Türkmen metbugaty 30-njy njy sentýabrda Türkiýäniň döwlet eýeçiligindäki “Anadolu” habar agentligine salgylanyp, noýabrda Türkmenistanyň Türki döwlet guramasyna agza bolmagyna garaşylýandygyny habar berdi.
“Türkmenistan” awiakompaniýasy 5-nji oktýabrdan başlap, Türkiýe bilen Türkmenistan aradaky kadaly uçar gatnawlarynyň dikeldilýändigini mälim etdi.
Türkmenistanyň Türki gurama agzalygy-da, Stambula kadaly howa gatnawlaryny gaýtadan ýola goýmagy-da Ankaranyň Aşgabadyň haýyşy boýunça türkmenistanlylar üçin wizasyz syýahat düzgünini ýatyrmagynyň yz ýanyna gabat geldi.
Mundan ozal, köplenç Türkmenabadyň halkara howa menziline gondurylýan käbir halkara uçarlar indi Türkmenbaşynyň halkara howa menziline-de kabul edilip başlandy.
Geçen hepde Türkmenistanyň dürli sebitlerinde benziniň gytçylygy emele geldi.
Bu aralykda, Lebap welaýatynyň şalyçylary orak möwsümine girişýär, Balkanda bugdaý ekiş möwsümi dowam edýär.
Dünýä Türkmenleriniň bu sany geçen hepdäniň käbir möhüm wakalaryna ser aýlaýar.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Geçen hepde: Türki gurama agzalyk, Stambul uçary, Russiýadaky türkmenler, benzin gytçylygy we hatyra