Tokaýew prezidentlik möhletini, paýtagtyň adyny üýtgedýän kanunçylyga gol çekdi

Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew 

Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew mundan öň yzygiderli iki möhlete rugsat berýän bäş ýyllyk prezidentlik möhletini ýeke gezek ýedi ýyllyk möhlet bilen çalyşmak we paýtagtyň adyny Nur-Soltandan Astana üýtgetmek üçin resmi kanuna gol çekdi.

Bu çäre 17-nji sentýabrda, Gazagystanyň parlamentiniň aşaky palatasy, Majlis Tokaýewiň "täze Gazagystan" diýýänini döretmek kampaniýasynyň çäginde teklip eden üýtgetmelerni tassyklanyndan bir gün soň görüldi.

Tokaýew 2019-njy ýylda ýurduň ilkinji prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň hormatyna paýtagtyň adyny Nur-Soltan diýip üýtgetmek baradaky karara gol çekipdi.

Ýöne Tokaýew soňky aýlarda özüni il içindäki meşhurlygy barha kän pese gaçýan öňki prezidentden daşrakda saklamaga çalyşýar.

Ol 1-nji sentýabrda ýakyn aýlarda irki prezident saýlawlaryny geçirmäge çagyrdy. Bu saýlawda onuň özüniň hem bäsleşmegine we ýeňiji bolmagyna garaşylýar. Şol bir wagtda ol prezidentlik möhletiniň bäş ýyldan ýedi ýyla çenli ýokarlandyrylmagyny teklip etdi. Täze düzgüne laýyklykda, geljekki prezidentlere bir gezekden artyk möhlete dalaşgär bolmak gadagan ediler.

Ozalky sowet respublikasyna tas otuz ýyllap ýolbaşçy bolan we ýurdy demir ýumruk astynda dolandyran Nazarbaýew 2019-njy ýylda wezipesinden çekilende, öz ornuny tutjak mirasdüşer edip Tokaýewi saýlady.

Ýöne prezident bolmasa-da, Nazarbaýew Howpsuzlyk geňeşiniň başlygy wezipesini özünde saklap, giň ygtyýarlyklara eýe boldy. Şeýle-de, “elbasy” ýa-da milletiň lideri diýen at-derejesi oňa köp ygtyýarlyk berýärdi.

Emma muňa garamazdan, Nazarbaýewiň döwründe ýol berlen eden-etdiliklerden köp ejir çeken adamlar onuň şeýle ygtyýarlyklara eýe bolmagyndan gaty nägile boldular.

Bu duýgular ýanwar aýynda, ýangyç bahasynyň ýokarlanmagy bilen baglanyşykly, hökümete garşy görlüp-eşidilmedik protestleriň başlanmagyna alyp geldi we soňy bilen, Nazarbaýew režimi döwründe, garyndaşparazlyk we korrupsiýa arkaly baýan prezident maşgalasynyň we olaryň dostlarynyň aşa baýap, nebite baý merkezi aziýa ýurdunyň girdejilerini ýönekeý raýatlar bilen bölüşmezligi bütin ýurduň tolgunyşyga gaplanmagyna sebäp boldy.

Tokaýew şondan soň Nazarbaýewi Howpsuzlyk geňeşindäki wezipesinden boşatdy we bu wezipäni öz üstüne aldy.

Şondan bäri Nazarbaýewiň birnäçe garyndaşy we ýaranlary eýeleýän uly wezipesinden kowuldy ýa-da işinden çekildi. Olaryň käbiri korrupsiýa aýyplamalary bilen tussag edildi.

Tokaýewiň başlangyjy bilen iýun aýynda geçirilen referendum Nazarbaýewiň adyny Konstitusiýadan aýyrdy we onuň "elbasy" statusyny ýatyrdy.

Gazak tankytçylary Tokaýewiň başlangyçlarynyň esasan ýeňil-ýelpaý bolandygyny, giň ýaýran korrupsiýa we garyndaşparazlyk sebäpli ençeme ýyl bäri ejir çekýän ýurtda ornaşdyrylan awtokratik ulgamyň tebigatyny üýtgetmeýändigini aýdýarlar.