Birleşen Milletler Guramasynyň ýadro agentliginiň gözegçiler topary, zawodyň reaktorlarynyň biriniň işiniň togtadylmagyna getiren topa tutmalaryň missiýany biraz gijikdirendigine garamazdan, Ukrainanyň Russiýanyň gözegçiligindäki Zaporižýa ýadro elektrik stansiýasyna geldi.
Ýadro desgasynyň operatory bolan “Enerhoatom” Telegramda ýerleşdiren gysgaça habarynda Halkara Atom energiýasy agentliginiň (IAEA) toparynyň öz wezipesini ýerine ýetirmeli ýerine gelip ýetendigini aýtdy. Sebitdäki habarçylar IAEA missiýasynyň rus esgerleriniň agdyklyk edýän ýerine uly ulag kerweni bilen gelendigini aýtdylar.
Delegasiýanyň Zaporižýa şäherinden Russiýanyň gözegçiligindäki Enerhobar şäherinde ýerleşýän Zaporižýa zawodyna eden sapary 1-nji sentýabrda, ir sagatlarda, ukrain we rus taraplarynyň birek-biregi sebiti topa tutmakda aýyplamagy bilen, birnäçe sagat gijikdi.
HAEA-nyň başlygy Rafael Grossi bu ýere gelmezinden ozal sebitdäki harby işjeňligiň ýygjamlaşmagynyň missiýanyň desga baryp görmek we işgärleri bilen duşuşmak meýilnamasyny üýtgetmejekdigini aýtdy.
Ýewropanyň iň uly ýadro elektrik desgasy bolan Zaporižýa zawodyndaky ýagdaý halkara jemgyýetçiligi üçin ullakan alada çemesi bolmagyny dowam etdirýär. Rus we ukrain güýçleri bir-biregi desgany topa tutmakda aýyplap, mümkin bolan ýadro betbagtçylygynyň döremegi baradaky aladalary güýçlendirdiler.
Inspektorlaryň 1-nji sentýabrda etjek saparynyň öňüsyrasynda taraplar bir-birini ýene bir gezek sebite hüjüm etmekde aýypladylar. Ukrain resmileri rus toplarynyň elektrik stansiýasynda işleýän iki reaktoryň birini ýapmaga mejbur edendigini aýtdylar.
"Ir sagat bäşden bäri şähere yzygiderli edilýän minomýot hüjümleriniň yzy kesilmedi... Birnäçe raýat binasyna zarba urlandygy belli boldy. Bu ýerde pida bolanlar hem bar! Olaryň näçe adamdygy indi kesgitlenmeli" diýip, Zaporižýa sebitiniň başlygy Oleksandr Staruh aýtdy.
Şeýle-de ol aýratynlykda rus goşunlarynyň “HAEA missiýasynyň [Zaporižýa şäherinden] Zaporizžýa ýadro elektrik stansiýasyna çenli öňünden ylalaşylan ugruny” topa tutýandyklaryny habar berdi.
Staruh Telegramda "BMG-niň öňdebaryjy topary howpsuzlyk sebäpli hereketini dowam etdirip bilmeýär"diýip ýazdy.
Enerhoatom, Russiýanyň ölüm howply topa tutmalary sebäpli, "adatdan daşary ýagdaý goragy işe girizildi we bäşinji elektrik bölüminiň işi togtadyldy" diýdi. "6-njy elektrik bölümi Ukrainanyň energiýa ulgamynda işlemegini dowam etdirýär" we elektrik stansiýasyny özi üçin zerur bolan elektrik energiýasy bilen üpjün edýär diýip, Enerhoatom aýtdy.
Öz gezeginde, Russiýanyň Goranmak ministrligi hem ukrain güýçlerini aýyplady we olaryň 1-nji sentýabr güni irden elektrik stansiýasyny ele geçirmäge synanyşandygyny öňe sürdi.
Ministrlik garşydaş goşunlary ýok etmek "çäreleriniň görlendigini", şol sanda harby awiasiýanyň hem ulanylandygyny aýtdy.
Ýöne ministrlik garaşsyz ýagdaýda tassyklanyp bilinmeýän beýanatlaryny tassyklaýan subutnama görkezmedi.
TASS habar gullugy Russiýanyň Enerhodarda oturdan resmisi Aleksandr Wolganyň sözlerine salgylanyp, şäheriň 1-nji sentýabrda elektriksiz bolandygyny habar berdi.
Wolga Enerhodarda ýanýan çyranyň bolmandygyny, ýöne HAEA inspektorlarynyň ýadro desgasyna meýilleşdirilen saparynyň gijikdirilmegine sebäp görmeýändigini aýtdy.
Agentligiň habaryna görä, HAEA-nyň hünärmenleri zawoda ýeten fiziki zyýana baha bermek, goraglylyk we howpsuzlyk ulgamlarynyň işleýşini kesgitlemek, işgärleriň ýagdaýyny görmek hem-de gyssagly howpsuzlyk çärelerini görmek üçin iberildi.