8-nji oktýabrda irden Russiýa bilen Moskwanyň basyp alan Krym ýarymadasyny birleşdirýän esasy köprüde ýüze çykan partlama we ýangyn ondaky hereketi togtatdy.
Bu ukrain güýçleriniň Moskwanyň ýedi aý dowam etdirýän doly gerimli basybalyjylykly hereketleriniň üpjünçiligini ýene-de nyşana alandygy baradaky çaklamalary döretdi.
Bu aralykda, Kiýew Ukrainanyň gündogarynda we günortasynda alnyp barylýan garşylyklaýyn hüjüm hereketleriniň ilerleýändigini aýdýar. Şol bir wagtda, Russiýa tarapyndan goldanylýan güýçler soňky bir aýyň içinde ilkinji gezek Donetsk regionunda öňe gidişlik gazanandygyny habar berdiler.
Rus mediasynyň we Telegram kanallarynyň maglumatyna görä, ýerli wagt bilen ir sagat 6-dyda ýüze çykan partlama sebäpli, Kerç köprüsinde hereket togtadyldy.
Maglumata görä, ýangyç tankeri ot alypdyr, adatdan daşary ýagdaýlar gulluklary hem ýangynyň öňüni almaga synanyşýarlar.
Sosial medialarda paýlaşylan suratlarda uzynlygy 19 km bolan köprüden gara tüssäniň çykýandygyny görse bolýar. Kerç aýlygynyň üstünden geçýän köpriniň gurluşygy 2019-njy ýylda tamamlandy. Russiýa 2014-nji ýylda Krymy anneksiýa etdi.