Ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenski rus goşunlaryny urşuň başynda basylyp alnan günorta şäheriň golaýyndan, öz goşunlarynyň Hersonyň töwereginde edýän hüjümlerinden aldygyna gaçmaga çagyrdy. Ol strategiki şäheriň alkymynda barýan hüjüme salgylanyp, ukrain goşunynyň ozal elden giderilen territoriýalary, özüne degişli topraklary yzyna alýandygyny aýtdy.
Zelenski 29-njy awgustda eden gijeki çykyşynda ukrain goşunlarynyň rus goşunyny "serhede" çenli kowjakdygyny aýtdy.
"Eger olar diri galmak isleseler - rus goşunynyň bu ýerden gaçmagynyň wagty geldi. Öýüňize gaýdyň” diýip, ol aýtdy.
"Ukraina öz ýerlerini yzyna alýar" diýip, Zelenski nygtady.
Prezidentiň geňeşçisi Oleksiý Arestowiç biraz öň eden wideo ýüzlenmesinde ukrain güýçleriniň Dniepr derýasynyň günbatar kenaryndaky basylyp alnan ýerlere, Herson sebitine üpjünçilik ýüklerini getirmekde ulanylýan rus gämilerini topa tutandygyny aýtdy.
Ukrainanyň prezident edarasy 30-njy awgustda Herson sebitiniň "tasdan ähli ýerinde" "agyr söweşleriň" barýandygyny aýtdy.
"Herson sebitindäki güýçli partlamalar hem gijesine, hem gündizine dowam etdi" diýip, prezident edarasynyň irden beren täzelenen maglumatlarynda aýdyldy.
Angliýanyň Goranmak ministrligi 30-njy awgustdaky aňtaw belliginde "ukrainalylaryň ilerleme derejesiniň gerimini tassyklamak entek mümkin bolmasa-da", olaryň goşunynyň "Ukrainanyň günortasyndaky front hatarlarynyň boýlarynda açýan artilleriýa oduny" güýçlendirendigini aýtdy.
"Ruslaryň gaýtadan üpjün etmek liniýalarynyň arasyny kesmek üçin, olar uzak aralyga ýetýän takyk zarbalary” ulanýar diýip, aňtaw maglumatynda bellenýär.
ABŞ-nyň Milli howpsuzlyk geňeşiniň metbugat sekretary Jon Kirbi Ukrainanyň bu göçüminiň eýýäm Russiýanyň harby kuwwatyna täsir ýetirendigini, sebäbi olaryň öz güýçlerini gaýtadan ýerleşdirmäge we gündogardaky bölümleriniň käbirini kemeltmäge mejbur bolandygyny aýtdy.
"Sebäbi, ukrainalylaryň günortada has köp hüjüm edip biljekdigi baradaky habarlar ruslary gündogardaky serişdelerini bu ýere çekmeli edýär” diýip, Kirbi 29-njy awgustda žurnalistlere aýtdy.
Russiýanyň Goranmak ministrligi ukrain hüjüminiň başlanandygyny boýun aldy, ýöne munuň şowsuzlyga uçrandygyny, öz güýçleriniň ukrain tarapyna agyr ýitgi çekdirendigini aýdyp, aýak depdi.
Emma bu aýdylýanlar garaşsyz ýagdaýda tassyklanyp bilinmedi.
Resmileriň we şaýatlaryň aýtmagyna görä, gaýta-gaýta bombalanmagyna garamazdan, şindi hem ukrain gözegçiliginde galýan port şäherine, Mykolaýewe atylan top oklary azyndan iki adamyň ölmegine, 24-e golaý adamyň ýaralanmagyna, bir topar ýaşaýyş jaýynyň ýumrulmagyna sebäp boldy.
Şu aralykda, Halkara Atom energiýasy agentliginiň (HAEA) inspektorlary alty aý bäri uruşýan ýurduň günortasyna tarap, Russiýanyň basyp alan Zaporižýa ýadro desgasynyň ýagdaýyny gözden geçirmek üçin, Ukraina ugradylar.
Gözegçiler topary desgalara ýetirilen zyýana baha berer, howpsuzlygyň we goraglylygyň esasy hem-de ätiýaçlyk ulgamlarynyň işleýşini kesgitlär diýip, HAEA aýtdy.
Diplomatik front barada aýdylanda, Ýewropa Bileleşiginiň goranmak ministrleri 30-njy awgustda Çehiýanyň paýtagty Pragada duşuşyp, ukrain esgerleri üçin harby okuw meýilnamasyny döretmek meselesini maslahatlaşýar.
Şol bir wagtda, Ýewropa Bileleşiginiň agzalarynyň, Ukrainadaky uruş sebäpli, ruslara berilýän syýahat wizalaryny gadagan etmek barada eden teklibi, ministrleriň Praga duşuşygynyň öňüsyrasynda ullakan bir päsgelçilige uçrana meňzeýär.
Sebäbi iki uly ýurt, Fransiýa we Germaniýa bu duşuşygyň öňüsyrasynda bilelikdäki garaýyşlaryny çap edip, ruslara wiza bermegi çäklendirmegiň Moskwanyň Ukraina garşy alyp barýan urşuny goldamaýan russiýalylaryň "ýürekleri we aňlary" ugrundaky göreşde ters netije berjekdigini aýtdylar.