, doly gözegçilik etmese-de, öz çägi hasaplaýar.