Ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenski 30-njy awgust güni giçlik rus güýçleriniň BMG-niň ýadro barlagçylarynyň toparynyň Kiýewden Russiýanyň gözegçiligindäki Zaporižýa ýadro elektrik stansiýasyna tarap barýan ýolunyň ugrunda "prowokasiýa" edýändigini duýdurdy.
Ol "bombalamalaryň" desganyň töwereginde hem dowam edýändigini aýtdy.
Zelenskiniň edarasy bir gün öň Halkara Atom energiýasy agentliginiň (HAEA) başlygy Rafael Grossiniň ýolbaşçylygynda ýurda gelen onlarça hünärmen bilen duşuşdy. Olar alty aý bäri uruşýan ýurduň içinde, çozup gelen güýçleriň gözegçiligine geçen ýadro desgasynyň goraglylygyny we howpsuzlygyny barlamak üçin öňki gije, gyssagly missiýa bilen Kiýewe geldi.
"Gynansak-da, Russiýa bu missiýanyň edil şol ýadro desgasyna barmak üçin ulanýan ugurlaryndaky prowokasiýalaryny togtatmaýar” diýip, Zelenski gije halka eden ýüzlenmesinde aýtdy.
Ol ýadro desgasyndaky ýagdaýy "adatdan daşary howply" diýip atlandyrdy we ruslaryň bu ýerdäki ok-därilerini başga ýerik aýyrmandygyny, gorkuzmagyň dowam edýändigini aýtdy.
"Russiýalylaryň edýän hereketleri sebäpli ýadro betbagtçylygy töwekgelçiligi bir sagat hem azalmaýar" diýip, Zelenski aýtdy.
"Zaporižýada gyssagly we doly ýaragsyzlandyrma zerur" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
HAEA toparynyň Zaporižýa şäherine barmak üçin geçmeli 500 kilometre golaý ýoluny gysga wagtda geçmegine garaşylýar, ýöne rus güýçleriniň toparyň ýadro meýdançasyna girmegine rugsat berjekdigi ýa däldigi entek belli däl.
Basylyp alnan sebitde ruslar tarapyndan bellenilen ýolbaşçylar HAEA missiýasynyň bir günlükdigini öňe sürdüler.
Emma muňa garamazdan, Russiýanyň Wenadaky halkara guramalaryna wekilçilik edýän diplomaty Mihail Ulýanow HAEA hünärmenleriniň bu desgada hemişelik galmak mümkinçiligini oňlap çykyş etdi.
Prezident edarasynyň maglumatyna görä, Zelenski bu barlagy "häzirki wagtda Ukrainanyň we dünýäniň howpsuzlygy bilen baglanyşykly iň möhüm meseleleriň biri" diýip atlandyrdy.
Zelenski Kiýewiň we halkara jemgyýetçiliginiň alty aýlyk urşuň başynda rus goşunlary tarapyndan basylyp alnan "desgany haýal etmän harbysyzlaşdyrmak" baradaky çagyryşyny hem gaýtalady.
Mundan başga, ukrain lideri sowet döwründe gurlan ýadro desgasynyň, şonuň bilen bir wagtda Ýewropanyň iň uly ýadro elektrik stansiýasynyň "doly ukrain gözegçiligine" berilmelidigini nygtady.
Reaktorlara howply ýagdaýda golaý bolan ýerleri topa tutmak, ýaragly gözegçilik astynda işlemekden halys bolan işçiler we elektrik energiýasynyň kesilmeleri Çernobylda bolan betbagtçylyga çalymdaş bir hadysanyň bolmak we radioaktiwligiň uzak aralyga ýaýramak ähtimallygy barada gorky-howatyrlary güýçlendirdi.
Agentligiň maglumatyna görä, HAEA-niň hünärmenleri bu desga ýeten fiziki zyýana baha bermek, goraglylyk we howpsuzlyk ulgamlarynyň işleýşini kesgitlemek, işgärleriň ýagdaýy bilen tanyşmak we gyssagly howpsuzlyk çärelerini görmek üçin iberildi.
Amerikanyň Birleşen Ştatlary şu hepde Zaporižýanyň işiniň "gözegçilik astynda togtadylmagynyň" iň ygtybarly çykalgadygyny aýtdy we BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterrişiň biraz öň eden çagyryşyny gaýtalap, Moskwany bu desganyň töweregindäki ýerleri ýaragsyzlandyrylan sebite öwürmäge razy bolmaga çagyrdy.