Täjigistanyň Hatlon sebitindäki pensionerler bankomatlardan, pensiýa haklaryny wagtynda alyp bilmeýändiklerinden zeýrenýärler.
Indi her aý diýen ýaly pensiýa tölenýän günlerde, bankomatlaryň alnynda garry adamlaryň uzyn nobatyny görüp bolýar.
Nobatda duran pensionerleriň aglabasy “Amonatbank” döwlet tygşytlaýyş bankynyň müşderileri bolup, olar nobatyň uzynlygyndan zeýrenýärler hem pullaryny wagtynda alyp bilmeýändigini aýdýarlar.
Pensionerleriň biri Kuldoş Duwokulow uzyn nabatda durmakdan ýadandygyny aýdýar. “Käwagt kartoçka bankomatda galýar, şeýdip biz mydama durmaly bolýarys, başga çykalga ýok. Sowetler döwründe nobatda durmazdyk, pensiýa pulumyzy öýümize getirip berýärdiler. Pensiýa pullaryny çalt töleseler gowy bolardy" diýip, ol pensioner aýdýar.
Täjigistanda pensiýa haklary örän az, ol ýaşaýyş şertlerine ýeterlik däl. Garry adamlaryň köpüsi öz çagalarynyň hasabyna ýaşaýarlar. Her niçigem bolsa, olar pensiýa pullaryna garaşmaly bolýarlar.
Wahş etrabynyň bir obasynda ýaşaýan pensioner Hidirali Ohimirzoýew öz obasynda we golaýdaky jemagatda bankomatyň ýokdugyny aýdyp, pensiýa puluny almak üçin, etrap merkezine gitmeli bolýandygyny aýdýar.
Bu aralykda, “Amonatbankyň” wekilleri pensiýalaryň wagtynda tölenýändigini, ýöne ähli pensionerleriň şol bir wagtyň özünde bankomatlara gelýändiklerini aýdyp, birnäçe sagatlap nobata durmak kynçylygyny pensionerleriň özleriniň döredýändigini öňe sürýärler.
Bohtar şäherinde geçirilen metbugat ýygnagynda “Amonatbankyň” wekili “şäherde oturdylan 15 bankomatyň hemmesiniň elmydama pul bilen doldurylýandygyny, ýöne islegiň artýandygy sebäpli bankomatdaky puly hemişe dolduryp durmaly bolýandygyny, munuň bolsa wagt talap edýändigini” aýtdy.
Bankomatlardan pul çekmek kynçylygy bilen diňe bir pensionerler ýüzbe-ýüz bolmaýarlar. Medisina işgärleri hem mugallymlar şeýle kynçylykdan arz etdiler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.