Türkmen häkimiýetleri pandemiýa sebäpli daşary döwletlerde galan raýatlaryny ýurda getirmek üçin sentýabr aýynda Türkiýeden we Belarusdan Türkmenistana 15-den gowrak uçar gatnawyny guramagy meýilleşdirýärler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň aeroportundaky ygtybarly çeşmesi we Belarusdan gelen türkmen studentleriniň birnäçesi habar berdi.
Çeşmämiziň maglumatyna görä, "Türkmenistan" awiakompaniýasy sentýabr aýynda Türkiýäniň Stambul şäherinden Türkmenistana 10 uçar reýsini guramagy meýilleşdirýär. Stambuldan gaýtjak şol uçarlaryň ýedi sanysy Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň we üç sanysy Türkmenabadyň aeroportlaryna gonar.
"Bu dowamly uçar gatnawlarynyň dikeldilýändigini aňlatmaýar. Bular ýurduň daşynda galan türkmenistanlylary watanyna getirmek üçin guramalaşdyrylan reýslerdir. Bu uçarlarda ýurda dolanan raýatlar üç gün karantine ýerleşdiriler" diýip, çeşmämiz geçen hepdäniň ahyrynda gürrüň berdi.
Degişli maglumat Türkmenistanyň raýatlarynyň ýene bir topary Stambuldan Türkmenabada getirildiMundan başga-da, türkmen awiakompaniýasy sentýabrda belarus paýtagty Minsk şäherinden Türkmenistana ýedi uçar gatnawyny guramagy meýilleşdirýär. Çeşmämiz bu uçarlarda gelen ýolagçylaryň hem üç gün karantine alynjakdygyny belleýär.
"Bu uçar gatnawlarynyň sanawy Türkmenbaşynyň we Türkmenabadyň aeroportlaryna gelip gowuşdy" diýip, çeşmämiz sözüne goşdy.
Azatlyk bu aýdylanlar barada "Türkmenistan" awiakompaniýasyndan we agzalýan aeroportlardan goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi.
Bu uçar gatnawlarynyň käbiri barada garaşsyz neşir "turkmen.news" we hökümetçi "Turkmenportal" websaýty hem habar berýärler.
Garaşsyz neşiriň 30-njy awgustda çap eden habarynda "Türkmenistan" awiakompaniýasynyň sentýabr aýynda Stambuldan sekiz we Minskden dört sany çarter reýsini amala aşyrjakdygy aýdylýar.
Neşir Stambuldan geljek uçarlaryň ýedi sanysynyň Türkmenabadyň we bir sanysynyň Türkmenbaşynyň aeroportlaryna, Minskden geljek uçarlaryň dördüsiniň-de Türkmenbaşynyň aeroportuna gonjakdygyny belleýär.
Hökümetçi "Turkmenportal" websaýty türkmen awiakompaniýasynyň sentýabrda Belarusdan Türkmenistana dört uçar gatnawyny amala aşyrjakdygyny habar berýär. Neşiriň 31-nji awgustda çap eden habaryna görä, uçarlaryň ählisi Türkmenbaşynyň aeroportuna gonar.
Türkmen häkimiýetleri pandemiýanyň başynda, has takygy 2020-nji ýylyň martynda ýatyran halkara uçar gatnawlaryny heniz hem doly derejede dikeltmediler. Häzirki wagtda türkmen awiakompaniýasy Dubaý (BAE), Kazan (Tatarystan) we Moskwa (Russiýa) ugurlary boýunça dowamly uçar gatnawlaryny amala aşyrýar. 26-njy awgustda Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasynda yzygiderli gatnawlaryň dikeldilýändigi we uçuşlaryň hepdede iki gezek, her çarşenbe we şenbe günleri amala aşyrylýandygy yglan edildi.
Degişli maglumat Watanyna gaýdyp barýan türkmen raýatlary howa menzilinde sorag edilýärÝöne häkimiýetler beýleki ýurtlara, hususan-da ýüzlerçe müň türkmenistanlynyň ýaşaýandygy aýdylýan Türkiýe ugry boýunça adaty uçar gatnawlaryny henizem dikeltmeýärler.
Soňky iki aý çemesi wagtyň dowamynda Stambulyň aeroportuna üýşen ýüzlerçe türkmenistanly türkmen häkimiýetlerine nägilelik bildirip, protest çärelerini geçirdiler. Olar aýda iki ýa üç gezek amala aşyrylýan uçar gatnawlarynyň ýeterlik däldigini aýdyp, häkimiýetlerden Türkmenistana dolanmak üçin şert döretmegi talap etdiler.
Bu protest çäreleriniň yz ýany, häkimiýetler daşary ýurtlarda, şol sanda Türkiýede galan raýatlaryny watana getirmek ugrundaky tagallalaryny birneme güýçlendirdiler.
Türkmenabadyň aeroportundaky çeşmämiziň we Belarusdan gelen türkmen studentleriniň birnäçesiniň sözlerine görä, soňky bir aýyň dowamynda Minskden Türkmenistana dört uçar geldi. Bu uçarda gelen ýolagçylaryň tas ählisi Belarusda okuwyny tamamlan türkmenistanlylar bolup, ýene üç müňden gowrak student watanyna dolanmaga çalyşýar.
Öz çaginde koronawirusyň ýeke hadysasynyň hem hasaba alynmandygyny erjellik bilen tekrarlaýan türkmen häkimiýetleri we döwlet eýeçiligindäki metbugat serişdeleri daşary ýurtlarda galan müňlerçe türkmenistanlynyň ykbaly barada asla maglumat bermeýärler. Häkimiýetler Azatlygyň bu baradaky soraglaryny hem jogapsyz goýýarlar.
Degişli maglumat 'Türkhowaýollary' sentýabrda Türkmenistana 9 sany çarter reýsini amala aşyrmagy planlaşdyrýarGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.