Russiýa näme üçin Merkezi Aziýada harby bazalaryny güýçlendirmekçi?

Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon, Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin hem-de Russiýa Federasiýasynyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu Moskwadaky harby parad wagtynda. 2021-nji ýylyň 9-njy maýy.

Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu Owganystandaky ýagdaý bilen baglanyşykly Täjigistanda hem Gyrgyzystanda harby bazalary berkitmek niýetiniň bardygyny mälim etdi.

Russiýanyň Goranmak ministrliginiň ýolbaşçysynyň aýdan sözleri Täjigistanda ABŞ-nyň, Mongoliýanyň we Pakistanyň gatnaşmagynda, "Sebit hyzmatdaşlygy - 2022" harby türgenleşigiň fonunda edildi. Käbir bilermenler Ukrainadaky ýagdaýa garamazdan, Russiýanyň goşmaça güýçleri Merkezi Aziýadaky bazalara geçirjekdigini we sebitdäki harby güýçlerini artdyrjakdygyny öňe sürýärler.

Täjigistanda geçiriljek türgenleşik barada Şoýgunyň maglumaty

Moskwanyň Merkezi Aziýadaky harby bazalary berkitmek baradaky meýilnamalaryny Sergeý Şoýgu Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy (ŞHG) ýurtlarynyň Daşkentde geçirilen ýygnagynda, Owganystan tarapyndan sebite abanýan howp bilen baglanyşykly mälim etdi:

– Owganystanda dowam edýän ýagdaý Merkezi Aziýanyň howpsuzlygy üçin, çynlakaý kynçylyk bolup durýar, ol ýerde “Yslam döwleti” we “Al-Kaýda” ýaly halkara terrorçylyk guramalary has işjeňleşýär. Dowam edýän ýaragly çaknyşyklaryň fonunda, sosial-ykdysady ýagdaý ýaramazlaşýar, dini radikalizm ideologiýasy ornaşdyrylýar, neşe gaçakçylygy we serhetara jenaýat

gülläp ösýär. Öz gezegimizde Russiýanyň Gyrgyzystandaky we Täjigistandaky harby bazalaryny, şeýle hem krizis ýagdaýlarynda zerur boljak beýleki güýçleriň söweş taýynlygyny ýokarlandyrýarys – diýip, rus Goranmak ministri aýtdy.

10 - 20-nji awgustda ABŞ-nyň Merkezi serkerdeligi Täjigistanda "Sebit hyzmatdaşlygy - 2022" harby türgenleşigini geçirdi. Türgenleşik çärelerine Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Mongoliýanyň we Pakistanyň harby bölümleri hem gatnaşdy.

Mundan başga-da, Täjigistan-Amerikan türgenleşikleri “Fahrabadyň” harby türgenleşik meýdançasynda dowam etdirildi. Kollektiwleýin Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasynyň (KHŞG) çäginde, ABŞ bilen bilelikde geçirilen bu türgenleşik barada, Russiýa Federasiýasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretary Nikolaý Patruşew alada bildirdi.

Nikolaý Patruşew bilen Wladimir Putin. Arhiw suraty.

ABŞ-nyň Duşanbedäki ilçihanasy onuň aýdanlaryna reaksiýa bildirip, harby türgenleşikleriň diňe sebitde howpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilendigini aýtdy.

Şu ýylyň iýun aýynda, ABŞ-nyň harby güýçleriniň Merkezi serkerdeliginiň başlygy Maýkl Kurilla Duşanbä gelipdi. Ol prezident Emomali Rahmon, ýurduň Goranmak ministri Şerali Mirzo bilen duşuşdy we olar bilen sebitde howpsuzlygy güýçlendirmek üçin, hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdy.

«Duşanbäniň Moskwadan umydy azalýar»

Geosyýasy barlaglar boýunça bilermeni Mars Sariýewiň pikirine görä, Merkezi Aziýa, aýratyn-da, Täjigistan Russiýa üçin ygtybarly hyzmatdaş bolmagyny bes edýär.

Mars Sariýew

– Merkezi Aziýada uly geosyýasy oýun başlandy. Russiýa sebitdäki täsirini ýitirip başlaýandygyna düşünýär. Täjigistanyň ABŞ bilen geçiren bilelikdäki harby türgenleşigi Russiýany agyr alada goýdy. Sebäbi Wladimir Putin başda uly ýalňyşlyk goýberdi. Soňky maslahatda täjik lideri Emomali Rahmon Putinden, Täjigistanda ýerleşýän 201-nji rus harby bazasyndaky goşun

sanynyň köpeldilmezliginiň sebäbini sorady, munuň tersine, ol ýerdäki harby güýçleriň belli bölegi Ukraina iberildi. Harby gullukçylaryň bazadan çykarylandygy sebäpli, ol ýerde az sanly adam galdy. Soňra Putin Rahmona "Talyban howply däl" diýip jogap berdi. Ýöne geljekde harby güýçleriň köpeljekdigini hem tassyklamady – diýip, bilermen belleýär.

