Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski, ukrain goşunlarynyň demirgazyk-gündogardaky esasy derýanyň gündogar kenaryna baryp ýetendigi baradaky habarlardan soň, rus goşunlaryna garşy söweş meýdanynda gazanylan "ýeňişleriň birnäçesini" mysal getirdi, ýöne günbatar harbylarynyň we beýleki resmileriň ýedi aýa golaýlan konfliktde täze töwekgellikleriň bolmak ähtimallygy baradaky duýduryşlaryna goşuldy.
Şu aralykda, Ukrainanyň ýadro operatorynyň habar bermegine görä, rus goşunlary Ukrainanyň ýadro elektrik stansiýalarynyň birine, günortadaky Mikolaýiwiň golaýyna hüjüm etdi, ýöne reaktorlara zyýan ýetmedi.
Zelenski 18-nji sentýabrda giçlik islendik "asudalygyň" “indiki tapgyra taýýarlygyň” bir bölegidigini duýdurdy, ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden bolsa, ukrainalylaryň" Russiýany ýeňýän” wagtynda "entek edilmeli işleriň has köpdügini” aýtdy.
ABŞ-nyň baş ştabynyň serkerdeleriniň başlygy, ABŞ goşunynyň generaly Mark Milli bolsa, Polşa sapary wagtynda Moskwanyň söweşdäki şowsuzlyklaryna nähili reaksiýa bildirip biljekdigi baradaky aladalary ýatladyp, ABŞ-nyň Ýewropadaky goşunlaryny we ýaranlaryny "ýokary derejede taýýar we hüşgär” bolmaga çagyrdy.
"Belki, käbiriňiz öz gazanan tapgyrlaýyn ýeňişlerimizden soň biz indi her dürli asudalyklara eýe bolarys diýýänsiňiz” diýip, Zelenski gijeki wideo ýüzlenmesinde aýtdy. “Emma bu ýerde asudalyk ýok. Bu ýerde indiki tapgyrlar üçin taýýarlyk bar... Ukraina azat bolmaly. Onuň hemme ýeri azat bolmaly” diýip, prezident aýtdy.
Ukrain harbylary biraz öň Telegram arkaly öz goşunlarynyň demirgazyk-gündogar Harkow sebitinde, şu aýyň dowamynda müňlerçe inedördül kilometri azat edendiklerini aýdýan garşylykly hüjümleriniň çäginde, Oskil derýasynyň ýokarysynda harby berkitme döredendiklerini aýtdylar.
Hünärmenler Oskildäki berkitmäniň gündogar Ukrainanyň Donbas sebitindäki rus goşunlaryna howp abandyryp biljekdigini aýdýarlar. Moskwa bu sebitde Russiýa tarapyndan goldanýan separatistleriň sekiz ýyl bäri eýeleýän territoriýasyny elde saklamagy ileri tutýar.
Oskil günorta, ikisi bileleşip Donbasy düzýän Donetsk we Luhansk sebitlerini ikä bölýän Siwierski Donets derýasyna akýar.
Ukrain goşuny 18-nji sentýabr güni giçlik öz goşunlarynyň "Oskiliň üstünden geçendigini" aýtdy we " Ukrainanyň düýnden bäri gündogar kenara gözegçilik edýändigini" öňe sürdi.
Luhansk welaýatynyň gubernatory Serhiý Haýdaý Telegramda "Luhansk sebiti indiki işik. Dekokupasiýa uzakda däl" diýip ýazdy.
Ukrainanyň baş ştaby 19-njy sentýabr güni irden, soňky bir ýarym günde alty sany raketa zarbasynyň, 22 howa zarbasynyň urlandygyny, tapgyrlaýyn raketa ulgamlaryndan bolsa 90-dan gowrak zarbanyň urlandygyny aýtdy.
Urlan zarbalar 30-dan gowrak şäherde we şäherçede infrastruktura zyýan ýetirdi, ukrainalylara ýurduň hemme ýerinde howa we raketa zarbalarynyň howp salýandygy duýduryldy diýip, baş ştab aýtdy.
Ukrainanyň ýadro operatory "Enerhoatom" rus goşunlaryny Mikolaýiw sebitiniň günortasyndaky Piwdennukraýinsk atom elektrik stansiýasyna hüjüm etmekde günäkärledi, ýöne desganyň kadaly işleýändigini aýtdy.
Ukrain resmileri 18-nji sentýabrda rus goşunlaryny Ýewropanyň iň uly ýadro desgasynyň ýerleşýän Zaporižýa şäherinde artilleriýa bilen raýat infrastrukturasyna zarba urmakda aýyplady.
Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy gyzgyn söweş meýdanynda bolandygy aýdylýan zatlary garaşsyz şertlerde barlap bilmeýär.
ABŞ-nyň we beýleki ýurtlaryň Polşadan ukrain goragçylaryna kömek edýän bazasyna eden saparyndan soň, baş ştabyň serkerdeleriniň başlygy, ABŞ-nyň goşun generaly Mark Milli "edil häzir urşuň Russiýa üçin o diýen gowy barmaýandygyny” aýtdy.
Prezident Baýden özüniň telewideniýede berlen çykyşynda "Ukrainadaky uruşda ýeňiş gazanmak Russiýany Ukrainadan doly çykarmakdan we [ukrain] özygtyýarlylygyny ykrar etmekden ybarat" diýdi.
Ol ukrainalylaryň "Russiýany ýeňýändiklerini" öňe sürdi we "Russiýa, köp adamyň pikir edişi ýaly, başarnykly we ukyply bolup çykmajak ýaly" diýdi.
Ukrainadaky söweşlerdäki şowsuzlyklar arasynda Putiniň ýadro ýaraglaryny ulanmak ähtimallygy barada soralanda, Baýden diňe: "Muny etmäň. Bu urşuň ýüzüni Ikinji jahan urşundan bäri görülmedik derejede üýtgeder” diýip jogap berdi.