Russiýanyň we Hytaýyň liderleri Özbegistanda geçiriljek sammitde duşuşýarlar

2019-njy ýylyň iýun aýynda Duşanbe şäherinde geçirilen sammidiň öň ýanynda, Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin (sagda) Hytaýyň prezidenti Si Szinpin bilen duşuşyp, ony doglan güni bilen gutlaýar.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin hytaýly kärdeşi Si Szinpin bilen Özbegistanda, Pekin we Moskwa tarapyndan ABŞ-nyň täsirine garşy göreşmek üçin döredilen howpsuzlyk guramasynyň sammitinde duşuşýar.

Sekiz agzaly Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Samarkant şäherindäki sammiti, Russiýanyň Ukraina çozmagynyň yz ýany, Putiniň daşary ýurtlarda üzňeleşdirilýän we Pekiniň tehnologiýa, howpsuzlyk we territoriýa meseleleri boýunça ABŞ, Ýewropa, Ýaponiýa we Hindistan bilen gatnaşyklarynyň dartgynlaşýan döwtünde geçirilýär.

Russiýanyň delegasiýasy tarapyndan metbugata ýaýradylan meýilnamada Putiniň we Siniň 15-nji sentýabrda öýlän ikitaraplaýyn "aýratyn ähmiýetli" ýygnak geçirjekdigi aýdylýar. Olaryň bu ýygnagyň dowamynda Ukraina we Taýwan meselelerini ara alyp maslahatlaşjakdygy bellenilýär.

Degişli maglumat Türkmen prezidenti Samarkantda hytaýly, russiýaly kärdeşleri bilen ikiçäk gepleşik geçirýär

Siniň Özbegistana edýän sapary onuň soňky iki ýarym ýyldan gowrak wagtyň dowamynda edýän ilkinji saparlarynyň biridir. Koronawirus sebäpli daşary ýurda gitmekden saklanan Si pandemiýanyň başyndan bäri ilkinji saparyny 14-nji sentýabrda Gazagystana amala aşyrdy.

Russiýanyň Ukraina sebäpsiz çozmagyndan bir az wagt öň, Si we Putin Pekinde gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasynda duşuşypdy we öz ýurtlarynyň arasynda "çäksiz" dostluk yglan edipdiler.

Hytaý söweşde Russiýany diplomatik taýdan goldap, bu konflikte Waşington bilen NATO-nyň jogapkärdigini öňe sürdi.

Günbataryň Russiýa garşy girizen sanksiýalaryndan soň, Hytaýyň önümleriniň rus bazarlaryndaky boşluklary dolduryp başlamagy bilen, Pekin iki ýurduň arasyndaky söwdanyň düýpli ýokarlanmagyndan peýdalandy.

Şeýle-de, Günbatar Russiýanyň ýangyç-energetika üpjünçiligini boýkot edip başlaly bäri Hytaý Russiýadan ep-esli köp energiýa serişdelerini satyn alýar.

Muňa garamazdan, Pekin sanksiýalaryň nyşanyna öwrülmezlik maksady bilen, Russiýa garşy girizilen halkara sanksiýalaryny bozmakdan gaça durýana meňzeýär.

Bu aralykda, özbek hökümeti Putiniň Eýranyň, Gyrgyzystanyň, Pakistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň liderleri bilen hem duşuşjakdygyny aýtdy.

Degişli maglumat Sinjiangda ýitirim bolan gazaklaryň garyndaşlary Hytaýyň prezidentiniň Gazagystana sapary döwründe dymdyryldy

Beýanatda Putiniň 16-njy sentýabrda Azerbaýjanyň, Hindistanyň we Türkiýäniň liderleri bilen duşuşmakçydygy hem bellenilýär.

Şol gün, ýagny ŞHG-nyň Döwlet baştutanlarynyň geňeşinde Putin guramanyň geljegi hakdaky garaýyşlary we Ýewraziýa bloguny nädip güýçlendirip boljakdygy barada çykyş eder.

Howpsuzlyk we syýasy hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek maksady bilen 2001-nji ýylda döredilen ŞHG Gazagystany, Gyrgyzystany, Pakistany, Täjigistany, Özbegistany, Russiýany, Hytaýy we Hindistany öz içine alýar.

Şu wagta çenli synçy statusyna eýe bolan Eýran 15-nji sentýabrda ŞHG-nyň hemişelik agzasy bolmak üçin borçnamalaryň memorandumyna gol çekdi.

Belarus we Mongoliýa hem synçy statusyna eýedir.

Ermenistan, Azerbaýjan, Kamboja, Nepal, Şri-Lanka we Türkiýe ŞHG-de hyzmatdaş statusyna eýedir.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.