Ukrain güýçleri Donbasda Bahmuda edilýän hüjümleri yza serpikdirýärler

Söweş meýdanyndaky ukrain harbylary

Ukrainanyň harby güýçleri Russiýanyň Donbas sebitine edýän gözegçiligini giňeltmek, strategiki Bahmut şäheriniň töweregine aralaşmak synanyşyklaryny puja çykarmagy dowam etdirýärler.

Birnäçe hepde ozal Sewerodonetsk we Lisiçansk şäherlerini eýelän rus goşunlary häzir bar ünsüni esasy şäher bolan Bahmutda jemledi.

Russiýanyň 24-nji fewralda başlan esassyz çozuşyndan ozal takmynan 70,000 ilaty bolan şäher, Ukrainanyň harby hasabatyna görä, Soldedar we Zaýtsewe bilen bir hatarda, 27-nji awgustda ýene topa tutuldy.

Şeýle-de hasabatda Ukrainanyň beýleki iki uly şäherniň, Slowýansk we Kramatorsk şäherleriniň golaýyndaky ilerlemeleri togtadandygy aýdylýar.

Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň habarçysynyň Russiýanyň öten agşam atan toplaryndan soň Slowýanskdan çap eden wideosynda weýran edilen bäş gatly ýaşaýyş jaýynyň ýumrulan balkonlary we döwlen penjireleri görünýär. Golaýdaky binalara-da zyýan ýetdi. Habarçymyz Slowýansk hüjüminde ölen adamyň bolmandygyny habar berdi.

Mundan başga, duşman artilleriýasyna we howa zarbalaryna garamazdan, ukrain goşuny kömür öndürýän Awdiýiwka şäherinde ýerleşýän güýçleriniň rus hüjümini yzyna serpikdirmegi başarandygyny aýtdy.

Ukrain goşunlary urşuň başyndan bäri rus goşunlarynyň elinde galýan Hersonyň, esasy günorta şäheriň golaýynda hem rus serkerde berkitmeleriniň üçüsine, sebitdäki ok-däri ammarlarynyň bolsa azyndan ikisine hüjüm edendiklerini aýtdylar.

Ukrain goşuny öz güýçleriniň rus esgerleriniň 11 sanysyny öldürendigini, raketa atyjy enjamlaryň 11 sanysyny hatardan çykarandygyny, sowutly ulaglaryň we özi hereket edýän howitserleriň 3 sanysyny ýok edendigini aýtdy.

Bu aýdylýan zatlar bada-bat tassyklanyp bilinmedi, ýöne Russiýanyň bellän administrasiýasynyň başlygy Wolodymyr Leontýew Ukrainanyň rus habar agentliklerine hüjüm edendigini, Nowa Kahowka şäheriniň dört gezek topa tutulandygyny aýdyp, ukrain hüjümlerini tassyk etdi.

Töwerekdäki söweşleriň Ýewropanyň iň uly ýadro desgasyna zeper ýetirmek we radiasiýa syzmagyna sebäp bolmak ähtimallygy baradaky aladalaryň dowam etmegi bilen, şäherçeleriň we Russiýanyň basyp alan Zaporižýa ýadro elektrik stansiýasynyň golaýyndaky şäheriň top okuna we agyr artilleriýa zarbalaryna tutulandygy habar berildi.

Gijäniň dowamynda bolan agyr atyşyk Nikopolyň käbir böleklerini elektriksiz galdyrdy diýip, sebit häkimi Walentin Rezniçenko aýtdy.

Rezniçenko top oklarynyň 67 ýaşly bir aýalyň ölümine, dört adamyň ýaralanmagyna sebäp bolandygyny, jaýlara, elektrik liniýalaryna we gaz geçirijilerine zeper ýetendigini aýtdy.

45,000 töweregi ilaty bolan şäheri öz içine alýan etrap häkimliginiň ýolbaşçysy Ýewhen Ýewtuşenkonyň maglumatyna görä, raketa zarbalary Marhanetsdäki onlarça ýaşaýyş jaýyna zeper ýetirdi.

AP habar gullugynyň habaryna görä, öten agşam ýadro desgasyndan 40 km uzaklykda ýerleşýän Zaporižýa şäheri hem oka tutuldy, iki adam ýaralandy diýip, şäher geňeşiniň agzasy Anatoliý Kurtew aýtdy.

Basylyp alnan Melitopol şäheriniň ukrain häkimi ukrain harby güýçleriniň öten agşam bu şäherdäki rus harby bazasyny topa tutandygyny aýtdy.

Şu aralykda, Angliýanyň Goranmak ministrligi Russiýanyň ýaragly güýçleriniň sanyny nädip artdyryp biljekdigine ýa-da şeýle güýçlendirilen güýçleriň onuň Ukrainadaky söweş kuwwatyny artdyrjakdygyna şübhe bildirdi.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin geçen hepde, Ukrainadaky urşuň ýedinji aýyna girmegi bilen, Russiýanyň ýaragly güýçleriniň esger sanyny 1,9 milliondan 2,04 milliona çenli artdyrmak baradaky karara gol çekdi.