Donetskiniň eteginde agyr söweşler barýar, ýadro desgasynyň howpsuzlyk aladalary saklanyp galýar

Weýran edilen rus tankynyň ýynda duran ukrain esgeri

Ukrainanyň gündogaryndaky Donetsk şäherinden takmynan 10 km demirgazyk-günbatarda ýerleşýän Piski şäheriniň töwereginde agyr söweşleriň barýandygy habar berildi.

Russiýa tarapyndan goldanýan, özüni “Donetsk halk respublikasy” diýip atlandyrýan separatist toparyň agzasy Danil Bezsonow 11-nji awgust güni irden telegramda "Piskide gaty yssy" diýip ýazdy. Ol bu şäheriň “özlerinikidigini, emma onuň demirgazyk we günbatar böleklerinde bölek-büçek garşylyk toparlarynyň saklanyp galandygyny” belledi.

Ukrain resmileri öz güýçleriniň bu şäheri heniz hem öz gözegçiliginde saklaýandygyny aýtdylar. Prezidentiň geňeşçisi Oleksi Arestowiçiň beren interwýusynda rus güýçleriniň Piski şäheriniň içine girmek synanyşygyny edendigi, emma munuň “şowly” bolmandygy aýdylýar.

Bu aýdylýanlaryň hiç biri garaşsyz şertlerde tassyklanyp bilinmedi.

2014-nji ýylda Ukrainanyň Krym sebitini basyp alandan soň, Moskwa umumylykda Donbas ady bilen belli bolan gündogar Ukrainanyň Donetsk we Luhansk sebitlerinde separatistik hereketleri döretdi.

Luhansk sebitiniň Kiýew tarapyndan goldanýan gubernatory Serhiý Haýdaý 10-njy awgustda beren interwýusynda Russiýanyň bu sebitdäki goşunlaryny güýçlendirendigini, şol sanda bu ýere Kreml bilen baglanyşykly hususy howpsuzlyk kompaniýasynyň, “Wagner” toparynyň köp sanly hakyna tutma nökerini iberendigini aýtdy.

Şeýle-de, 10-njy awgustda Dnipropetrowsk sebitinde agyr top atyşygy boldy. Prezident Wolodymyr Zelenskiniň diwanynyň başlygy Andriý Ýermak rus güýçlerini Zaporižýa ýadro elektrik stansiýasynyň golaýyndaky sebitlere hüjüm etmekde aýyplady. Ol ruslaryň bu hüjümleri Ukrainanyň ekologiýa töwekgellçiligi zerarly gaýtawul bermejegini bilip, garaw görmän edýändiklerini aýtdy.

"Söweş meýdanynda ýeňiş gazanyp bilmänsoňlar, rus goşunlary Zaporižýadaky ýadro elektrik desgalaryna duwlanyp, dünýä ýadro hadysalary bilen dowul salýarlar” diýip, Ýermak twitterde aýtdy.

Russiýa Marhanets şäherine edilen hüjüm baradaky aýyplamalara hiç hili düşündiriş bermedi, ýöne ukrain tarapynyň aýdanlary hem garaşsyz ýagdaýda tassyklanyp bilinmedi.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski Russiýanyň Marhanetse atan toplaryna Kiýewiň hökman gaýtawul berjekdigini aýtdy. Ol 10-njy awgustda eden gijeki wideo ýüzlenmesinde Ukraina şu günki günde Dnipropetrowsk sebitine atylýan rus toplaryny jogapsyz galdyrmaz diýdi.

Moskwa özüniň parahat ilaty bilkastdan nyşana almaýandygyny aýdýar.

Wenada Eýranyň ýadro şertnamasyny dikeltmek baradaky gepleşiklere wekilçilik edýän rus ilçisi Mihail Ulýanow 10-njy awgustda "Rossiýa-24" teleýaýlymyna beren interwýusynda Ukrainanyň bu elektrik stansiýasynyň ruslar tarapyndan minalanandygy barada aýdýan szöleriniň ýalandygyny aýtdy.

BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterriş 8-nji awgustda halkara gözegçileriniň Zaporižýadaky ýadro desgasyna baryp görmegine ygtyýar berilmegine çagyrdy. Guterriş bu desgadaky howpsuzlyk ýagdaýlaryna gaty çynlakaý alada bildirdi.

"Ýadro desgasyna edilen islendik hüjüm öz janyňa kast etmek bilen barabar" diýip, Guterriş aýtdy.

Şu aralykda Russiýanyň Krymdaky harby howa bazasynda bolan weýrançylygyň hemra suratlary elýeterli boldy.

Rus harby howa basazynyň hemra suraty

10-awgustda çap edilen hemra şekilleri Ukrainanyň anneksiýa edilen Krym ýarym adasyndaky rus howa bazasynda 9-njy awgustda bolan partlamalaryň döreden uly weýrançylygyny görkezýär.

Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň “Planet Labs” tarapyndan çap edilen suratlardan ozalky we soňky şekilleri seljermek arkaly gelen netijesine görä, Russiýanyň Harby deňiz güýçleriniň Nowofedoriwka obasynyň golaýyndaky “Saki” howa bazasy azyndan dokuz sany harby uçaryny, şol sanda SU-30SM söweş uçarlaryny we SU-24M bombaçylaryny ýitirdi.

Bazada ok-däri saklanylan binalaryň hem birnäçesi ýykylyp, weýran edildi. Russiýa Krymyň günbatar tarapynda ýerleşýän “Saki” howa bazasyny 24-nji fewralda bu ýurda çozup gireli bäri Ukrainanyň territoriýasyna yzygiderli howa zarbalaryny urmak üçin ulanýardy.

Ady aýdylmadyk ukrain resmileriniň ABŞ habar beriş serişdelerine beren maglumatyna görä, bu partlamalaryň jogapkärçiligi Ukrainanyň ýaragly güýçlerine degişli, ýöne olar şundan başga goşmaça maglumat bermändir.

Russiýanyň Goranmak ministrligi bu partlamalary "ýangyn howpsuzlygy talaplarynyň bozulmagy" bilen düşündirdi we harby baza daşardan hüjüm edilendigini ret etdi.

Emma muňa garamazdan, 10-njy awgustdaky emeli hemra suratlary bu bazanyň içinde birmeňzeş ölçegdäki birnäçe çukuryň şekilini görkezýär we olar bu ýere howa zarbalarynyň urlandygyny aňladýar.

Harby analitikler bu weýrançylygy Russiýa üçin uly zarba we Ukraina üçin psihologiki ýeňiş diýip häsiýetlendirdiler.

Soňky çykan habarlara görä, şu aralykda Belarusdaky harby howa menziliniň golaýynda hem birnäçe partlama boldy, ukrain häkimiýetleri bu ýeriň rus howa güýçleri tarapyndan Ukraina hüjüm etmek üçin ulanylandygyny aýdýarlar.