Sinjiangda ýitirim bolan gazaklaryň garyndaşlary Hytaýyň prezidentiniň Gazagystana sapary döwründe dymdyryldy

Pekiniň Sinjiangdaky lager ulgamynda tussag edilendigine ynanylýan gazaklaryň garyndaşlary 5-nji sentýabrda Almatyda kiçijik ýygnak geçirdiler.

Hytaýyň lideri Si Szinpiniň Gazagystanyň paýtagty Nur-Soltana eden saparynyň öňüsyrasynda, Hytaýyň Sinjiang welaýatynda garyndaşlarynyň tussag edilmegine we onuň giň lager ulgamyna garşy protest geçiren aktiwistler tussag edilip, gorkuzmalara sezewar edildiler.

Bahyt Žarykbasowanyň adamsy Baýbolat Kunbolat tussag edilip, 15 gün azatlykdan mahrum edilenleriň biridir. Bir ýarym ýyldan gowrak wagt bäri Kunbolat Gazagystanyň iň uly şäheri bolan Almatydaky Hytaý konsullygynyň daşynda demonstrasiýalary guraýar we goňşy sebitde garyndaşlary ýitirim bolan, türmä basylan ýa-da gabalan beýleki gazaklar bilen birlikde. öz doganynyň boşadylmagyny talap edýär.

Emma Siniň 14-nji sentýabrda eden ýokary derejeli saparynyň öňüsyrasynda, demonstrantlar tussag edilmeleriň, adamlaryň polisiýa merkezine çagyrylmagynyň we Hytaý lideriniň döwlet sapary wagtynda başgaça pikirleriň öňüni almak üçin Nur-Soltan şäherine barmazlyk barada duýduryşlaryň ençemesi bilen ýüzbe-ýüz bolandyklaryny aýdýarlar. Siniň Gazagystana eden bu sapary onuň soňky iki ýyldan gowrak wagtyň dowamynda daşary ýurda eden ilkinji saparydyr.

"Häkimiýetler oňa duýduryş berdiler, menem oňa duýduryş berdim, ýöne ol muny etjekdigini we mundan beýläk hem dowam etdirjekdigini aýtdy" diýip, adamsy 10-njy sentýabrda tussag edilen Žarykbasowa Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna (AÝ/AR) aýtdy.

"Baýbolat tussaghanada ýagdaýynyň gowudygynyň aýdýar, ýöne men Hytaýyň prezidenti şu ýerden gidýänçä, ony goýbermejekdiklerini bilýärin" diýip, ol sözüne goşdy.

Baibolat Kunbolat Hytaýyň Nur-Soltandaky ilçihanasynyň öňünde durup, eline Sinjiangda tussag edilen doganynyň suratyny alyp, nägilelik bildirdi. 2020-nji ýylyň fewral aýy

Hytaýyň Sinjiang welaýatyndaky basyşy 1 milliondan gowrak uýguryň, gazagyň, gyrgyzyň we beýleki musulman azlyklarynyň köpçülikleýin tussaghanalara ýerleşdirilmegine getirdi. 2017-nji ýylda Pekiniň torunyň tizlenmegi bilen, Hytaýda tussag edilen etniki gazaklaryň gözgyny ýagdaýy başgaça pikirlileriň garaşylmadyk çeşmesi boldy, öňki tussaglaryň we olaryň maşgala agzalarynyň görkezmeleri partizançylyk kampaniýasyny güýçlendirip, halkara jemgyýetçiliginiň bu meselä üns bermegine getirdi.

Bu ýagdaý, Gazagystanyň hökümetini lager ulgamynda dokumentleşdirilen hukuk bozulmalaryň uzyn sanawyny inkär edýän Pekini barlyşdyrmagyň we Hytaýdaky maşgala agzalarynyň bähbidine lobbi etmek bilen meşgullanýan ilatyň gaharly bir bölegi bilen iş salyşmagyň arasyndaky inçe ýüpde ýöremegine hem getirdi.

"Bu ýerde [bu tussag edilmeleriň we haýbatlaryň] diňe bir maksady bar - Hytaý liderine ýaranmak" diýip, Sinjiangda tussag edilen etniki gazaklar üçin lobbi edýän "Atajurt Eriktileri" toparynyň resmi taýdan hasaba alnan bölüminiň ýolbaşçysy Ýerbolbol Dauletbek, AÝ/AR-na aýtdy.

"Hökamet Hytaýyň jenaýatlaryny gizlemäge şeýle kömek edýär" diýip, ol sözüne goşdy.

Sinjiang protestlerini dymdyrmak

Demonstrantlar, Hytaý prezidentiniň Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşygy yglan edilmezden ozal hem, häkimiýetleriň barha artýan basyşyna sezewar boldýardylar.

Soňky ýyllarda hökümet ýurtda Sinjiang meselesi boýunça işleýän aktiwistlere garşy berk çäre gördi: guramalar ýapylyp, aktiwistler tussag edildi we öňdebaryjy şahsyýetler sürgün ediljekdigi barada gorkuzmalara sezewar boldy. Köpçülikleýin nägilelikler üçin Kunbolat we deň-duşlary ýaly kiçijik bir bölegi galdy.

2020-nji ýylyň fewralyndan bäri Hytaýyň Almatydaky konsullygynyň we Nur-Soltandaky ilçihanasynyň daşynda dowam edýän protestleriň bir bölegi bolan Gulfiýa Kazybek, Gauhar Kurmanaliýewa we Kalida Akythan 12-nji sentýabrda polisiýa işgärleriniň özlerini ýurduň günorta-günbataryndaky Şymkent şäherinde toýa gidip barýarka awtobusdan çykarandygyny aýtdylar.

