Birleşen Ştatlar we onuň ýaranlary, Günbataryň we BMG-niň Ukrainanyň dört sebitinde geçirilen referendumlary “galp” diýip atlandyrmagyndan soň, Russiýa garşy täze sanksiýalary girizmäge taýynlanýar, Ak tam bu referendumlaryň Moskwanyň "agyr" ykdysady baha tölemegine sebäp boljakdygyny aýtdy.
Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Ursula fon der Leýen 28-nji sentýabrda täze görüljek çäreler toplumynyň, Ukrainadaky konflikti güýçlendirendigi üçin, "Kremle goşmaça töleg töletjekdigini” aýtdy.
“Biz Ukrainadaky galp referendumy ýa-da haýsydyr bir görnüşdäki anneksiýany kabul etmeýäris we Kremle ýagdaýy has ýitileşdirendigi üçin töleg töletmek meselesinde aýgytly” diýip, ol Brýusselde žurnalistlere aýtdy.
Teklip edilýän sekizinji sanksiýa bukjasy, rus önümleriniň importyna gadaganlyk girizmek bilen, Moskwany goşmaça 7 milliard ýewro (6,7 milliard dollar) girdejisinden mahrum etmeklige gönükdirilen.
Ak tam Birleşen Ştatlaryň Russiýanyň Ukrainanyň käbir böleklerini anneksiýa etmek synanyşygyny "hiç wagt" ykrar etmejekdigini, eger olar anneksiýa hyýalyndan el çekmeseler, Moskwa garşy Russiýa agyr ykdysady çykdajy boljak täze ykdysady sanksiýalary taýýarlaýandygyny aýtdy.
"Biz bu bikanun we legitim däl anneksiýa synanyşyklaryny hiç wagt ykrar etmeris" diýip, metbugat sekretary Karine Žan-Pýer 28-nji sentýabrda žurnalistlere aýtdy.
"Biz ýaranlarymyz we hyzmatdaşlarymyz bilen Russiýa, Russiýanyň içindäki we daşyndaky şahsyýetlere, guramalara goşmaça ykdysady çykdajylary çaykartjak çäreleri görmek üçin işläris" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
ÝB Russiýadan polat we polat önümleriniň importyny, kagyz importyny, ozalky sanksiýalara girmedik önümleriň we enjamlaryň, aralyk himiki maddalaryň, plastmassalaryň we çilimleriň importyny doly gadagan eder diýip, ÝB diplomaty aýtdy.
Sanksiýalar ÝB ýurtlaryndan awiasiýada ulanylýan tekerler, togtadyjy gurallar ýaly harytlaryň, öňden gadagan edilen has çylşyrymly komponentleri goşmak bilen, elektrik bölekleriniň eksport edilmegini gadagan eder diýip, diplomat sözüniň üstüni ýetirdi.
Mundan başga, diplomat bu teklibiň adamlaryň gynalmagy üçin ulanylyp bilinjek harytlaryň eksportyny hem gadagan etmegi maksat edinýändigini aýtdy.
Fon der Leýeniň sözlerine görä, sanksiýalar bukjasy nebitiň bahasynyň çäklendirilmegi üçin kanuny esas döreder we ÝB raýatlarynyň Russiýanyň döwlet kompaniýalarynyň dolandyryş edaralarynda işlemegini gadagan eder.
Täze sanksiýalar referendumy gurnamak bilen meşgullanýan 37 şahsyň we kompaniýanyň işgärlerine hem çäklendirme girizer.
Bu ministrleriň orunbasarlaryny, nädogry maglumatlaryň ýaýradylmagyna gatnaşýan adamlary, tanymal medeniýet işgärlerini, aýdymçy-sazandalary hem öz içine alar.
Bu teklip 27 agza döwletiň Ýewropa Bileleşigindäki ilçilerine hödürlener, olar ony 30-njy sentýabrda ara alyp maslahatlaşmaly. Zerur bolan agzybirligiň gazanylmagy üçin, olar öz aralaryndaky pikir tapawutlaryny ýeňip geçmeli bolarlar.
ABŞ-nyň sanksiýa režiminiň iki arhitektory Waşingtonda kanun çykaryjylara ýüzlenip, geljekki sanksiýalaryň Putini urşy maliýeleşdirmek we söweşmek üçin zerur bolan zatlaryndan mahrum etmelidigini aýtdy.
Bu Russiýanyň nebit we gaz satuwyndan gelýän girdejilerini, öz goşunyny gaýtadan enjamlaşdyrmak üçin zerur bolan global üpjünçilik ulgamlaryna elýeterliligini hem öz içine alar.
Gazna sekretarynyň kömekçisi Ýelizaweta Rosenberg ABŞ-nyň Russiýany energiýa girdejilerinden mahrum etmekde ‘aňrybaş derejede ünsi bolmalydygyny” aýtdy.
Rozenberg 28-nji sentýabrda Döwlet departamentiniň sanksiýa utgaşdyryş gullugynyň başlygy Jeýms O'Brien bilen bilelikde, Senatyň Daşary gatnaşyklar komitetinde çykyş etdi.
Sebäbi senatorlar sanksiýalaryň birinji tapgyrynyň Moskwa, administrasiýanyň çak edişi ýaly, agyr ýa-da çalt zarba urmandygyny aýdýarlar.
Şu aralykda, Ak tam 28-nji sentýabrda eden beýanatyna laýyklykda, ABŞ-nyň Ukraina 18-e golaý iň döwrebap raketa ulgamyny, pilotsyz uçarlara garşy ulanylýan ýaraglary maliýeleşdirmek üçin goşmaça 1,1 milliard dollarlyk harby kömek berjekdigi belli boldy.
AFP agentliginiň bellemegine görä, rus goşunlarynyň Ukraina garşy giň gerimli hüjüme başlan wagtyndan bäri, ABŞ ukrain goşunlaryna umumy bahasy 16 milliard dollardan gowrak harby kömek berdi.
Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň serkerdeligi, daşary ýurt aňtaw gulluklary we harby hünärmenler ukrain goşunyna iýun aýynyň aýagyndan bäri iberilýän HIMARS raketa ulgamlarynyň söweşleriň gidişine ep-esli derejede täsir edýändigini bellediler.
Ukrain häkimiýetleri uruşda gutarnykly öwrülişik gazanmak üçin özlerine bu ulgamlaryň azyndan 200 sanysynyň gerekdigini aýdýarlar.