Rus zarbasy Zaporižýada azyndan 25 adamy öldürdi, 50 adamy ýaralady

Sebit häkimi Oleksandr Staruh

Ukrainanyň baş prokurory Russiýanyň 30-njy sentýabrda Ukrainanyň günortasyndaky Zaporižýa şäheriniň golaýynda raýat ulaglarynyň kerwenine eden raketa hüjüminde azyndan 25 adamyň ölüp, 50 adamyň ýaralanandygyny aýtdy. Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski bu zarba bilen baglylykda Russiýany ýene-de bir gezek terrorçylykda aýyplady.

Biraz öň sebit häkimi Oleksandr Staruh bu hüjümde azyndan 23 adamyň ölüp, 28 adamyň ýaralanandygyny aýdypdy.

"Şu wagta çenli 23 adam öldi we 28 adam ýaralandy. Olaryň ählisi parahat ilata degişli" diýip, Staruh Telegramda ýazdy.

Ol ýoldaky ulaglaryň we jesetleriň suratlaryny paýlaşdy, halas edijileriň hüjümiň bolan ýerine gelendigini aýtdy.

Staruh ulag kerweniniň Russiýanyň basyp alan çägine tarap barýandygyny aýtdy.

Russiýa Moskwanyň Ukraina, ABŞ we BMG tarapyndan ret edilen referendumlar arkaly, Zaporižýa bilen bilelikde ele geçirmäge taýýarlanýan dört ukrain sebitiniň birine urlan zarbany bada-bat boýun almady.

Staruh ulag kerweniniň içindäki adamlaryň Russiýanyň basyp alan ýerlerindäki garyndaşlaryny howpsuz ýere çykarmak üçin ýola çykandyklaryny aýtdy.