Zelenski ukrain goşunlarynyň has kän ýeri yzyna alandgyny aýdýar

Prezident Wolodymyr Zelenski

Ukrainanyň goşuny şu aýda amala aşyrylan garşylyklaýyn hüjümler netijesinde Russiýadan 6000 inedördül kilometri yzyna aldy diýip, prezident Wolodymyr Zelenski 12-nji sentýabrda, Russiýa tarapyndan bellenen resmi ukrain goşunlarynyň rus goşunlaryndan san babatda has kän bolandygyny we Russiýa bilen serhede tarap böwsendigini boýun alanyndan soň aýtdy.

"Biziň esgerlerimiz sentýabryň başyndan bäri gündogarda we günortada 6000 inedördül kilometr ukrain territoriýasyny azat etdi we biz has öňe süýşýäris" diýip, Zelenski gijeki ýüzlenmesinde aýtdy.

Alty müň inedördül kilometr Iordan derýasynyň günbatar kenary bilen Gazanyň bililikdäki territoriýasyna deňeçer meýdan bolýar.

Zelenski iki gün öň Ukrainanyň çäginde 2000 inedördül kilometre golaý ýeriň azat edilendigini yglan edipdi.

Ukrain goşunynyň baş ştaby 11-nji sentýabrda ukrain güýçleriniň Harkow, Luhansk we Donetsk sebitlerinde 20-den gowrak şäherçäni azat edendigini aýtdy.

Russiýa tarapyndan bellenen resmi Witaliý Gançew 12-nji sentýabrda Russiýanyň döwlet eýeçiligindäki "Russiýa 24" telekanalynda ukrain goşunlarynyň Harkowyň demirgazygynda ozal Russiýanyň eýeçiliginde bolan ýerleri yzyna alyp, Russiýa bilen serhede tarap böwsendigini, "5000 töweregi" raýatyň Russiýa ewakuasiýa edilendigini aýtdy.

Gançewiň aýtmagyna görä, ukrainleriň bu sebitde geçen hepde başlanan garşylykly hüjümi wagtynda ukrain harbylarynyň sany her rus esgerine garşy sekiz esger çemesinde bolupdyr.

Gançew "ýagdaýyň her sagatda agyrlaşýandygyny" aýtdy we Russiýanyň Belgorod sebiti bilen aradaky serhediň ýapylandygyny sözüne goşdy.

Onuň tassyklanmadyk düşündirişleri ukrain goşunynyň Harkow sebitiniň Russiýa tarapyndan dolandyrylýan administrasiýasynyň ýerleşýän Izýum we Kupýank şäherlerini azat edip, rus goşunlarynyň esasy üpjünçilik merkezlerini ele geçirmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

Russiýanyň Goranmak ministrligi 11-nji sentýabrda rus güýçleriniň Harkow sebitini tasdan doly terk edendigini görkezýän kartany çap etdi.

Ukrain goşunlary Harkow sebitindäki binalarda ukrain baýdaklaryny galdyryp, özleriniň minnetdar ýaşaýjylar tarapyndan garşy alnyşyny görkezýän wideolary paýlaşdy. Wideolaryň käbirinde rus artilleriýasynyň we gaçýan goşunlardan galan tanklaryň bölekleri görkezilýär.

Emma, ukrain goşunlarynyň garşylykly hüjümlerini güýçlendirmegi bilen, Moskwanyň has gazaply gaýtawul bermek ähtimallygy hem bar. Ukrain resmileriniň maglumatyna görä, Russiýa eýýäm bir topar raýat desgasyna, esasy infrastruktura nyşanalaryna zarba urýan raketa hüjümlerini amala aşyrdy.

Elektrik we suw kynçylyklary, berilýän habarlara görä, 11-nji sentýabrda Harkow, Sumy, Poltawa, Zaporižýa we Dnipropetrowsk sebitlerinde millionlarça adamyň durmuşyna täsir ýetirdi.

Harkow şäheri, ruslaryň täzeden başlan topa tutmalary netijesinde, suw we elektrik üpjünçiligini ýitirdi.

Şäher häkimi Ihor Terehow Telegramda "Düýn agşamdan bäri şol bir ýagdaý gaýtalanýar. Topa tutmalar sebäpli möhüm infrastruktura desgalary hatardan çykaryldy we netijede Harkowda elektrik togy öçdi, suw üpjünçiligi kesildi" diýdi.

Kiýew häkimiýetleri 12-nji sentýabr güni irden Harkow sebitinde elektrik energiýasynyň we suw üpjünçiliginiň takmynan 80 göterim dikeldilendigini aýtdylar.

Angliýanyň Goranmak ministrligi 12-nji sentýabrda Russiýanyň öz güýçleriniň gündogardaky güýçleriniň esasy üpjünçilik ýolundan ýüz öwrüp, Oskil derýasynyň günbatarynda Harkow sebitinden çykmagy buýran bolmagynyň ähtimaldygyny aýtdy.

Şeýle-de ministrlik, Moskwanyň güýçleriniň günortadaky front liniýasyna ätiýaçdaky esgerleri getirjek bolýandygyny aýdýar. Sebäbi Herson sebitinde, Dnieper derýasynyň günbatar kenarynda ýerleşýän müňlerçe rus esgerini izolirlemegi maksat edinýän ukrain güýçleri, has uly ilerleme etmäge başlady.

Russiýanyň Goranmak ministrligi Izýumdan we beýleki sebitlerden çekilmegiň günortada, goňşy Donetsk sebitinde ýerleşýän rus güýçlerini güýçlendirmek üçin zerur bolandygyny aýtdy. Bu düşündiriş Russiýanyň şu ýylyň başynda Kiýewden yza çekilmeginiň sebäbini düşündirjek bolşuny ýatlatdy.