Prezident Wolodymyr Zelenskiniň Ukrainanyň birnäçe sebitini toksuz goýan Kremle, rus harbylaryna garşy berk sözleri aýtmagy bilen, ukrain goşuny öz öz güýçleriniň basybalyjy goşunlaryň alan ýerlerini yzyna almagy dowam etdirýändigini aýdýar.
Ukrainanyň baş ştaby 12-nji sentýabrda goranyş güýçleriniň gündogar Ukrainanyň Harkow we Donetsk sebitlerinde düýn 20-den gowrak obany azat edendigini aýtdy.
Ukrain resmileriniň habar bermegine görä, rus raketa zarbalary bu iki sebite we başga ýerlere hüjüm edip, esasy infrastruktura desgalaryny nyşana aldy.
Elektrik we suw kesilmesi, berilýän habarlara görä, Harkow, Sumy, Poltawa, Zaporižýa we Dnipropetrowsk sebitlerinde millionlarça adamyň durmuşyna täsir ýetirip biler.
Ukrain resmileri Russiýanyň ýurduň ikinji uly ýylylyk we elektrik stansiýasyna, Harkow TEC-5-e zarba urandygyny aýtdylar, Zelenski Harkow elektrik stansiýasynda dörän ýangyny görkezýän wideo paýlaşdy.
Harkow. Ýangyn söndürijiler rus zarbasy netijesinde turan ýangyny öçürýärler.
Şol gün agşamlyk käbir sebitlerde elektrik üpjünçiligi käbir derejede dikeldildi.
Zelenski Russiýanyň, "adamlary yşykdan we ýylylykdan mahrum etmek üçin", bilkastdan raýat infrastrukturasyny nyşana alýandygyny aýtdy.
“Rus terrorçylary terrorçy bolmaklarynda galýarlar we iň möhüm infrastruktura desgalaryna hüjüm edýärler. Harby desgalara däl, olaryň ýeke-täk maksatlary adamlary çyradan we ýylylykdan mahrum etmek” diýip, ol ýazdy.
Zelenki Moskwa ýüzlenip: “Siz entegem bizi gorkuzaryn, döwerin, eglişige gelmäge mejbur ederin diýip umyt edýärsiňizmi? ... Sowuk, açlyk, garaňkylyk, teşnelik – biz üçin siziň dostlugyňyz we doganlygyňyz ýaly gorkunç we heläkçilikli däl. Ýöne taryh hemme zady ýerli-ýerinde goýar. Onsoň biziň gazymyzam, çyramyzam, azyk-suwlugymyzam bolar... we biz SIZSIZ ýaşarys!” diýip ýazdy.
Söweş meýdanynda, Angliýanyň Goranmak ministrliginiň 11-nji sentýabrdaky maglumatyna görä, Izýumyň we Ukrainanyň demirgazyk-gündogarynda rus harbylaryny üpjün edýän ýeke-täk demir ýol merkezi bolan Kupaýnsk şäheriniň, ukrain güýçleriniň ruslardan yzyna alan şäherleriniň töweregindäki söweşleriň dowam edýändigi aýdylýar.
Russiýanyň Goranmak ministrligi 10-njy sentýabrda öz goşunlarynyň Izýumdan we beýleki sebitlerden yza çekilmeginiň sebäbini günortada, goňşy Donetsk sebitinde Moskwanyň güýçlerini güýçlendirmek niýeti bilen düşündirdi.
Bu düşündiriş Russiýanyň şu ýylyň başynda Kiýewden yza çekilmeginiň sebäbini esaslandyrjak bolmagyna çalym etdi.
Ukrainanyň baş serkerdesi Waleriý Zalužni 11-nji sentýabrda ukrain güýçleriniň sentýabr aýynyň başyndan bäri, garşylyklaýyn hüjümiň dowamynda, 3000 inedördül kilometrden gowrak ýeri yzyna alandygyny aýtdy. Ol ukrain goşunlarynyň rus serhediniň 50 kilometr golaýyna gelendiklerini hem sözüne goşdy.
Bir batalýon serhetden takmynan iki kilometr uzaklykda we Harkowdan 19 km demirgazykda ýerleşýän Hoptiwkadaky şäher binasynyň öňünde wideo ýazgy edilen ukrain güýçleriniň wideosyny paýlaşdy.
Harkowyň gubernatory Oleh Sinýehubow ukrain goşunlarynyň bu sebitde 40-dan gowrak ilatly nokadyň gözegçiligini gaýtadan ele alandygyny aýtdy.
Görnüşinden, soňky günlerde söweş meýdanynda ýüze çykýan kynçylyklar netijesinde, Kreml Kiýew bilen gepleşiklere açykdygyny aýtdy.
"Russiýa Ukraina bilen gepleşikleri ret etmeýär, ýöne bu proses näçe gijikdirilse, ylalaşyga gelmek şonça-da kyn bolar" diýip, daşary işler ministri Sergeý Lawrow 11-nji sentýabrda döwlet telewideniýesinde aýtdy.