30-njy sentýabrda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin we Russiýa tarapyndan bölekleýin basylyp alnan Donetsk, Luhansk, Zaporižýa we Herson dört ukrain sebitiniň Moskwa tarapyndan bellenen ýolbaşçylary bu sebitleri Russiýa Federasiýasynyň düzümine girizýän “goşulmak şertnamasy” diýilýäne gol çekdiler.
Putin Kremlde geçirilen dabaranyň açylyşynda sözlän sözünde Sowet Soýuzynyň dargamagyny “tragediýa” atlandyrdy we Kommunist partiýanyň liderleriniň adaty halka sala salmazdan Sowet Soýuzyny dargatmak barada karar kabul edendiklerini aýtdy.
“Luhansk, Donetsk, Zaporižýa we Herson sebitlerinde ýaşaýan adamlar indi Russiýanyň raýatlary boldular” diýip, Putin aýtdy.
Dabaranyň öň ýany, Russiýanyň parlamentiniň aşaky öýüniň başlygy, möhüm Putin ýarany Wýaçeslaw Wolodin prezidentiň dört sebiti Russiýanyň düzümine kabul etmek baradaky meýilnamalar boýunça palatany habarly edendigini aýtdy. Bu, Russiýanyň territoriýalary ele geçirmek ugrundaky tehniki ädimleri bolup durýar.
Bu aralykda, Kremliň metbugat sekretary Dmitri Peskow 30-njy sentýabrda ele geçirilýän sebitleriň islendik künjegine edilen hüjümleri Moskwanyň Russiýa garşy edilen agressiýa hereketleri hökmünde kabul etjekdigini aýtdy.
Şeýle-de, Peskow bu kararyň çäklerinde Russiýanyň Ukrainanyň rus güýçleriniň gözegçiligi astynda bolmadyk degişli böleklerini öz düzümine “de-ýure” birikdirýändigini aýtdy.
Degişli maglumat Kiýew Russiýanyň Ukrainanyň basylyp alnan ýerlerinde geçiren galp refrendumlarynyň 'boşdugyny' aýdýarKremlde geçirilýän dabara dört ukrain sebitine Moskwanyň bellän ýolbaşçylary hem gatnaşdy. Dabara Gyzyl meýdançada geçiriljek aýdym-saz konserti bilen utgaşar.
Putin Ukrainanyň Herson we Zaporižýa sebitleriniň garaşsyzlygyny biraz öň, 30-njy sentýabrda gol çeken kararlary bilen ykrar etdi. Bu kararlar Ukrainanyň basylyp alnan iki sebitiniň Russiýa tarapyndan anneksiýa edilmegine ýol açýan araçy ädim bolup durýar.
Bu kararlar Putiniň Ukraina garşy girişen çozuşynyň edil öň ýany Luhansk we Donetsk babatda äden ädimleri bilen birmeňzeşdir.
Dört sebit Russiýa bilen, 2014-nji ýylda Moskwa tarapyndan bikanun anneksiýa edilen Krym ýarymadasynyň arasynda möhüm guryýer geçelgesi bolup durýar.
Luhansk, Donetsk, Zaporižýa, Herson we Krym ýarymadasy, jemi bäş sebit, Ukrainanyň umumy çäginiň 20 göterimini emele getirýär.
Öz goşunlary soňky birnäçe hepde bäri üstünlikli garşylyklaýyn hüjümleri amala aşyrýan ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenski bu ädime berk jogap gaýtaryljakdygyny wada berdi hem-de goranmak we howpsuzlyk başlyklaryny adatdan daşary ýygnaga çagyrdy.
Zelenski özüniň hem-de harby ýolbaşçylaryň ýurduň ýaragly güýçlerini ýarag bilen üpjün etmek meselelerini, şeýle-de Russiýanyň mundan soňky planlaryny ara alyp maslahatlaşandyklaryny Telegram arkaly aýtdy.
Birleşen Ştatlar we Birleşen Milletler Guramasy 29-njy sentýabrda Russiýanyň kabul ediş dabarasyny geçirmek meýilnamalaryny berk ýazgardy.
Dabara dört ukrain sebitinde geçirilen we Günbatar ýurtlarynyň “galp” atlandyran, ýöne Moskwanyň sebitlere bellän ýolbaşçylarynyň Russiýa birikmek meselesiniň güýçli goldaw tapandygyny aýdan “referendumlarynyň” yz ýany geçirilýär.
Britaniýanyň premýer-ministri Liz Truss Putini “özüniň wekilçilik edýändigini aýdýan ukrain halkynyň durmuşyny aç-açan äsgermezlikde” tankytlady.
“Birleşen Şalyk ol adamlaryň özygtyýarly erkini asla ünsden düşürmez we Donetsk, Luhansk, Herson we Zaporižýa sebitlerini ukrain territoriýalaryndan başga ýurduň territoriýasy hökmünde asla kabul etmez” diýip, ol 30-njy sentýabrda aýtdy.
Germaniýanyň prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýer hem dört ukrain sebitinde geçirilen referendumlary we bu sebitleriň Russiýa tarapyndan alynmagyny ýazgardy.
Degişli maglumat Rus zarbasy Zaporižýada azyndan 25 adamy öldürdi, 50 adamy ýaralady“Biz bu netijeler diýilýänleri kabul etmeýäris, biz bu serhetleriň üýtgedilmegini kabul etmeýäris!” diýip, Ştaýnmaýer 30-njy sentýabrda Germaniýanyň Agzybirlik güni mynasybetli Berliniň Bellewue köşgünde geçirilen medal gowşurmak dabarasynda eden çykyşynda aýtdy.
ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden Russiýanyň Ukrainanyň çägini almagyny Birleşen Ştatlaryň asla ykrar etmejekdigini aýtdy. ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken bolsa “referendumlar Ukrainadan ýer almagyň nobatdaky synanyşygyny ýaşyrmak üçin edilen puç tagalla” diýdi we netijeleriň “Moskwada gurnalandygyny hem-de olaryň Ukrainanyň halkynyň erkini şöhlelendirmeýändigini” aýdyp, beýanatynyň üstüni ýetirdi.
Waşington we Ýewropa Bileleşigi Russiýany mundan-da beýläk üzňeleşdirmek üçin goşmaça sanksiýalara taýýarlyk görýän mahaly, Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Putin bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde, ony dartgynlylygy gowşatmak ugrunda çäre görmäge çagyrdy. Birleşen Milletler Guramasynyň baş sekretary Antonio Guterriş bolsa, anneksiýany parahatçylyk mümkinçiliklerine howp saljak “howply eskalasiýa” atlandyrdy.
Guterriş Donetsk, Luhansk, Herson we Zaporižýa sebitlerini ele geçirmek babatda kabul edilen islendik kararyň “hiç hili kanuny ähmiýeti ýok we ýazgarylmaga mynasyp” diýdi.
Ele geçiriş “dünýä ykdysadyýetine, hususan-da ösüp barýan ýurtlardaky, düýpli täsirleriň möhletini uzaldar we biziň Ukraina we beýleki ýurtlara halaa ediş ýardamlaryny ibermek mümkinçiliklerimze päsgelçilik döreder” diýip, Guterriş aýtdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.