Yssy howa: Türkmenabatda tok kesilýär, talyplardan synplarda ýeňsizli we penjekli oturmak talap edilýär

Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda, güýz paslynyň başlandygyna garamazdan, yssy howa şertleri dowam edýär. Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde howanyň temperaturasy 40 gradusdan aşýan şu günlerde, ilatyň elektrik üpjünçiligi bilen bagly problemalary saklanyp galýar. Şeýle-de, şäheriň ýokary okuw jaýynyň talyplary kondisionersiz synplarda ýeňsizli we penjekli oturmaga mejbur edilýär. Bu habarlaryň arasynda, Türkmenistan elektrik energiýasynyň eksportyny artdyrmagy meýilleşdirýär.

"Soňky günlerde şäheriň Bahar we Himik etrapçalarynda toguň kesilmegi bilen bagly ýagdaý günüň dowamynda birnäçe gezek ýüze çykýar. Käte birnäçe sagatlap tok bolmasa, käte ýarym ýa-da bir sagatdan berilýär. Howanyň yssy günlerinde bu adamlaryň azyklarynyň zaýa bolmagyna sebäp bolýar" diýip, ýerli ýaşaýjy anonimlik şertinde 4-nji sentýabrda gürrüň berdi.

Howa maglumatlaryny çap edýän "Worldweatheronline" neşirine görä, 6-njy sentýabrda Türkmenabatda howanyň temperaturasy günortan sagat 3-de 41 gradusa ýetdi. Şeýle-de, şäherde howanyň temperaturasynyň 7-nji sentýabrda 41 gradus we 8-nji sentýabrda 39 gradus bolmagyna garaşylýar.

Degişli maglumat Türkmenistan Gyrgyzystana bir ýylda eksport etjek elektrik energiýasyny alty aýda 'iberdi'

Sebitdäki habarçymyz yssy howanyň şäheriň orta mekdepleriniň okuwçylaryna we ýokary okuw jaýynyň talyplaryna hem täsir ýetirýändigini habar berýär. Onuň sözlerine görä, talyplardan synplarda ýeňsizli we penjekli oturmak talap edilýär.

"Şäheriň orta mekdepleriniň aglabasy, şeýle-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty, orta hünär mekdepleri sowet döwründe gurlup, olarda kondisionerler göz öňünde tutulmandyr. Yssy howa garamazdan, kondisionersiz synplarda talyplardan köýnekleriniň üstünden ýeňsiz we penjek geýmek talap edilýär" diýip, ýagdaýdan habarly bilim işgäri anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, orta mekdepleriň okuwçylary hem, kondisionersiz synplarda 30-35 çaga bolup okamaly bolýarlar. Olar synplaryň aşa yssy we dymykdygyny aýdyp, şikaýat edýärler.

"Ýokary okuw jaýynda we mekdeplerde synplaryň äpişgeleri açylýar, ýöne bulam o diýen kömek etmeýär. Bu ýagdaý okuwyň hiline hem ýaramaz täsir ýetirýär. Okuwçylar öz ünslerini sapaga berip bilmeýärler. Biziňki ýaly yssy we gurak klimatly çöllük ýurtda synplara kondisionerler oturdylsa gowy bolardy" diýip, bilim işgäri aýdýar.

Habarçymyz yssy howanyň pagta ýygymyna gatnaşýan adamlara hem ýaramaz täsir ýetirýändigini aýdyp, pagta meýdanlarynda saglygy ýaramazlaşýan adamlara köp duş gelse bolýandygyny belleýär.

Türkmenabatda dowam edýän yssy howa şertleriniň we ilatyň elektrik üpjünçiligi bilen bagly ýüzbe-ýüz bolýan problemalarynyň arasynda, Türkmenistan elektrik energiýasynyň eksportyny artdyrmagy meýilleşdirýär.

Degişli maglumat Türkmenbaşyda '500-den gowrak' hojalygyň elektrigi kesildi

Hökümetçi "Turkmenportal" neşiriniň 5-nji sentýabrda çap eden habaryna görä, ýurduň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň 2022-nji ýylda elektrik energiýasynyň eksportyny 9 milliard kilowat-sagada çenli ýetirmegi meýilleşdirilýändigini aýtdy. Habarda bu görkezijiniň geçen ýylky sanlary mälim edilmeýär. Ýöne munuň 2013-nji ýyldaka garanyňda 3,3 esse ýokarydygy bellenilýär.

Bu habar Türkmenistanyň Gyrgyzystana bir ýylda eksport etjek elektrik energiýasyny alty aýda iberendigi baradaky maglumatlaryň yz ýanyna gabat geldi. 30-njy awgustda "Trend" neşiri Gyrgyzystanyň Döwlet statistika komitetine salgylanyp, Türkmenistanyň şu ýylyň birinji alty aýynda Gyrgyzystana 1,7 milliard kilowat-sagat elektrik energiýasyny eksport edendigini habar berdi.

Energiýa resurslaryna baý Türkmenistanda ýurduň ilaty elektrik energiýasynyň kadasyz üpjünçiligindäki problemalar bilen ýyllarboýy ýüzbe-ýüz bolup gelýär. Bu problema tomsuň aşa yssy we gyşyň aýazly sowuk günlerinde ilata has-da ýaramaz täsir ýetirýär. Bu barada Azatlyk yzygiderli habar berýär.

Türkmen häkimiýetleri bu problemalary we olaryň ilata ýetirýän täsirlerini aç-açan boýun almaýarlar. Häkimiýetler Azatlygyň bu baradaky soraglaryny hem jogapsyz goýýarlar.

Türkmenistan özüniň elektrik energiýasyny Owganystana, Eýrana, Özbegistana we Gyrgyzystana eksport edýär. Häzirki wagtda ýurtda kuwwatlylygy 6943,2 megawata deň bolan jemi 12 sany elektrik stansiýasy bolup, olarda 51 sany turbina desgasy bar. Bularyň 39 sanysy gaz turbinadyr we 12 sany bug turbinadyr.

Degişli maglumat Türkmenbaşyda 10 sagat agyz suwy, alty sagat tok bolmady

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.