"Polisiýa bizden awtobusdan düşmegimizi talap etdi, soňra-da bizi polisiýa bölümine alyp gitdi" diýip, Kazybek AÝ/AR-na beren interwýusynda belledi.

Polisiýa bölüminde üç aýala "parahatçylykly ýygnaklary geçirmegiň tertibini" bozandyklary barada administratiw işiň gozgalandygy aýdylyp, olara bu baradaky karar gowşurylýar.

Kurmanaliýewa we Kazybek 13-nji sentýabrda Almatydaky ýerli polisiýa merkezine bardylar. Ýöne bu ýerdäki polisiýa işgärleri olara entek kazyýet işi barada hiç hili materialyň gelmändigini we has giňişleýin maglumat üçin özlerinden telefon jaňyna garaşmalydyklaryny aýtdylar.

Kurmanaliýewa AÝ/AR-na 10-njy sentýabrdan bäri howpsuzlyk işgärleriniň özüni we beýleki demonstrantlary yzarlaýandygyna ynanýandygyny aýdyp, özüniň we beýlekileriň bazarda hem-de öýleriniň daşynda yzarlanylmagy bilen bagly ýagdaýlary dokumentleşdirendigini belledi.

"Biz garyndaşlarymyz boşadylýança protestlerimizi dowam etdireris" diýip, ol aýtdy. “Men Si Szinpiniň saparyna garşy. Ol Sinjiangdaky gazaklara we musulmanlara garşy genosidi amala aşyrýar we hiç zat bolmadyk ýaly bu ýere gelýär. Ol edýän işi üçin jogap bermelidir" diýip, Kurmanaliýewa sözüne goşdy.

Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew (sagda) 14-nji sentýabrda Nur-Soltanda döwlet saparynda bolan Hytaýyň lideri Si Szinpin bilen duşuşýar.

Şu aýyň başynda BMG Hytaýyň Sinjiangdaky köpçülikleýin tussaghanalarynda adamzada garşy jenaýat bolup biläýjek "adam hukuklaryny çynlakaý bozandygy" barada hasabat çap edensoň, aktiwistler Tokaýewi Si bilen gepleşiklerinde etniki gazaklara çemeleşmek meselesini gozgamaga çagyrdylar.

Kurmanaliýewanyň sözlerine görä, Almaty şäher häkimliginiň bir işgäri oňa Tokaýewiň Si bilen duşuşanda garyndaşlarynyň ýagdaýy barada mesele gozgajakdygyny aýdypdyr. Ýöne ol munuň boljakdygyna şübhe bildirýär.

"Olar diňe biziň [paýtagta] gitmegimizi islemeýärler. Olar bize:" Siz biynjalyklyk döredersiňiz diýdiler" diýip, Kurmanaýliewa aýtdy.

Hytaýyň Nur-Soltandaky ilçihanasy demonstrantlaryň ýüzlenmelerine aç-açan jogap bermändir. Şeýle-de, Hytaýyň Almatydaky ilçihanasy we konsullygy AÝ/AR-nyň Sinjiangdaky etniki gazaklaryň ykbaly we demonstrantlaryň arzalary barada kommentariýa bermek haýyşyna jogap bermediler.ş

Si gelýär

Siniň COVID-19 pandemiýasy başlanaly bäri Hytaýyň daşyna ilkinji ädim ätmek üçin Gazagystany we Merkezi Aziýany saýlap almagy, Nur-Soltandaky hökümete abraý we geosyýasy ähmiýet berýär.

Hytaý bilen eýýäm çuňňur bolan ykdysady we syýasy gatnaşyklary has-da giňeltmek Gazagystanyň hökümeti üçin ileri tutulýan ugur boldy we ýerli häkimiýetler Pekin bilen, tussag edilen gazaklar meselesi boýunça seresaply hereket etdiler.

Bu mesele Hytaý bilen Gazagystanyň arasyndaky 1,782 kilometr uzynlykdaky serhetde çylşyrymly maşgala baglanyşyklary bilen has-da çylşyrymlaşdy.

"Sinjiangda ýaşaýan gazak diasporasy Hytaý Halk Respublikasynyň raýatlary bolansoň, olar bilen baglanyşykly ähli meseleler Hytaýyň içerki meselelerine degişlidir" diýip, Gazagystanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili AÝ/AR-na aýtdy.

"Şonuň üçin bu meseläni Gazagystan bilen Hytaýyň arasyndaky hemmetaraplaýyn we baky strategiki hyzmatdaşlyga zyýan bermezden çözmegiň ýollaryny göz öňünde tutmak zerurdyr" diýip, metbugat wekili sözüne goşdy.

Karnegi halkara parahatçylyk gaznasynyň Hytaýyň Merkezi Aziýa bilen gatnaşyklary boýunça bilermeni Temur Umarow AV/AR-na beren interwýusynda tussag lagerleriniň Pekin üçin möhüm syýasy tema bolandygyny we Nur-Soltanyň ýazgylaryny göz öňünde tutup, Tokaýewiň bu meseläni aç-açan gozgamagynyň ähtimal däldigini we Si bilen duşuşyklarda Hytaýyň tussag ulgamyny tankytlamak ähtimallygynyň ondan hem pesdigini aýtdy.

"Gazagystan bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklarda aýdylmadyk bir düzgün bar: diňe üstünlikler köpçülige açylýar we problemalar barada hiç haçan gürleşilmeýär. Merkezi Aziýa ýurtlary Hytaýa garaşlydyklary sebäpli Pekini tankytlap bilmeýärler. Tankyt, ykdysady netijelere sebäp bolup biler" diýip, Umarow aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.