Eýranlylar tussaglykda ölen ýaş zenan sebäpli dörän gahar-gazap esasynda tapgyr 17-nji gün köçelere çykyp, hökümete garşy protest bildirdiler, prezident Ebrahim Raisi halky agzybirlige çagyryp, çykyş etdi.
Ýokary okuw jaýlarynyň studentleriniň we orta mekdepleriň okuwçylarynyň 4-nji oktýabrda protestlere goşulmagy netijesinde, hamala baş örtügini düzüw geýmändigi sebäpli tussag edilen we hassahanada huşuna gelmän ýogalan 22 ýaşly Mahsa Amininiň ölüminden soň başlanan demonstrasiýalaryň has giň gerime eýe bolýandygy göründi.
Sosial ulgamlarda ýerleşdirilen wideolar Tähran, Karaj, Şiraz we Isfahan şäherlerinde proteste çykan demonstrantlaryň "Diktatora ölüm" diýen ýaly şygarlara gygyrýandyklaryny görkezýär.
Raisi parlament mejlisinde eden çykyşynda ýurtdaky "gowşaklyklary we kemçilikleri" boýun aldy, şol bir wagtda-da beýleki resmileriň, şol sanda ýokary lider Aýatolla Ali Hameneýiniň bu gozgalaňda Eýranyň duşmanlaryny günäkärläp aýdan subutnamasyz sözlerini gaýtalady.
Degişli maglumat Eýran polisiýasy Tähran uniwersitetindäki protestçiler bilen çaknyşdyŞeýle-de, Eýran tolgunyşyklar bilen baglylykda ýurduň demirgazyk-günbatar sebitlerinde, Yrak bilen aradaky serhediň ugrunda hereket edýän kürt oppozisiýa toparlaryny aýyplady.
Eýranyň yslamçy rewolýusiýa sakçylary korpusy 4-nji oktýabrda Yragyň ýarym awtonom kürt sebitlerindäki kürt jeňçi toparlaryna degişli bolan üç bazany dronlar we artilleriýa bilen bombalady diýip, ýarym resmi “Tasnim” habar agentligi habar berýär. Bu hüjümler geçen aý sebitde azyndan dokuz adamy öldüren Yslamçy rewolýusiýa sakçylary korpusy tarapyndan amala aşyrylan hüjümleriň soňkusy boldy.
Soňky on ýylyň iň uzaga çeken tolgunyşygynyň gerimini tassyklamak kyn, sebäbi hökümet sosial ulgamlary we Internet toruny petikleýär. Şaýatlar protestçileriň öýleriň üçeklerine çykyp şygarlara gygyrmagy, saçlaryny kesmegi, döwletiň talap edýän örtüklerini ýakmagy ýaly kiçi-girim garşylyk hereketler bilen ýurt boýunça geçirilýän özakymlaýyn ýygnanyşyklar barada habar berýärler.
Tähranyň Tehranpars we Ekbatan etrapçalary protestleriň geçirilýän merkezleriniň käbirleri bolup, bu ýerlerde wagtal-wagtal ok sesleri eşidilýär.
Gilan uniwersitetiniň lukmançylyk fakultetiniň talyplary 4-nji oktýabrda howpsuzlyk güýçleriniň ýörişleri basyp ýatyrmak üçin tiz kömek ulaglaryndan peýdalanmaklaryna protest bildirdiler.
Sosial ulgamlarda 4-nji oktýabrda çap edilen wideolardan mälim bolşuna görä, merkezi Eýranyň Yspyhan şäheriniň Talegani köçesiniň ugrundaky dükanlar iş taşlaýyşa goşulyp, ýapyldy.
Mahsa Aminiň dogduk obasyndan, Eýranyň Kürdüstan welaýatynyň Sagez şäherçesinden gelip gowuşýan habarlar mekdep mugallymlarynyň iş taşlaýyşa, okuwçy gyzlaryň köçelerde protestlere gatnaşýandyklaryna yşarat edýär.
Sagezde okuwçy gyzlar “Gorkma! Hemmämiz bilelikde” diýip gygyrýarlar.
Ýewropa Bileleşigi basyp ýatyrmalar bilen baglylykda täze sanksiýalara garaýandygyny aýtdy.
Daşary syýasat başlygy Josep Borrell bileleşigiň “ygtyýarynda bolan ähli wariantlara, şol sanda Mahsa Aminiň öldürilmegini hem-de Eýranyň howpsuzlyk güýçleriniň ýörişlere berýän jogabyny nyşana almak üçin çäklendiriji çärelere” garaýandygyny aýtdy.
Borrel bu teswirleri Fransiýa bileleşigi ýokary derejeli eýran resmileriniň emläklerini doňdurmak we syýahat hukugyndan mahrum etmek ýaly jeza çäreleri bilen nyşana almaga çagyrandan soň aýtdy.
ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden hepdäniň başynda Eýranda parahatçylykly protestçilere garşy zorluk ulanýanlara şu hepde nobatdaky çäreleriň görüljekdigini aýtdy.
Aminiň ölümi aýallardan köpçülikde hijap geýmegi talap edýän düzgün babatda gahar-gazap tolkunyny döretdi, aýallar bu düzgüniň Eýranda zenan hukuklarynyň ýokdugyny görkezýändigini aýdýarlar.
Resmiler onuň ýürek keseli bilen aradan çykandygyny aýdýarlar, ýöne onuň hossarlary we goldawçylary şaýatlara salgylanyp, onuň tussag edilende ýenjilendigini aýdýarlar.
Protestler başlaly bäri, ýüzlerçe adam, şol sanda sungat işgärleri, aktiwistler we žurnalistler tussag edildi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.