Zelenski azat edilen sebite sapar edip, ýeňiş wadasyny berdi

Wolodymyr Zelenski esgerleriň arasynda

Ukrain goşunynyň rus goşunlaryndan yzyna alan ýerlerine baryp gören prezident Wolodymyr Zelenski şäherlerde we şäherçelerde uly weýrançylyklaryň bolandygyny, esasy şäherleriň biri bolan Kriwi Rihiň bolsa, öz suw ulgamyny rus raketalarynyň zyýan ýetirmeginden goramak üçin elde baryny edendigini aýtdy.

Rus goşunlarynyň yzynda galan weýrançylyga garamazdan, ukrain güýçleri Harkow sebitiniň täze azat edilen ýerlerindäki gözegçiligi berkitmegi dowam etdirýärler diýip, Angliýanyň Goranmak ministrligi 15-nji sentýabrdaky gündelik aňtaw habarynda aýtdy.

Zelenski 14-nji sentýabrda gündogarda azat edilen strategiki şähere, Izýuma eden saparynda "ýeňiş" wadasyny berdi. Bu sapar alty aý gowrak wagt bäri dowam edýän urşuň aýgytly pursadynda boldy, Ukraina Moskwanyň goşunlaryny gündogar çäginden kowup çykardy.

Zelenski sosial mediada eden beýanatynda "Biziň gök-sary reňkli baýdagymyz eýýäm basylyp alnan Izýumda hem parlaýar. Bu Ukrainanyň her bir şäherinde we obasynda şeýle bolar" diýdi.

"Biz diňe bir tarapa - öňe we ýeňşe tarap barýarys" diýip, ol aýtdy. Zelenski soňra, gije eden wideo ýüzlenmesinde ukrain goşunlarynyň bäş günde 110 kilometr ilerländigini aýtdy.

Britan aňtaw gullugynyň maglumatyna görä, rus güýçleri gündogar Ukrainadaky Oskil derýasynyň günbataryndaky ýerlerden yza çekilip, gymmat bahaly harby enjamlaryny, şol sanda Russiýanyň artilleriýa zarbalaryny urmak usulyna daýanýan hüjümleriniň üpjünçiligi üçin zerur bolan enjamlary taşlap gaçypdyr.

Şeýle-de, britan maglumatlarynda käbir bölümleriň degişlilikde tertip-düzgünli, gözegçilik astynda yza çekilendigi, emma beýlekileriň ukrainleriň gaty çaltlykdaky garşylykly hüjümi wagtynda "aljyraňňylyk bilen, baş-başdak gaçandygy" görkezildi.

Howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Oleksi Danilow Ukrainanyň 24-nji teleýaýlymyna beren interwýusynda Ukrainanyň garşylykly hüjümi wagtynda ýitiren esgerleriniň sanynyň Kiýew goşunlarynyň peýdasyna, 1 garşylygynda 9-10 aralygynda bolandygyny aýtdy.

Bu maglumat garaşsyz ýagdaýda tassyklanyp bilinmedi.

Resmileriň aýtmaklaryna görä, merkezi Ukrainada ýerleşýän we uruşdan öňki ilaty 650 000 töweregi bolan uly şäher Kriwi Rihde ruslaryň atan ganatly raketalarynyň 14 sanysy suw elektrik ulgamyna gelip urupdyr.

Zelenski 15-nji sentýabr güni irden çap eden gündelik wideo ýüzlenmesinde raketa zarbalarynyň Karaçunow suw howdanynyň bendine hem degendigini aýtdy. Suw ulgamynyň "harby gymmaty ýok" we her gün ýüzlerçe müň raýat oňa garaşly bolýar diýip, prezident sözüniň üstüni ýetirdi.

Zelenskiiň demirgazyk-gündogar Harkow sebitindäki azat edilen ýerlere eden saparyndan Kiýewe gaýdyp geleninden soň ýaýradylan wideosy adaty gijeki ýüzlenmesinden has giç çykdy we onuň ofisi prezidentiň awtoulagynyň sapardan gelýän wagty Kiýewde hususy ulag bilen çakyşandygyny habar berdi. Ýol hadysasy wagtynda prezidente çynlakaý zeper ýetmedi, beýleki awtoulagyň sürüjisine Zelenskiniň lukmanlar topary ilkinji kömegi berdiler we ol hassahan alnyp gidildi.

Bu hadysa derňelýär diýip, metbugat wekili aýtdy.

Ukrain goşuny rus güýçlerini ýurduň demirgazyk-gündogaryndaky ýüzlerçe şäherden we şäherçeden kowup çykardy, Zelenskiý azat edilen jemgyýetleriň durnuklaşdyrylmagynyň dowam edýändigini aýtdy.

13-nji sentýabrda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen telefonda 90 minutlap gürleşen german kansleri Olaf Şolz 14-nji sentýabrda Putiniň Ukrainany basyp almak baradaky pikirini üýtgetmändigini aýtdy.