Dünýä liderleri Ermenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky söweşleriň derrew bes edilmegine çagyrdylar. Iki kawkaz ýurdunyň arasynda 2020-nji ýylda bölüniji Dagly-Garabag sebiti üstünde bolan uruş gutaraly bäri bolan iň ganly çaknyşykda 100-e golaý esger öldi.
Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi 13-nji sentýabrda bolan çaknyşyklarda 50 esgerini ýitirendigini aýtdy, Ermenistan bu çaknyşykda azyndan 49 esgeriniň öldürilendigini habar berdi. Bu çaknyşyk ABŞ-nyň, Russiýanyň we BMG-niň iki tarapy hem söweşi togtatmaga çagyrmagyna alyp geldi.
Emma muňa garamazdan, Ermenistanyň Goranmak ministrligi 14-nji sentýabr güni irden Azerbaýjany atyşygy gaýtadan başlamakda aýyplady.
BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterriş iki tarapy-da dartgynlygy gyssagly ýagdaýda peseltmäge çagyrdy. Onuň metbugat wekili Stefan Dujarrigiň 13-nji sentýabrda aýtmagyna görä, Guterriş taraplary "iň ýokary derejedäki sabyr-kanagatlylyga we islendik möhüm meseläni gepleşik esasynda, bar bolan formatlaryň çäginde çözmäge" çagyrdy.
Degişli maglumat Ermenistan Azerbaýjan bilen bolan täze çaknyşykda 49 esgerini ýitirendigini aýdýarABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýan we Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew bilen telefonda gürleşdi.
Metbugat sekretary Ned Praýs, golaýda Kawkaz boýunça gepleşikleriň jogapkärçiligi ynanylan weteran diplomatyň, Filip Rikeriň 13-nji sentýabrda öňünden meýilleşdirilen saparyň çäginde Bakuwa barmagy bilen, Waşingtonyň iki goňşynyň arasyndaky "söweşiň derhal bes edilmegine we meseläniň parahatçylykly çözülmegine itergi berjekdigini" aýtdy.
Blinken, Alyýewe we Paşinýana bu konfliktiň "hiç kimiň bähbidine däldigini" aýdyp, olary "konfliktden yza çekilmek we dowamly parahatçylyk barada gürleşmek üçin mümkin bolan ähli zady etmäge çagyrandygyny" hem belledi.
Kreml 13-nji sentýabrda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň duşmançylygyň bes edilmegine kömek etmek üçin elinden gelenini edýändigini aýtdy.
"Prezident serhetdäki dartgynlygyň bes edilmegine goşant goşmak üçin ähli tagallalary edýär. Bu tagallalar dowam edýär" diýip, Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskow metbugat brifinginde aýtdy.
Blinken, Moskwanyň parahatçylyk prosesindäki roly barada "aladalaryň hemişe" bolandygyny aýtdy, ýöne ol "Russiýa hakykatdanam öz täsirini suwlary köşeşdirmek üçin ulanyp bilse... bu oňyn zat bolardy" diýdi.
Mundan öň ermeni hökümeti Moskwa bilen hyzmatdaşlyk şertnamasyndan peýdalanjakdygyny we Russiýanyň ýolbaşçylygyndaky Kollektiwleýin Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasyna (KHŞG) we BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşine ýüz tutjakdygyny hem aýtdy.
Ermenistany öz içine alyp, Azerbaýjany öz içine almaýan KHŞG, ýagdaýy ara alyp maslahatlaşmak üçin 13-nji sentýabrda wirtual duşuşyk geçirdi.
Duşuşykdan soň belarus prezidentiniň metbugat gullugy KHŞG-niň baş sekretarynyň konflikt zolagyna gidip biljekdigini habar berdi. Bu sapar ýagdaýy gowşatmak üçin derrew görülmeli ädimleriň biri hökmünde teklip edildi.
"KHŞG-niň baş sekretary Stanislaw Zas jikme-jik hasabat taýýarlamak üçin bu sapardan peýdalanar. Başga bir teklip, ýagdaýy seljermek we teklipleri işläp düzmek üçin KHŞG Sekretariatynyň we KHŞG Bilelikdäki baş edarasynyň işgärlerinden iş toparyny döreder" diýlip, KHŞG-niň beýanatynda aýdylýar.
13-nji sentýabrda Russiýa iki tarapyň arasynda ok atyşygyň bes edilmegine araçylyk edendigini aýtdy, emma Azerbaýjan etniki ermeni güýçlerini ylalaşygy bozmakda aýyplady.
Ermeni Goranmak ministrliginiň metbugat wekili Aram Torosian bu aýyplamany ret edip, muny "aç-açan bolgusyzlyk" häsiýetlendirdi.
Torosian, Azerbaýjanyň ýaragly güýçleriniň etniki ermeni goşunlarynyň pozisiýalaryna, şäherçelere we infrastrukturalara ot açmagy "bir minut hem" bes etmändigini aýtdy. Emma ol käbir ugurlardaky oklaryň ep-esli gowşandygyny hem belledi.
Mundan ozal Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi öz güýçleriniň ermeni prowokasiýalaryna jogap berýändigini aýtdy we özleriniň raýat infrastrukturasyna zarba urýandyklary baradaky öňe sürmeleri ret etdi.
Ermenistan 2020-nji ýylyň ahyrynda 44 gün dowam eden söweşden soň, Dagly-Garabagyň we oňa ýanaşyk ýedi etrapçanyň üstünden gözegçiligi ýitirdi. 6500-den gowrak adamyň ölmegine sebäp bolan söweş Russiýanyň araçylygyndaky ýaraşyk şertnamasy esasynda tamamlanypdy.
Degişli maglumat Azerbaýjanyň we Ermenistanyň liderleri Brýusselde duşuşyp, Dagly-Garabag meselesini maslahatlaşdyGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.