Ýerli çeşmelere görä, Ukrainanyň Russiýa tarapyndan basylyp alnan Krym sebitindäki Sewastopol port şäheriniň daşynda ýerleşýän Belbek harby howa menziliniň golaýynda geçen gije azyndan dört partlamanyň bolandygy habar berildi.
Sewastopolyň Russiýa tarapyndan bellenen dolandyryjysy Mihail Razwožaýew harby howa hüjümlerinden goranyş ulgamlarynyň bir ukrain dronyny urup ýykandygyny 18-nji awgustda giçlik Telegramda ýazdy. Ol partlamalaryň hiç hili zyýan ýetirmändigini sözüne goşdy.
Şol gün Krymyň Kerç şäherindäki bir rus resmisi ol ýerde howa hüjümlerinden goranyş ulgamynyň işjeňleşdirilendigini aýtdy. Kerç Krymyň iň gündogar çetinde, Russiýa bilen ukrain sebitiniň arasynda Russiýa tarapyndan gurlan belli demirýol we garaýol geçelgesiniň ujunda ýerleşýär.
“Şähere ýa-da köprä howp abanmaýar” diýip, resmi aýtdy.
Sosial ulgamlarda, görnüşinden, Kerçdäki howa hüjümlerinden goranyş ulgamlarynyň herekete geçişini görkezýän wideolar peýda boldy.
4 milliard dollar töweregi pul harçlanan Krym köprüsiniň gurluşygy 2018-nji ýylda tamamlandy. Bu taslama Moskwanyň Kryma bildirýän talapkärligini güýçlendirmäge niýetlenen taslama bolup, onuň açylyş dabarasyna Wladimir Putin gatnaşdy.
2014-nji ýylda Moskwa tarapyndan bikanun anneksiýa edilen Krym sebitindäki rus harby obýektleri soňky günlerde partlamalar bilen sarsylýar. 16-njy awgustda ruslaryň demirgazyk Krymdaky bir ok-däri ammary partlady. Rus häkimiýetleri bu hadysany “sabotaždan” gördi.
Şol gün Gara deňiz ýarymadasyndaky Jankoý etrabynda bir elektrik podstansiýasy ýaryldy, ýöne bu partlamanyň sebäpleri nämälim galýar.
9-njy awgustda “Saki” howa bazasyna partlamalar bilen zarba uruldy we azyndan dokuz harby uçar, şol sanda Su-30SM we Su-24M söweş uçarlary weýran edildi.
Ukrain resmileri partlamalaryň jogapkärçiligini aç-açan öz üstüne almakdan saklanýar, ýöne The New York Times neşirinde sözi getirilýän bir anonim ukrain resmisi bu hüjümleriň azyndan birnäçesini duşman çyzygynyň aňyrsynda hereket edýän saýlama ukrain harby bölümçesiniň amala aşyrandygyny aýtdy.
31-nji iýulda Sewastopolda Russiýanyň Harby-deňiz güýçleriniň gününe bagyşlanyp geçirilmeli çäreler Russiýanyň Gara deňiz flotynyň ştab kwartiralaryna edilen we alty adamy ýaralan dron hüjüminden soň goýbolsun edildi.
Bu aralykda, 19-njy awgustda Russiýanyň Belgorod sebitiniň gubernatory bir ok-däri ammarynda dörän ýangyndan soňra, iki obanyň ewakuasiýa edilendigini habar berdi. Belgorod Ukrainanyň Harkow sebiti bilen araçäkleşýär.
Gubernator Wýaçeslaw Gladkow 19-njy awgusta geçilen gije bolan hadysada hiç kimiň ýaralanmandygyny aýtdy. Ol ýangynyň sebäbiniň derňelýändigini aýtdy.
Gladkow bir gün ozal, ýerli ýaşaýjylara serhediň ugrunda tapylan guryýer minalaryndan hüşgär bolmagy duýdurdy. Gladkow minalaryň “ukrain güýçleriniň sebiti topa tutmagyndan” soňra tapylandygyny aýtdy.
Bu habarlary garaşsyz tassykladyp bolmady.
Harkowyň töweregindäki sebitde soňky birnäçe gün bäri dartgynly söweşler barýar. 18-nji awgustda bolan rus topa tutuşlygynda Harkow sebitinde 17 töweregi asuda ukrain raýaty öldürildi we 42 adam ýaralandy diýip, sebit häkimi Oleh Synýehubow Telegramda ýazdy. Ol topa tutuşlygy “terrorçylyk” häsiýetlendirdi.
Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski Harkowyň topa tutulmagyny "asuda ilata edilýän namart, bihaýa we hiç bir jähtden aklap bolmajak hüjüm” diýip atlandyrdy.
Russiýa parahat ilaty nyşana alandygyny inkär edip, 18-nji awgustda Harkow sebitinde bolan hüjümleriň “takyk ýarag” bilen amala aşyrylandygyny we “daşary ýurtly hakyna tutma söweşijileriň wagtlaýyn bazany” nyşana alandygyny aýtdy