Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski ukrain goşunlarynyň ýurduň demirgazyk-gündogaryndaky Harkow sebitinde birnäçe şäherçäni yzyna alandygyny aýtdy.
Zelenski 7-nji sentýabrda eden gijeki ýüzlenmesinde "Şu hepde Harkow sebitinden gowy habar aldyk" diýip, ukrainleriň ukrain esgerleriniň işjeňligi baradaky habarlary eýýäm görendiklerini aýtdy.
Ol yzyna alnan ilatly punktlaryň atlaryny aýtmagyň "häzir dogry bolmajakdygyny" aýdyp, harby bölümlere Ukrainanyň baýdagyny aýrylan ýerinde gaýtadan dikmek üçin "söweş wagtynda görkezilen edermenlik we gahrymanlyk" üçin minnetdarlyk bildirdi.
Ukrain güýçleriniň Harkow sebitinde gazanan üstünlikleri baradaky habarlar soňky günlerde, ukrain esgerleriniň Harkow sebitiniň Balaklia şäheriniň töwereginde yzyna alnan obalarda düşen wideolarynyň we suratlarynyň sosial ulgamlarda paýlaşylmagy bilen, giňden ýaýradyldy. Ýöne ukrain resmilerinden hiç hili tassyknama bolmady we bu habarlary garaşsyz ýagdaýda tassyklamak mümkinçiligi bolmady.
Şeýle-de, Ukraina ýurduň günortasynda alyp barýan garşylykly hüjüminiň çäginde birnäçe obanyň yzyna alnandygyny öňe sürdi.
Mundan başga, Zelenski özüniň gijeki çykyşynda Ukrainanyň Milli howpsuzlyk we goranmak geňeşiniň Russiýanyň Howpsuzlyk geňeşine, Federasiýa Geňeşine we Döwlet dumasyna degişli 606 adama garşy sanksiýalar toplumyny kabul edendigini habar berdi.
“Bu uruş üçin, biziň halkymyza garşy terror üçin olaryň ählisi jogapkär. Olaryň hiç biri bu jogapkärçilikden gaçyp gutulyp bilmez - bu diňe wagt meselesi" diýip, Zelenski aýtdy.
Şu aralykda, Russiýanyň dolandyryjy partiýasynyň lideri Ukrainanyň basylyp alnan sebitlerinde ýaşaýan adamlaryň 4-nji noýabrda Russiýanyň bir bölegi bolmak isleýändikleri barada ses bermelidigini aýtdy.
Prezident Wladimir Putiniň “Birleşen Russiýa” partiýasynyň başlygy Andreý Turçak Russiýanyň Milli Agzybirlik gününde, baýramçylyk gününde ses bermegiň "dürs we simwoliki" boljakdygyny aýtdy.
"Biz ilatyň 80 göteriminiň referenduma geljekdigine ynanýarys" diýip, Herson sebitiniň Moskwa tarapyndan bellenen häkiminiň orunbasary Krill Stremousow döwlet eýeçiligindäki TASS habar gullugyna aýtdy.
Ukrainanyň Russiýa tarapyndan basylyp alnan ýerleriniň resmileri ozal referendumyň 11-nji sentýabrda, Russiýada geçiriljek ýerli saýlawlara gabat geçirilmegini teklip edipdiler.
Stremousow şu hepdäniň başynda, “häzirki pursatda bolýan wakalara” salgylanyp, Ukrainanyň günortasyndaky garşylykly hüjüme görnetin yşarat etmek bilen, bu meýilnamalaryň yza süýşürilendigini aýtdy.
TASS-yň 7-nji sentýabrda oňa salgylanyp ýazmagyna görä, Stremousow Turçek bilen "bir hörpden gopýar" we sebitiň 4-nji noýabrda ses bermäge taýýardygyny aýtdy.
7-nji sentýabra degişli başga bir habara görä, BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi şaýatlaryň Ukrainadan Russiýa çykarylandygy aýdylýan çagalar baradaky maglumatlaryny diňledi.
BMG-niň Baş sekretarynyň adam hukuklary boýunça kömekçisi Ilze Brands Kehris Geňeşe çagalaryň şu hili geçirilişi barada "ygtybarly aýyplamalaryň" bardygyny aýtdy.
"Biz rus häkimiýetleriniň ene-atasyz çagalara rus raýatlygyny bermek üçin ýönekeýleşdirilen prosedurany kabul etmeginden we bu çagalaryň rus maşgalalary tarapyndan ogullyga alynmak mümkinçiliginden alada bildirýäris" diýip, ol aýtdy.
Şeýle-de Brands Kehris rus güýçleriniň basylyp alnan ýerlerdäki ukrainalylaryň syýasy garaýyşlaryny we Ukrainanyň hökümeti ýa-da harbylary bilen arabaglanyşygyny bilmek üçin olary yzygiderli “elekden” geçirýändigini, jikme-jik soraga çekýändigini aýtdy.
Ukrainalylaryň käbiri gynalyp, Russiýanyň jeza koloniýalaryna we beýleki tussaghanalaryna iberildi diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
"Hususan-da biz aýallaryň we gyzlaryň "süzgüç" prosedurasyndan geçirilýän wagtynda jynsy taýdan zorlanmak howpundan alada galýarys" diýip, BMG-niň Baş sekretarynyň adam hukuklary boýunça kömekçisi Ilze Brands Kehris aýtdy.
Şu aralykda Ukrainanyň "Enerhoatom" agentliginiň başlygy ýurduň günorta-gündogaryndaky Zaporižýa desgasyny basyp alan rus goşunlaryny bu ýerdäki işgärleri gynamakda we öldürmekde, 200-e golaý adamy alyp gaçmakda aýyplady.
"Enerhoatomyň" prezidenti Petro Kotyn Germaniýanyň "Funke" gazetinde 8-nji sentýabrda çap edilen beýanatynda alnyp gaçylan adamlaryň nirededigini bilmeýändigini aýtdy.