Bilermen Emomali Rahmonyň Russiýadan howpsuzlyk kepilliklerini öz üstüne alyp bilmejekdigine we şonuň üçin ABŞ bilen harby hyzmatdaşlygy artdyrýandygyna ynanýar. Ol harby türgenleşigiň şeýle syýasatyň netijesidigine ynanýar:

– Russiýa ýalňyşlyk goýberendigine düşündi, şonuň üçinem indi Merkezi Aziýadaky öz bazalarynyň berkidiljekdigini mälim edýär. Emma olaryň ammarlarynda serişde ýok. Köne ýaraglar Ukraina iberilýär. Şeýle-de bolsa, ruslar sebitdäki harby täsirini artdyrarlar. Russiýa ozal 5 milliard dollarlyk kömek barada, gizlin gepleşik geçiripdir diýen maglumat bar. Bu meselede Täjigistan häkimiýetleri Russiýadan lapykeç bolýarlar. Şonuň üçin [Emomali] Rahmon ABŞ-nyň baş serkerdesini kabul etdi. Şeýle türgenleşiklerden soň, Russiýa [Täjigistandaky] öz ilçisini çalyşdy. Sebäbi onuň alyp baran işi şowsuz boldy. Russiýanyň uly bazasynyň ýerleşýän ýeri bolan Täjigistan ygtybarly hyzmatdaş bolmagyny bes edýär – diýip, bilermen aýdýar.

«Konfliktiň döremegine sebäp bar»

Täjigistan häkimiýetleri “Talyban” (Gyrgyzystanda gadagan edilen hereket) tarapyndan dolandyrylýan Owganystanda, etnik täjikleriň hukuklarynyň bozulýandygyny birnäçe gezek mälim etdiler. Kabulda ähli etnik toparlaryň hukuklaryny goramagy öz içine alyjy hökümet döretmek teklibi bilen Duşanbe birnäçe gezek Russiýanyň ýolbaşçylygyndaky KHŞG-a ýüz tutdy. Şeýle-de bolsa, Russiýa ykrar edilmeýän “Talyban” bilen gepleşik geçirdi.

“Ösüş” gaznasynyň ýolbaşçysy, aktiwist Adil Turdukulowyň pikirine görä, Moskwa Merkezi Aziýadaky täsirini ýitirmezlik üçin, dartgynlylyk nokatlaryny saklaýar. Onuň pikirine görä, muňa aýdyň mysal “Talyban” bilen Duşanbäniň arasyndaky gatnaşyk bolup durýar:

– [Sergeý] Şoýgu, bir tarapdan, Merkezi Aziýada bar bolan käbir kynçylyklar, şolaryň biri Owganystandaky ýagdaý barada dogry aýdýar. Bu, esasanam olara serhetleşýän Täjigistan üçin gaty howply. Sebäbi Duşanbe bilen Kabulyň arasynda köp problema bar. Ýöne Şoýgunyň sözlerinde başga sebäpler

gizlenýär. Sebäbi sebitde Russiýanyň geosyýasy ýagdaýy gowşaýar. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Kremlden daşlaşyp, daşarky syýasatyny özbaşdak alyp barmaga synanyşýandygyny görýäris. Moskwa sebitdäki syýasy we harby howpsuzlyk meselesini monopoliýa edipdi. Indi olar öz utuşly taraplaryny ýitirmekden gorkýarlar, bu bolsa olary gaty alada goýýar. Häzir Russiýanyň hereketleri Ukraina gönükdirildi. Bu sebit hem Günbatar bilen gapma-garşylyk meselesindäki möhüm meýdan. Eger başga bir dawa merkezi ýüze çyksa, Günbatar Russiýa bilen gepleşik geçirmäge mejbur bolar. Şonuň üçin Moskwanyň beýleki sebitlerde dawa merkezlerini döretmäge sebäbi bar – diýip, aktiwist aýdýar.

ŞHG sammitinden, Russiýanyň garaşýany

Käbir bilermenler Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgunyň "Owgan howpy" esasynda, Merkezi Aziýadaky bazalary güýçlendirmek barada aýdan sözleri bilen nobatdaky ŞHG-nyň gün tertibini Moskwanyň kesgitlemegine täsir etmäge synanyşýandygyny öňe sürýärler. Sammit 16-njy sentýabrda Samarkantda geçiriler.

Mars Sariýewiň pikirine görä, Russiýa öz bähbitlerini Hytaý hem Türkiýäniň geosyýasy bähbitleri bilen utgaşdyrmaga hem-de umumy ylalaşyk tapmaga synanyşýar:

– Nobatdaky geçiriljek ŞHG-nyň sammitine Hytaýyň prezidenti Si Szinpin gatnaşar. Putin bolsa bu çärä türk lideri Rejep Taýyp Erdogany çagyrdy. Putin olary Russiýa has ýakynlaşdyrmak, ABŞ-ny Merkezi Aziýa goýbermezlik hem-de ŞHG-ny güýçlendirmek maksady bilen gepleşikler geçirmek isleýär. Häzir gün tertibi tassyklanýar, onda Russiýa öz teklibini öňe sürmek isleýär. Şeýle hem bu sammitde Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan demir ýolunyň gurluşygy barada şertnama gol çekiler. Elbetde, bu taslamany Russiýa halamaýar. Emma onuň başga çäresi ýok. Sebäbi Russiýa Ukrainada ýeňilýär – diýip, bilermen aýdýar.

Russiýanyň Merkezi Aziýa sebitiniň iki ýurdunda howa bazalary bar. Gury ýer güýçleri Täjigistanda 201-nji harby bazada ýerleşýär. Gyrgyzystanyň Kant howa bazasynda, Russiýanyň awiasiýa harby bölümi bar. Ondaky harby enjamlaryň we harby işgärleriň sanynyň yzygiderli üýtgäp durýandygy aýdylýar.

Çeşme: Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugy

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.